Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Erdogan Türkmenistana meýilleşdiren saparynyň wagtyny yza süýşürdi


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow (çepde) bilen Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýýip Erdogan. Arhiw suraty.
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow (çepde) bilen Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýýip Erdogan. Arhiw suraty.

5-nji awgustda Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýýip Erdogan bilen Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Söhbetdeşligiň dowamynda Erdogan Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň döwlet baştutanlarynyň awgust aýynda Türkmenistanda geçirmegi meýilleşdiren sammitiniň wagtyny yza süýşürmegi teklip etdi. Şeýlelikde, Erdogan Türkmenistana meýilleşdiren saparynyň wagtyny yza süýşürdi. Bu barada Türkmenistanyň döwlet telewideniýesiniň “Watan habarlary” gepleşigi habar berýär.

Döwlet telewideniýesine görä, Erdogan Türkmenistana etjek saparynyň wagtynyň yza süýşürilmegini Türkiýede köp sanly adam pidalaryna, şikes ýetmelere we weýrançylyklara getiren giň möçberli tokaý ýangynlarynyň netijesinde ýurtda emele gelen çylşyrymly ýagdaýlar bilen esaslandyrdy.

Berdimuhamedow Erdoganyň bu teklibini düşünmek bilen kabul edipdir.

Türkmenistanyň, Türkiýäniň we Azerbaýjanyň döwlet baştutanlary awgust aýynyň dowamynda "Awazada" sammit geçirmegi meýilleşdirýärdi.

TDH-nyň habaryna görä, döwlet baştutanlary telefon söhbetdeşliginiň dowamynda türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşypdyrlar.

Türk prezidentiniň Türkmenistana amala aşyrmagy meýilleşdiren saparynyň wagtyny yza süýşürmegi 1-nji awgustda Türkmenistanyň Stambuldaky konsulhanasynda türkmen diplomatlarynyň bir türkmen aktiwistini ýençmeginiň yz ýanyna gabat geldi.

Bu barada düýbi Bolgariýada ýerleşýän ynsan hukularyny goraýjy "Türkmen Helsinki fondy" beýanat çap etdi.

1-nji awgustda Türkmenistanyň Stambuldaky wekilhanasynyň öňünde türkmen aktiwistleri Gurbanguly Berdimuhamedowyň awtoritar syýasatyna garşy protest geçirmäge synanyşdy.

Ynsan hukuklaryny goraýjy guramanyň beýanatyna görä, prtoteste gatnaşmak üçin türkmen konsulhanasynyň öňüne baran 10 aktiwist türk polisiýasy tarapyndan tussag edildi.

Beýanata görä, türkmen aktiwistleriniň hatarynda blogçy Farhad Durdyýew aldaw ýoly bilen Türkmenistanyň konsulhanasynyň binasyna alnyp gidildi, ol ýerde birnäçe sagatlap bikanun saklandy we bäş wekilhana işgäri, şol sanda üç diplomat tarapyndan urlup ýenjildi; lukmanlar urup ýençmeleriň netijesinde Durdyýewiň gapyrgasynyň döwülendigini çakladylar.

Blogçy türk polisiýasynyň ara girmegi bilen konsulhanadan çykarylypdyr.

Bu aralykda, konsulhananyň öňüne ýygnanyşan aktiwistler “türkmen režiminiň hakyna tutma tarapdarlarynyň” hüjümine sezewar boldular.

“Türkmenistanyň hronikasy” neşiriniň 5-nji awgustda habar bermegine görä, türkmen konsulhanasynda diplomatlar tarapyndan ýenjilen Durdyýew Türkiýäniň içeri işler ministri Süleýman Soýlu bilen telefonda gürleşipdir we türk ministri özüniň ýakyn günlerde Durdyýew bilen duşuşjakdygyny aýdypdyr. Galyberse-de, Soýlu tussag edilen ähli aktiwistleriň boşadyljakdygyny aýdypdyr.

Stambuldaky türkmen wekilhanasynda bolan zorluk Türkiýede ýerleşýän daşary ýurt wekilhanalarynda hasaba alnan ilkinji zorluk hadysasy däl.

Ýatlasak, 2018-nji ýylda Saud Arabystanynyň Stambuldaky wekilhanasynda žurnalist Jamal Haşogginiň ganhorlyk bilen öldürilmeginiň arap häkimiýetleri bilen ilteşigi subut edildi.

Bu wakadan soň, synçylara görä, türk häkimiýetleri Türkiýedäki daşary ýurt wekilhanalarynyň territoriýasynda ýüz urulýan bikanun hereketlere örän hüşgärlik bilen çemeleşýärler.

Erdoganyň Türkmenistana amala aşyrmagy meýilleşdiren saparynyň wagtyny yza süýşürmegi Türkmenistanyň Stambuldaky wekilhanasynda geçen hepdäniň ahyrynda bolan wakanyň yz ýanyna gabat geldi.

Galyberse-de, protestiň geçirilen gününiň, 1-nji awgustyň dynç güni bolandygyna garamazdan, türkmen diplomatlarynyň konsulhanada bolmagy synçylaryň ünsüni çekdi.

Azatlyk Radiosy 1-nji awgust wakalary boýunça Türkmenistanyň Stambuldaky konsulhanasyndan kommentariýa alyp bilmeýär.

Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýýip Erdogan soňky sapar 2015-nji ýylyň dekabrynda Türkmenistana sapar etdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG