Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hukuk goraýjylar kemsidiji synaglaryň adam gynamagyň guralyna öwrülendigini aýdýarlar


Saklanan, eline gandal salnan adam. Bezeg suraty
Saklanan, eline gandal salnan adam. Bezeg suraty

Özbegistanda häkimiýetler güman edilýän adamlara ýowuz darap, olary hökmany rektal synaglaryndan, ýogyniçege barlagyndan geçirmek praktikasyny ulanýar; Türkmenbatda gomoseksuallykda güman edilýänler tutulanda, şäherde tanymal bir dellegiň, üç çaganyň atasynyň hem saklanandygy habar berilýär.

Post-sowet döwletleriniň arasynda diňe Özbegistan we Türkmenistan şindem bir jynsly adamlaryň arasyndaky ylalaşylan jynsy gatnaşyklary gadagan edýär.

Özbek hökümeti şu ýylyň başynda gomoseksuallyga garşy kanun esasynda 2016-2020-nji ýyllar aralygynda azyndan 40 erkegiň ýazgarylandygyny boýun aldy diýip, hukuk goraýjylar aýdýar.

Halkara hukuk toparlary geçen hepde prezident Şawkat Mirziýoýewe ýüz tutup, onuň resmilere gomoseksuallykda güman edilýänler derňelende şeýle subutnama prosedurasyny ulanmagy derhal bes etmek buýrugyny bermäge çagyrdy.

Şol bir wagtda, türkmen lukmany Kasymberdi Garaýewiň işi ýaly käbir syzyp çykan maglumatlar bolmasa, Türkmenistanda bu iş boýunça ýazgarylýan adamlaryň sany, olaryň azatlykda we türmelerde görýän sütemleri, tussaglykda häkimiýetleriň gatnaşmagynda zorlanýan adamlar köplenç bilinmän galýar.

"Munuň birinji sebäbi mertebesi kemsidilen erkekler we aýallar öz düşen ýagdaýlaryny näçe az adam bilse, şonça-da peýda hasaplaýarlar, ikinji sebäbi barybir adalaty tapyp bolmaýar" diýip, Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürleşen öňki tussag aýtdy.

Türkmenistanda rektal synaglarynyň geçirilişi barada anyk maglumat ýok. Emma Özbegistanda, dokuz halkara hukuk toparynyň Mirziýoýewe eden çagyryşynda aýdylmagyna görä, soňky bäş ýylda azyndan alty erkegiň mejbury rektal synagyndan geçirilendigi aýdylýar.

"Mejbury ýogyniçege synaglary rehimsiz, adamkärçiliksiz daraşma bolup, adam gynalmagyna barabar kemsidiji çemeleşmedir" diýip, ýüzlenmede aýdylýar.

Bu ýüzlenmä Human Rights Watch (HRW), Global Deňlik geňeşi, Adam hukuklary üçin halkara hyzmatdaşlygy we ýene alty gurama gol çekdi.

Şu ýylyň başynda seredilen bir işe laýyklykda, hukuk toparlarynyň aýtmaklaryna görä, Daşkent sudy ozal bile ýaşan iki erkegi ýogyniçege synaglaryndan geçmäge mejbur edip, iki ýyl öý tussaglygyna höküm etdi.

Özbek kanunçylygy boýunça sadomide günäli tapylan adamlar üç ýyla çenli azatlykdan mahrum edilip bilinýär.

Eger iş gomoseksuallyk bilen bagly bolsa, Özbegistanyň prokuratura edaralarynyň ýa Içeri işler ministrliginiň sülçüleri şeýle synagyň geçirilmegini ýüzüniň ugruna buýrup bilýär.

Bütindünýä Saglyk bileleşigi dünýädäki saglyk hünärmenleriniň ählisini bu hili synaglary geçirmekden saklanmaga çagyrdy.

Şu aralykda "Turkmen.news" Lebap welaýatyndaky çeşmelerine salgylanyp, Türkmenbatda gomoseksuallykda gümän edilýänler tutulanda, şäherde tanmyal bir dellegiň hem saklanandygyny habar berdi. Aýdylmagyna görä, bäş-alty gün ozal tutulan erkek öýli-işikli we üç çaganyň atasy bolup durýar.

"Häzir ondan Türkmenabatdaky we umuman Lebap welaýatyndaky geýleriň atlaryny bermek talap edilýär" diýip, habarda aýdylýar.

Şeýle-de neşir gomoseksuallykda güman edilýänler derňelende kemsidiji ýogyniçege barlaglarynyň geçirilýändigini, polisiýa tarapyndan soraga çagyrylmak üçin bolsa, gomoseksuallykda gümän edilýän adamlaryň telefon depderçesinde adyň bolsa, ýeterlikdigini belleýär.

Ozal habar berlişi ýaly, 2020-nji ýylyň martynda Aşgabatda tanalýan şoumen we artist gomoseksuallykda aýyplanyp, soň türmä basyldy.

2019-njy ýylyň oktýabrynda Azatlyk radiosyna interwiýu berip, özüniň geýdigini aýdan Kasymberdi Garaýewiň işi bolsa, türkmen häkimiýetleriniň bu ugurdaky repressiw çärelerine ýene bir gezek ünsi çekdi. Özüniň geýdigini aýdan we öz düşmegi mümkin ýagdaýy barada wideoýüzlenme ýazyp goýan türkmen lukmanynyň soňky ykbaly biz belli däl.

Şol bir wagtda, kanun esasynda erkek bilen erkegiň arasyndaky jynsy gatnaşyklar üçin türme jezasyny berýän Türkmenistanyň deslapky tussaghanalarda we türmelerde kemsitmek, ýüklenýän günäleri boýun aldyrmak, başga adamlara garşy görkezme berdirmek üçin, adam zorlamak haýbatyny gural hökmünde ulanýandygy aýdylýar.

Bu ýagdaý, hukuk toparlarynyň we Içeri işler ministrligindäki iki resminiň Azatlyk radiosynyň Özbek gullugyna aýtmaklaryna görä, Özbegistanda hem bar.

Özbegistanyň Içer işler ministrliginiň anonimlik şertinde gürleşen iki resmisiniň tassyklamagyna görä, erkek tussaglarda geçirilýän rektal synaglary ýurduň deslapky tussaghanalarynda we türmelerinde adaty adam gynama usuly bolup durýar.

Ýatlatsak, belli jenaýat işleriniň birnäçesi bilen baglylykda, öňki tussaglaryň käbiri ýüklenýän günäleri boýun almadyk halatynda dürre bilen zorlanmak haýbatynyň atylandygyny açyk gürrüň berdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG