Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyzystanyň öňki prezidenti Akaýew ýurduna dolandy we 'Kumtor' boýunça soraga çekildi


Gyrgyzystanyň ilkinji prezidenti Askar Akaýew Gyrgyzystana dolandy
Gyrgyzystanyň ilkinji prezidenti Askar Akaýew Gyrgyzystana dolandy

Garaşsyz Gyrgyzystanyň ilkinji prezidenti wezipesinden çekilenden soň Russiýada ýaşan Askar Akaýew Bişkege dolandy we dünýäniň iň uly altyn känleriniň birine degişli güman edilýän korrupsiýa bilen baglanyşykly geçirilýän derňewde sorag edildi.

Askar Akaýewiň bu sapary 2005-nji ýylda demokratiýa ugrundaky parahatçylykly ýörişlerden gaçyp ýurtdan gideli bäri Gyrgyzystana ilkinji gezek baryşydyr.

Akaýew baran badyna dessine Gyrgyzystanyň Milli Howpsuzlyk Döwlet Komitetine (UNMK) äkidildi. Soragdan soň Akaew Milli Howpsuzlyk Döwlet Komitetiniň daşynda duran žurnalistler bilen gepleşip, öz dogduk mekanyna gaýdyp gelendigine örän şatdygyny aýtdy we prezident Sadyr Japarowa Bişkege barmaga rugsat berenligi üçin minnetdarlyk bildirdi.

Akaýew derňewiň henizem dowam edýändigini aýdyp, derňewe we özüne berlen soraglara degişli jikme-jik maglumat bermekden saklandy. Akaýew "hökümete derňewler we ýurdumyzyň mundan beýläk-de ösmegi üçin kömek etmek üçin geldim" -diýdi.

Şeýle-de, Akaýew Gyrgyzystanyň prezidenti bolan döwründe "käbir ýalňyşlyklaryň bolup bilendigini" aýtdy.

"Kumtor" ençeme ýyl bäri maliýe we daşky gurşaw boýunça talaplar bilen bagly gapma-garşylyklaryň nyşanyna öwrüldi we häzirki wagtda Gyrgyzystan döwleti magdan operatory Kanadanyň “Centerra Gold” kompaniýasy bilen kärhana gözegçilik etmek ugrunda göreş alyp barýar.

Milli Howpsuzlyk Döwlet Komitetiniň başlygy Kamçybek Taşiýew 8-nji iýulda "Kumtor" boýunça korrupsiýa derňewiniň çäginde Akaýewiň we Gyrgyzystanyň öňki prezidenti Kurmanbek Bakiýewiň halkara gözleg sanawyna goşulandygyny aýtdy.

Taşiýew Gyrgyzystanyň hökümetiniň halkara kazyýetinde "Centerra Gold" kompaniýasynyň Gyrgyzystanyň ýokary derejeli resmilerine para töländigini subut etmek isleýändigini aýtdy.

Akaýew 2005-nji ýylda "çigildem rewolýusiýasy" diýlip atlandyrylan döwürde Russiýa gaçypdy.

Bakiýew 2010-njy ýylda hökümete garşy protestleriň netijesinde döwlet başyndan agdarylandan bäri Belarusda ýaşaýar.

Ägirt "Kumtor" altyn proýekti Gyrgyzystanyň täze hökümetiniň magdan känindäki işleri wagtlaýynça öz eline geçirmek karary bilen baglylykda halkara jemgyýetçiliginiň üns merkezine düşdi. Prezident Japarow bu ädimiň daşky gurşaw we howpsuzlyk düzgünlerini düzetmek üçin zerurdygyny aýtdy.

Maý aýynda Gyrgyzystanyň hökümeti Gyrgyzystanda konsessiýa şertnamasy boýunça işleýän islendik kompaniýanyň üç aýa çenli gözegçilik astynda saklanmagyna rugsat berýän kanuny tassyklady. Bu daşky gurşaw kadalary bozan, daşky gurşawa ýa-da adamlaryň durmuşyna howp salýan ýa-da başga bir möhüm sebäpden zyýanly hasaplanan kompaniýa degişli.

"Centerra Gold" Gyrgyzystanyň hereketlerini "nädogry we bikanun" diýip atlandyrdy we "Kumtor' boýunça hökümete garşy goşmaça talaplaryny suda berendigini iýul aýynda aýtdy.

Soňky aýlarda Gyrgyzystanyň häkimiýetleri bu iş bilen baglanyşykly birnäçe öňki resmileri we häzirki kanun çykaryjylary tussag etdi.

Akaýew 1990-2005-nji ýyllar aralygynda prezident bolupdy, ýöne gideninden bäri hatda ýakyn garyndaşlarynyň jaýlanmagy üçin hem Gyrgyzystana gaýdyp barmakdan saklanypdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG