Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýolötende "ysy prezidentiň burnuna ýakmaýan" kükürt güýçli depginde arassalanýar


Türkmenistandaky zawodlaryň biri. Arhiwden alnan illýustrasiýa suraty
Türkmenistandaky zawodlaryň biri. Arhiwden alnan illýustrasiýa suraty

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Mary welaýatyna etmegine garaşylýan sapary bilen baglanyşykly Ýolöten etrabynda taýýarlyk çäreleri güýçli depginde dowam edýär. Etrabyň gaz zawodyndaky kükürt gyssagly arassalanýar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy sebitden maglumat berýär.

Şu günler Ýolöteniň edara-kärhanalarynda, köçelerinde we ekin meýdanlarynda arassaçylyk hem-de abadanlaşdyryş işleri geçirilýär. Habarçymyz bilen söhbetdeş bolan býujet işgärleriniň sözlerine görä, edara ýolbaşçylary bu işleriň prezidentiň etraba etjek saparyna görülýän taýýarlyklar bilen baglanyşyklydygyny aýdýarlar.

Bu işlere jemagat hojalygy edaralarynyň işgärleri bilen bir hatarda, býujetçiler mejbury çekilýär. Şeýle-de, bu taýýarlyklaryň çäginde etrabyň tas ähli edara-kärhanalarynyň daşky diwarlary reňklenýär. Köçeler hlorly suw bilen ýuwulýar.

"Hloryň ysy gaty güýçli. Köp adamyň muňa ýüregi bulanýar" diýip, efirde adynyň tutulmazlygyny soran ýerli ýaşaýjy habarçymyza gürrüň berdi.

Ýatlatsak, şu hepdäniň başynda Marydaky habarçymyz şäherde köpçülikleýin ýowaryň geçirilýändigini we munuň Berdimuhamedowyň awgustyň 17-20-si aralygynda welaýata etmegine garaşylýan sapary bilen baglanyşyklydygyny habar berdi.

Şeýle-de, habarçymyz prezidentiň welaýata etjek saparynyň çäginde Ýolötene hem baryp görmegine garaşylýandygyny, şol sebäpli bu etrabyň ýol ugrundaky potrat ýerleriniň arassalanýandygyny we edara-kärhanalaryň üçekleriniň ýaşyl reňke boýalýandygyny aýtdy.

Ýolötendäki habarçymyz şu günler etrabyň gaz zawodynda hem arassaçylyk we abatlaýyş işleriniň geçirilýändigini belläp, bu ýerde kükürt ýüklemek işleriniň güýçli depginde alnyp barylýandygyny aýdýar.

Onuň sözlerine görä, bu işler üçin Mary welaýatynyň gaz edaralarynyň ählisinden işgärler getirildi. Habarçymyz bilen anonimlik şertinde söhbetdeş bolan işgärler zawodda kükürdiň gaty kändigini, olaryň haltalara salnyp, soňra-da otla ýüklenip alnyp gidilýändigini aýdýarlar.

Işgärler irden sagat 6-da işe çykarylýar. Olar günortan sagat 12:00-den 13:00-a çenli arakesme berip, soňra sagat 19:30-a çenli ýene işlemeli bolýarlar. Işgärler özleriniň talaba laýyk geýim we gorag maskalary bilen üpjün edilmeýändiklerini, şol sebäpli öz saglyklaryna uly zyýan ýetýändigini aýdýarlar.

"Kükürt ýüklemäne diňe ýaşlar däl, ýaşulularam çekilýär. Adamlar kükürdiň ysyna çydaman, aşgazanlary agyrýar, işdäleri tutulýar. Käbir işgärler ögäp, ýaraman ýatýar. Olaryň gözleri hem ýaşarýar" diýip, işgärleriň biri habarçymyza gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, saglygy ýaramazlaşyp işe çykyp bilmeýän işgärlerden düşündiriş ýazmak talap edilýär. Käbir işgärler bu ýagdaýlara çydaman, dynç alşa ýa-da saglygyna seretdirmek üçin iş rugsadyna çykmak isleýändiklerini aýdýarlar. Ýöne edara ýolbaşçylary olara işden çykaryljakdygy barada haýbat atýar.

"Käbir adamlar onda işden çykaraýyň diýip gidýär. Ýöne köp adam uly bergide bolup, häzirki wagtda iş tapmagyň hem kyndygy sebäpli agyr işe çydamaly bolýarlar" diýip, işgär belledi.

Edara ýolbaşçylary kükürt ýüklemek işleriniň güýçli depginde alnyp barylmagynyň sebäplerini "prezidentiň kükürdiň ysyna bolmaýandygy" bilen düşündirýärler.

"Prezident haçan sebitlere gelse, şol welaýatyň ýaşaýjylaryny gaty kösençli ýagdaýa salýar. Prezidentiň burnuna kükürdiň ysy gelmeli däl, ýaşaýjylar ot ýakmaly däl, tüsse çykmaly däl. Biz bolsa şol kükürdiň içine bilden aşagymyzy salyp ýükleýäris. Biz öz jübümizden çykdajy edip, iýip içýäris" diýip, işgär aýtdy.

Azatlyk bu aýdylanlar we prezidentiň welaýata etmegine garaşylýan sapary barada Mary welaýat hem-de Ýolöten etrap häkimliklerinden, şeýle-de, gaz zawodyndan goşmaça maglumat alyp bilmedi. Prezidentiň sapary barada döwlet metbugatynda hem häzirlikçe hiç hili maglumat berilmeýär.

Ýöne Türkmenistanda adatça prezidentiň ýurduň sebitlerine edýän saparynyň öňüsyrasynda onuň baryp görjek ýerlerinde adatdan daşary arassaçylyk we abatlaýyş işleri geçirilýär. Bu işlere jemagat hojalygy edaralarynyň işgärleri bilen bir hatarda, býujet işgärleri mejbury çekilýär.

Berdimuhamedow iýul aýynda Daşoguz we Balkan welaýatlarynda iş saparynda bolup, şu günki gün "Awaza" syýahatçylyk zolagynda geçirilýän halkara çärelere gatnaşýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG