Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

“Talyban” bir hepdeden hem az wagtyň dowamynda alty welaýat merkezini gola saldy


“Talybanyň” üç welaýat merkezinde gözegçiligi ele geçirmegi bilen, jeňçileriň doly ýa-da tas doly gözegçiligi ele geçiren welaýat merkezleriniň jemi sany 8-nji awgustda bäşe, 9-njy awgustda alta ýetdi.

9-njy awgustda Demirgazyk Owganystanyň Balh we Tahar welaýatlarynda owgan howpsuzlyk güýçleri bilen “Talyban” jeňçileriniň arasynda aldym-berdimli söweşler barýar diýip, resmiler aýdýar.

Bir gün ozal, 8-nji awgustda “Talyban” üç welaýat merkezinde, şol sanda strategiki ähmiýete eýe bolan demirgazyk-gündogar Gunduz şäherinde gözegçiligi ele geçirdi.

Balhyň welaýat paýtagty Mazary Şerif şäheriniň golaýynda 8-nji awgustdan bäri aldym-berdimli söweşler barýar diýip, resmiler Azatlyk Radiosyna aýtdy. Olar sebite goşmaça güýç ugradylmasa, hökümet güýçlerine synmak howpunyň abanýandygyny aýtdylar.

“Mazary Şerif şäheriniň günortasynda we günorta-günbatarynda aldym-berdimli söweşler barýar. Mazary Şerif şäherini goramak üçin berk pozisiýalar döredildi. Gozgalaňçy garşylyk güýçleri, milli howpsuzlyk güýçleri, owgan goşuny we milli polisiýa güýçleri front liniýalaryny hem-de bir aý ozal döreden howpsuzlyk guşaklaryny goramakda birleşdiler” diýip, Balh welaýat häkimliginiň metbugat sekretary Munir Farhad Azatlyk Radiosyna aýtdy.

Azatlygyň sebitdäki habarçysy Şaýmerdanguly Myrady 9-njy awgustda Mazary Şerif şäherinde hökümet güýçleri bilen jeňçileriň arasynda aldym-berdimli söweşleriň barýandygyny, ýerli ilatyň şäheri terk edýändigini hem-de şäherde ýerleşýän daşary ýurt wekilhanalarynyň ýapylandygyny habar berdi:

“Mazary Şerif şäherine-de çar ýandan jeňçiler hüjüm edip başladylar. Hususan-da, Dihdadi diýlen etrap tarapdan gelip, häzir hüjüme başladylar. Aldym-berdimli uruş dowam edýär. Şonuň üçin hem Mazary Şerif şäherinden halk gaçyp çykýar. Şeýle-de, Mazary Şerif şäherinde bar bolan daşary ýurtlaryň baş konsullyklary hem ýapyldy. Ýalňyşmasam, diňe Türkmenistanyňky ýapylmady, başga özbek, gazak, gyrgyz hemme konsulhanalar ýapyldy” diýip, Myrady habar berdi.

Balh welaýaty demirgazyk-günbatarda Türkmenistan, demirgazykda Özbegistan we demirgazyk-gündogarda Täjigistan bilen serhetleşýär. “Talyban” welaýatyň gündogar goňşusy bolan Gunduz welaýatynyň merkezini 8-nji awgustda öz gol astyna geçirdi.

Balh welaýatynyň günorta-gündogarynda ýerleşýän Samangan welaýatynyň merkezi Aibek şäherine-de jeňçiler howp abandyrýar.

9-njy awgustda günüň ikinji ýarymynda Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysy Şaýmerdanguly Myrady Aibek şäheriniň synandygyny habar berdi.

8-nji awgustda “Talyban” strategiki ähmiýete eýe bolan demirgazyk-gündogar Gunduz şäheriniň ep-esli böleginde gözegçiligi ele geçirdi. Demirgazyk Takhar welaýatynyň merkezi Talekan we Sar-e Pol welaýatynyň merkezi Sar-e Pol şäherleri hem jeňçileriň gol astyna geçdi diýip, çeşmeler howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli anonim şertlerde Azatlyk Radiosyna gürrüň berdiler.

“Talybanyň” üç welaýat merkezinde gözegçiligi ele geçirmegi bilen, jeňçileriň doly ýa-da tas doly gözegçiligi ele geçiren welaýat merkezleriniň jemi sany 8-nji awgustda bäşe, 9-njy awgustda alta ýetdi. Jeňçiler 6-njy awgustda günorta-günbatar Nimroz welaýatynyň paýtagty Zaranjy we demirgazyk Jöwüzjan welaýatynyň paýtagty Şybyrgany ele geçirdi.

ABŞ ýolbaşçylygyndaky halkara harby goşunlar 1-nji maýda Owganystandan resmi taýdan yza çekilip başlaly bäri, “Talyban” jeňçileri hüjümlerine bat berdi.

375 müň ilatly Gunduz şäheri “Talybanyň” maýdan bäri ýygjamlaşdyran hüjümlerinde gözegçiligi ele geçiren iň möhüm welaýat merkezi bolmagy mümkin.

"Talyban" howpy Kunardaky maşgalalary ýowuz çöllerden gaçmaga mejbur edýär
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:41 0:00

Gunduzda hökümet güýçleri diňe aeroporta we öz harby bazalaryna gözegçilik edýän ýaly bolup görünýär, möhüm ähli hökümet binalary jeňçileriň gözegçiligindedir.

Gunduzyň esasy türmesiniň hem “Talybanyň” gözegçiligine geçendigi habar berilýär.

Ýöne, Owganystanyň Goranmak ministrligi Gunduzyň synandygyny ret etdi. Ministrlik 8-nji awgustda beren beýanatynda ýörite güýçleriň şäherde arassaçylyk operasiýalaryna girişendigini aýtdy. Şeýle-de, ministrlik şäheriň esasy ýol aýlawynyň hem-de milli telewideniýe binasynyň jeňçilerden arassalanadygyny aýtdy.

“Talybanyň” metbugat sekretary Zabihullah Mujahid Gunduzyň hökümet binalarynyň aglabasyny, şol sanda Milli howpsuzlyk müdirliginiň binasyny ele geçirendiklerini, aeroporta golaýlaýandyklaryny aýtdy.

“Aljazeera” telekanalyna beren interwýusynda ekstremist toparyň syýasy edarasynyň metbugat sekretary Kabul güýçleri bilen ot açmagy bes etmek boýunça hiç hili ylalaşygyň ýokdugyny aýtdy.

Köp sanly asuda raýat ok atyşygyň arasynda galdy. Gunduzyň saglyk resmileri 14 adamyň, şol sanda aýallaryň we çagalaryň jesetleriniň hem-de 30 ýaralynyň hassahana getirilendigini aýtdy.

“Talyban” Sar-e Pol welaýatynyň merkezi bolan Sar-e Pol şäherini hem ele geçirdi.

“Sar-e-Pol şu gün irden 3:45-de (Aşgabat wagty bilen irden 4:15-de) syndy. “Talyban” Sar-e-Pol welaýatynyň paýtagtyny basyp aldy” diýip, welaýat häkimi Abdul Hak Şafak 8-nji awgustda Azatlyk Radiosynyň Owgan gullugyna aýtdy.

Jeňçiler günorta Helmand welaýatynyň merkezi Laşkar Gahyň hem ep-esli bölegini ele geçirdi.

ABŞ-nyň Merkezi komandowaniýesi harby goşunlary yza çekmek işleriniň 95 prosent tamamlanandygyny hem-de munuň 31-nji awgusta çenli doly tamamlanjakdygyny mälim etdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG