Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Awaza” ýerli syýahatçylary sebitden kowup, halkara çärelere taýýarlyk görýär


Awazada bir maslahatlar merkezi. Illýustrasiýa suraty.
Awazada bir maslahatlar merkezi. Illýustrasiýa suraty.

Şu günler Türkmenbaşynyň polisiýasy şäheri we “Awaza” syýahatçylyk zolagyny ýerli syýahatçylardan arassalaýar.  Galyberse-de, ýurduň beýleki sebitlerinden baryp, Türkmenbaşyda işleýän ýaşaýjylar wagtlaýyn Balkanabat şäherine ugradylýar.

Azatlygyň habarçylarynyň maglumatlaryna görä, bu çäreler iki ýagdaý bilen ilteşdirilýär. Birinjiden, öňümizdäki günlerde “Awazada” halkara sammit geçiriler. Ikinjiden, prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýakyn töwereginiň hem-de ýokary derejeli resmileriň maşgala agzalarynyň şu günler “Awazada” dynç alýandyklary barada maglumatlar bar. Habarçymyzyň sözlerine görä, ýerli syýahatçylar şu iki ýagdaý bilen baglylykda Türkmenbaşydan çykarylýar.

“Bu çäreler Awazada geçiriljek sammit bilen baglanyşdyrylýar. Emma häzirki wagtda prezidentiň maşgalasynyň, agtyklarynyň, gyzlarynyň we gelniniň prezidentiň “Awazadaky” residensiýasynda dynç alýandyklary barada habarlar bar” diýip, ýagdaýdan habarly çeşme Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

“Şol sebäpden ‘Kenar’ bazaryna hem adamlary goýbermeýärler. Sebäbi Berdimuhamedowyň ýakynlary bazarlara aýlanýar. Häzir prezidentiň ýakynlary dört sany ak reňkli, ähli aýnalary garaldylan, döwlet belgisi ýok ulaglarda Türkmenbaşynyň köçelerinden geçenlerinde köçeler ýapylýar, adamlaryň hereketi çäklendirilýär. Şeýle-de, häzir “Awazada” türkmen wise-premýerleriniň hem maşgala agzalary we çagalary dynç alýarlar” diýip, çeşme maglumatynyň üstüni ýetirdi.

Garaşsyz turkmen.news neşiri Türkmenbaşydaky başagaýlyk barada 31-nji iýulda habar berdi.

“Hazar” myhmanhanasynyň bir işgäri otelde galýan myhmanlaryň hiç hili düşündiriş berilmezden otelden çykarylandyklaryny neşire gürrüň berdi.

turkmen.news 31-nji iýula çenli tassyk bolmadyk maglumatlara salgylanyp, dynç alyş zolagyndaky ähli myhmanlaryň öýlerine ugradylandygyny habar berdi.

Türkmenistanyň döwlet metbugaty “Awazada” awgust aýynda geçiriljek halkara çäreler barada habar berýär.

17-nji iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde türkmen hökümeti öňümizdäki günlerde ýurduň çäginde geçiriljek halkara maslahatlary ara alyp maslahatlaşdy.

Maglumata görä, 6-njy awgustda “Awazada” Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy, Merkezi Aziýa döwletleriniň zenanlarynyň dialogy, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysady forumy we bu çäreleriň gapdalyndan medeni çäreler, şol sanda medeniýet we sungat işgärleriniň gatnaşmagynda konsert geçiriler.

Döwlet metbugaty 6-njy awgustda “Awazada” alty sany halkara çäräniň geçiriljekdigini habar berýär.

Şeýle-de, maglumata görä, bu çäreleriň yz ýany, 2021-nji ýylyň aýagyna çenli sebitde Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň hem-de Türkiýäniň döwlet baştutanlarynyň sammitini, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji forumyny hem-de Hazarýaka döwletleriniň baştutanlarynyň 6-njy duşuşygyny geçirmek göz öňünde tutulýar.

Türkmenistan we Azerbaýjan şu ýylyň başlarynda iki ýurduň arasyndaky dawaly ýangyç känini, “Dostluk” uglewodorod ýatagyny bilelikde özleşdirmek boýunça ylalaşdy.

Türkiýäniň döwlet baştutany Rejep Taýýip Erdogan 2015-nji ýyldan bäri Türkmenistana sapar etmäge synanyşýar, ýöne bu heniz başa barmady.

Hazarýaka döwletleriniň baştutanlary 2018-nji ýylyň awgustynda Hazaryň hukuk durumy boýunça ylalaşyk gazandy.

“Awazada” geçirilmegi göz öňünde tutulýan halkara çäreler Türkmenistanda indi birnäçe ýyl bäri dowam edýän ykdysady krizisiň barha çuňlaşyp, häkimiýetleriň ýurtda koronawirus pandemiýasyny tutanýerlilik bilen inkär edýän wagtyna hem-de Merkezi Aziýa sebitiniň günorta goňşusy Owganystanda howpsuzlyk şertleriniň ýaramazlaşýan wagtlaryna gabat gelýär.

Türkmen hökümeti ýurduň çäginde geçirilýän halkara çäreleri özüniň “halkara abraýynyň ykrarnamasy” hökmünde wagyz etmäge synanyşýar.

Ýöne ynsan hukuklaryny goraýjy halkara guramalar türkmen hökümetini öz ilatyna basyş etmekde, ýurt raýatlaryny esasy azatlyklardan gözçykgynç mahrum etmekde yzygiderli tankyt edýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG