Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Öňki gyrgyz prezidenti Akaýew 'Kumtor' 'ýalňyşlyklary' boýun aldy


Askar Akaýew

Gyrgyzystanyň ozalky prezidenti Askar Akaýew Gyrgyzystana eden bir hepdelik saparyndan soň 8-nji awgustda Moskwa dolandy. Saparynyň dowamynda ol "Kumtor" altyn käniniň taslamasy bilen baglanyşykly korrupsiýa barada häkimiýetler tarapyndan sorag edildi.

Akaýew 2005-nji ýylyň martynda hökümete garşy protestleriň dowamynda ýurtdan kowulandan soň 2-nji awgustda ilkinji gezek Bişkege sapar etdi we žurnalistler bilen söhbetdeş bolup, özüniň Milli Howpsuzlyk Döwlet Komiteti (UKMK) tarapyndan dünýäniň iň uly altyn känlerinden biri bolan "Kumtor" boýunça geçirilýän derňewleriň çäginde sorag edilendigini aýtdy.

"Kumtor" ençeme ýyl bäri maliýe we daşky gurşaw boýunça düşünişmezlikleriň nyşany bolup gelýär we häzirki wagtda Gyrgyzystanyň döwleti we magdan operatory Kanadanyň "Centerra Gold" kompaniýasy arasyndaky dawanyň dowam etmegine sebäp bolýar.

Akaýew 8-nji awgustda eden wideo beýanatynda, Merkezi Aziýa respublikasyna saparynyň maksadynyň häkimiýetlere derňew işlerine kömek etmekdigini aýtdy.

"Kumtor bilen şertnama baglaşylaly bäri Gyrgyzystan Kanadanyň [Centerra Gold] kompaniýasynyň bähbitlerini goldaýan köp sanly karar kabul etdi we Gyrgyzystanyň bähbitlerini yzda galdyrdy" diýip, Akaýew aýtdy.

“Magdan känini Kanada tarapyna bermek karary Gyrgyzystana hiç hili girdeji getirmedi, döwlet gaznasy salgyt almady. Bu hem meniň ýalňyşlygymdy, sebäbi men şol wagt prezident bolanym üçin "Kumtor" boýunça karar edipdim" diýip, Akaýew aýtdy.

Bir aý öň Milli howpsuzlyk komitetiniň başlygy Kamçýbek Taşiýew "Kumtor" bilen bagly korrupsiýa derňewiniň çäginde Akaýewiň we Gyrgyzystanyň öňki prezidenti Kurmanbek Bakiýewiň halkara derejesinde gözlenýän şahslaryň sanawyna goşulandygyny aýtdy.

Taşiýew Gyrgyzystanyň hökümetiniň halkara sudunda "Centerra Gold" kompaniýasynyň Gyrgyzystanyň ýokary derejeli resmilerine para berendigini subut etmek isleýändigini aýtdy.

Akaýew 1990-njy ýylda garaşsyz Gyrgyzystanyň ilkinji prezidenti boldy we 16 ýyl ozal "çigildem rewolýusiýasy" diýlip atlandyrylýan döwürde Orsýete gaçdy. Ol şondan soň hatda ýakyn garyndaşlarynyň jaýlanmagy üçin hem Merkezi Aziýa ýurduna gaýdyp barmakdan saklanypdy.

Bakiýew 2010-njy ýylda hökümete garşy protestleriň netijesinde häkimiýet başyndan çetleşdirileli bäri Belarusda ýaşaýar.

Ägirt "Kumtor" altyn kän taslamasy, Gyrgyzystanyň hökümetiniň täze prezidenti Sadyr Japarowyň daşky gurşaw we howpsuzlyk düzgünlerini düzetmek baradaky karary esasynda hökümetiň magdan känindäki işleri wagtlaýynça öz üstüne almagyndan bäri halkara jemgyýetçiliginiň üns merkezinde boldy.

Maý aýynda Gyrgyzystanyň hökümeti Gyrgyzystanda konsessiýa şertnamasy boýunça işleýän islendik kompaniýanyň üç aýa çenli gözegçilik astynda saklanmagyna rugsat berýän kanuny tassyklady. Muňa kompaniýanyň alyp barýan işi daşky gurşaw kadalaryny bozýar, ýerli gurşawa ýa-da adamlaryň durmuşyna howp salýar diýlip, hasaplanmagy esas bolup bilýär.

"Centerra Gold" Gyrgyzystanyň hereketlerini "nädogry we bikanun" diýip atlandyrdy we iýul aýynda "Kumtor" boýunça hökümete garşy goşmaça sud talaplaryny öňe sürendigini aýtdy.

Soňky aýlarda Gyrgyzystanyň häkimiýetleri bu iş bilen baglanyşykly birnäçe öňki resmileri we häzirki kanun çykaryjylary tussag etdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG