Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Awazada" we Türkmenbaşyda adaty durmuş togtady


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

"Awaza" syýahatçylyk zolagynda halkara çäreleriň geçirilmegine bir gün galanda, türkmen häkimiýetleriniň bulara görýän taýýarlyklary ýönekeý ilatyň gündelik durmuşynda bökdençlikleri döretmegi dowam etdirýär.

Habarçymyzyň maglumatlaryna görä, Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde adaty durmuş togtady. Ähli zawodlaryň we edara-kärhanalaryň işi duruzyldy. Şäheriň kommunal edarasy hem gije sagat 12-den irden sagat 6-a çenli işleýär.

5-6-njy awgust aralygynda Türkmenbaşynyň esasy köçeleriniň ugrunda ýerleşýän jaýlaryň äpişgelerini açmak gadagan edildi. Şeýle-de, bu günlerde jemgyýetçilik awtobus gatnawlary we taksi hereketi togtadyldy.

Habarçymyzyň maglumatyna görä, häzir döwlet eýeçiligindäki, sary reňkdäki taksileriň hem ýola çykmagy gadagan edildi.

"Sebäbi bu taksiler 2008-2011-nji ýyllarda satyn alnan "Hyundai" kärhanasynyň ulaglary bolup, ýolbaşçylar bularyň könedigini belläp, myhmanlaryň gelýän günleri döwlet taksileriniň köçede görünmeli däldigini aýtdylar" diýip, ýagdaýdan habarly bir çeşme habarçymyza gürrüň berdi.

"Awazada" we Türkmenbaşynyň bazardyr söwda merkezlerinde "emeli azyk bolçulygy" hem döredildi. Habarçymyz bu azyk harytlarynyň bahalarynyň gymmatdygyny we ýönekeý ilatyň olary satyn almaga mümkinçiliginiň ýokdugyny belleýär.

Halkara çärelere görülýän taýýarlyklaryň ýönekeý ilata ýetirýän täsileri barada garaşsyz turkmen.news neşiri hem habar berýär.

Neşiriň 4-nji awgustda çap eden habaryna görä, hiç hili düşündiriş berilmezden, goş-golamlary bilen myhmanhanalardan çykarylan ýüzlerçe ýerli syýahatçy taksi nyrhlarynyň we jaý kireýleriniň telim esse gymmatlamagy bilen ýüzbe-ýüz bolýar.

3-nji awgustda habarçymyz “Awazadaky” myhmanhanalaryň ýerli syýahatçylardan arassalanýandygyny, ýurduň beýleki sebitlerinden baryp, Türkmenbaşyda işleýän ýaşaýjylaryň wagtlaýyn Balkanabada ugradylýandygyny habar berdi.

turkmen.news neşiri öz çeşmelerine salgylanyp, häkimiýetleriň bu çäresinden soň ýurduň beýleki sebitlerine goşmaça uçar reýsleriniň guramalaşdyrylmandygyny aýdýar. Bu bolsa taski nyrhlarynyň telim esse gymmatlamagyna getirdi.

Şeýle-de, neşir garaşylmadyk ýagdaýda myhmanhanalardan çykarylan käbir syýahatçylaryň wagtlaýyn Balkanabada ýerleşmeli bolandygyny, munuň bolsa şäherdäki jaý kireýleriniň dessine tas üç esse gymmatlamagyna getirendigini aýdýar.

"Biz yaňy-ýakynda ýerli ýaşaýjylaryň bir gije-gündizine 300-400 manada kireýine berýän kwartiralaryna ýapyşdyk. Ýöne bular-da 900, hatda 1000 manada çenli gymmatlapdyr" diýip, neşir lebaply syýahatçynyň sözlerini sitirledi.

"Awazadaky" taýýarlyklar diňe ýerli syýahatçylara däl, eýse Türkmenbaşynyň we onuň töweregindäki sebitleriň ýaşaýjylaryna hem ýaramaz täsir ýetirýär.

Neşiriň maglumatyna görä, iýulyň ahyryndan bäri ýaşaýjylaryň her gün şähere girip-çykmagy çäklendirilýär. Iş üçin Türkmenbaşydan gidýän ýaşaýjylar öýlerine gaýdyp gelmek üçin ýolda birnäçe sagat garaşmaly bolýarlar.

Türkmenistanyň döwlet metbugaty 6-njy awgustda “Awazada” alty sany halkara çäräniň geçiriljekdigini habar berýär. Olaryň arasynda Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy, Merkezi Aziýa döwletleriniň zenanlarynyň dialogy weMerkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysady forumy ýaly çäreler bar.

Bu çärelere görülýän taýýarlyklar barada soňky hepdelerde hökümet maslahaty derejesinde gürrüň gozgaldy.

18-nji iýulda geçirilen hökümet maslahatynda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow çäreler "Türkmenistanyň Merkezi Aziýada halkara maslahatlaryň geçirilýän ýurdy hökmünde eýeleýän ornunyň barha pugtalanýandygyny görkezýär" diýdi.

Ýöne türkmen häkimiýetleri we resmi metbugat adatça bolşy ýaly ýurtda geçiriljek halkara çärelere görülýän taýýarlyklaryň çäginde ýönekeý ilata garşy girizilýän näresmi çäklendirmeler barada hiç zat aýtmaýarlar. Bu çäklendirmeleriň ilata ýetirýän täsirleri barada-da mesele gozgalmaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG