Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Kanadaly kompaniýa gyrgyz hökümetiniň "Kumtor" altyn känini ele salmagyna garşy göreşjegini aýdýar


"Kumtor" altyn käni, Gyrgyzystan

Gyrgyzystanyň ägirt "Kumtor" altyn känini dolandyrýan Kanadanyň "Centera Gold" kompaniýasy, Gyrgyzystanyň hökümetiniň magdan känini wagtlaýyn ele salmagyna jogap hökmünde kompaniýanyň we maýadarlarynyň bähbitlerini goramak üçin kanuny çäreleri görendigini aýtdy.

Ägirt "Kumtor" altyn käniniň daşyndaky ýagdaý gyrgyz hökümetiň magdan känindäki işleri wagtlaýynça öz eline almagyndan soň halkara jemgyýetçiliginiň üns merkezinde boldy. Prezident Sadyr Japarow bu ädim daşky gurşaw we howpsuzlyk düzgünlerini düzetmek üçin zerur diýip, düşündirdi.

31-nji maýda giçlik eden beýanatynda "Centera" Gyrgyzystandaky golçur kärhanalary "Kumtor Gold Company" (KGC) we "Kumtor Operating Company" (KOC) kompaniýalarynyň ABŞ-nyň Bankrot kodeksiniň 11-nji babyna laýyklykda Nýu-Ýorkda bankrot bolmak üçin ýüz tutandyklaryny habar berdi.

"Centera" bu beýannamada "beýleki zatlar bilen bir hatarda KGC we KOC kärhanalaryna garşy bildirilýän ähli talaplaryň bütin dünýäde awtomatiki ýagdaýda saklanmagynyň üpjün edilýändigini" we "Gyrgyzystanyň hökümeti bilen bolup biljek gepleşikleri ýeňilleşdirmegi" maksat edinýändigini aýtdy.

14-nji maýda tassyklanan täze kanuna görä, Gyrgyzystanda konsessiýa şertnamasy boýunça işleýän islendik kompaniýa daşky gurşaw kadalaryny bozsa, ýerli gurşawa ýa-da adamlaryň durmuşyna howp salýan bolsa, hökümet ony üç aýa çenli öz gözegçiligine alyp bilýär.

Gyrgyzystanyň döwlet komissiýasynyň "Kumtor" känindäki bidüzgünçilikleri derňeýän toparynyň başlygy "Centera Gold" kompaniýasyna magdan känini işlemekde ýeňillik bermek baradaky şertnamanyň ýatyrylmalydygyny we munuň "korrupsiýa" hem "howpsuzlygy we daşky gurşaw düzgünlerini bozmak" bilen baglydygyny 17-nji maýda aýtdy.

Şol bir wagtyň özünde Gyrgyzystanyň sudy "Kumtor Gold Company" kärhanasyna kände işlenilen galyndylaryň deňiz derejesinden 4000 metr beýiklikde ýerleşýän golaýdaky buzluklara taşlanmagy üçin 3 milliard dollar möçberde jerime töletdi. Döwlet komissiýasy bolsa, ýakynda bu kompaniýanyň tölemedik salgytlarynyň 1 milliard dollardan gowrak bolandygyny öňe sürdi.

Soňky wakalary göz öňünde tutup, Torontoda ýerleşýän kompaniýa gyrgyz häkimiýetleriniň soňky ädimlerinden soň KGC we KOC kärhanalardaky eýeçiligini "strategiki taýdan gözden geçirilýändigini" öz beýanatynda mälim etdi.

Gyrgyzystanyň iň uly salgyt töleýjisi bolan "Kumtor Gold Company" (KGC), öňki sowet respublikasynda konsessiýa şertnamasy esasynda işleýän ýeke-täk kärhana boldy.

"Centera Gold" Gyrgyzystanyň hereketlerini "nädogry we bikanun" diýip atlandyrdy. 16-njy maýda Kanadanyň firmasy "hökümet bilen köpden bäri dowam edýän maýa goýum şertnamalarynda öz hukuklaryny ýerine ýetirmek üçin hökmany arbitraža başlandygyny" aýtdy.

Şeýle-de kompaniýa Gyrgyzystanyň kanun goraýjy edaralaryny ýokary derejeli işgärleri gorkuzmakda, olaryň öýlerine barmakda we 15-nji maýda "Kumtor Gold Company" kärhanasynyň Bişkekdäki ofisine reýd geçirmekde aýyplady.

2020-nji ýylyň oktýabr aýynda syýasy krizisiň dowamynda türmeden boşadylan Japarowyň duýdansyz güýçlenmegi "Centera Gold" kompaniýasy üçin erbet habar boldy.

Japarow soňky onýyllykda oppozisiýa syýasatçysy hökmünde Mejlisde we köçe çykyşlarynda altyn känini millileşdirmek üçin şowsuz hereketleri alyp bardy.

Ol bu kompaniýa garşy birnäçe gapma-garşylykly ýörişe, şol sanda welaýat häkiminiň alnyp gaçylmagyna getiren 2013-nji ýylyň ýörişine ýolbaşçylyk etdi. Bu ýagdaý Japarowyň 2017-nji ýylda tussag edilmegine we adamy zamun almakda aýyplanyp, 11 ýyl azatlykdan mahrum edilmegine sebäp boldy.

31-nji maýda Gyrgyzystanyň öňki premýer-ministri Omurbek Babanow proýektiň işlenip düzülmegindäki korrupsiýa boýunça derňewiň çäginde tussag edildi. Babanow geçen ýylda hökümetiň agdarylmagyndan we öňki prezident Sooronbaý Jeenbekowyň işinden aýrylmagyndan soň premýer-ministr wezipesine dalaş edip, Japarowa garşydaş bolupdy.

Kanada, Britaniýa we Ýewropanyň Dikeldiş we Ösüş Banky (EBRD) Gyrgyzystanyň "Centera Gold" kompaniýasyna garşy alyp barýan hereketlerini tankytlady.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG