Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gowaçalaryň idegi tehnika we dökün ýetmezçiligi sebäpli bökdelýär


Illýustrasiýa suraty. Türkmen daýhanlary tehnika we dökün ýetmezçiliginiň oba hojalyk işlerine päsgel berýändigini aýdýarlar.
Illýustrasiýa suraty. Türkmen daýhanlary tehnika we dökün ýetmezçiliginiň oba hojalyk işlerine päsgel berýändigini aýdýarlar.

Şu günler Lebabyň gowaça meýdanlarynda ideg işleri tehnika we dökün ýetmezçiligi sebäpli bökdelýär. Kärendeçi daýhanlar özleriniň heniz hem azot we karbamid dökünleri bilen üpjün edilmeýändiklerini aýdýarlar. Pagtaçy kärendeçiler bar bolan kynçylyklar sebäpli döwlete bergili çykmakdan gorkýar. Bular barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy sebitden habar berýär.

Lebap welaýatynyň käbir daýhan birleşiklerinde, şol sanda Halkabat, Başsaka we Gyzylrabat daýhan birleşiklerinde gowaçalara ideg etmek işleriniň depgini tehnika we dökün ýetmezçiligi sebäpli haýal barýar.

“Tehnika ýok, azot we karbamid heniz hem berilmeýär” diýip, bir kärendeçi Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.

Habarçymyzyň maglumatlaryna görä, başga käbir welaýatlara iberilen mineral döküniň lebaply daýhanlara ikinji tapgyrda beriljekdigi aýdylýar.

“Eger-de, sentýabr golaýlanda gowaçalara birinji mineral dökün berilse, daýhanlaryň bergili çykjagy ikuçsyz” diýip, ýerli daýhan Azatlyk Radiosynyň habarçysyna aladalaryny beýan etdi.

Türkmen hökümeti ýurduň oba hojalyk pudagyny üns merkezinde saklaýandygyny gaýtalaýar. Ýurtda ekerançylyk we maldarçylyk ilatyň köp böleginiň girdeji çeşmesi hasaplanýar. Ýöne ýerli synçylar oba hojalyk pudagynyň ýyllarboýy ünsden düşürilýändigini aýdýarlar.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary apreliň başlarynda azot, karbamid we fosfor ýaly mineral dökünleriň bahalarynyň alty-sekiz esse töweregi gymmatlandygyny habar berdiler.

Türkmenistanyň dürli sebitlerinde mineral dökünleri öndürýän birnäçe önümçilik kärhanasy hereket edýär. Türkmenistanyň gündogar welaýatynda Belarusyň “Belgorhimprom” kompaniýasynyň guran dökün kärhanasy bar. Ýöne Azatlygyň çeşmeleri ýylda 1,5 million tonna dökün öndürmeli kombinatyň doly kuwwatynda işlemeýändigini habar berdiler.

2018-nji ýylda günbatar Türkmenistanda “Garabogazkarbamid” zawody açyldy. Bu ýerde ýylda 1 million tonna töweregi karbamid dökünini öndürmek göz öňünde tutuldy.

Türkmen hökümeti bahasy milliardlarça dollarlyk iri dökün kärhanalaryny gurýan mahaly, ýerli daýhanlar mineral dökün ýetmezçiliginden ejir çekýär.

Galyberse-de, ýerli önümçilige garamazdan, türkmen hökümeti daşary ýurtlardan mineral dökün satyn almak işlerini dowam etdirýärler.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy şu ýyl Özbegistandan satyn alnan mineral dökünleriň birinji tapgyrynyň ýurda getirilendigini, ýöne onuň diňe belli-belli sebitlere paýlanandygyny habar berýär.

2017-nji ýylyň martynda “Türkmenhimiýa” döwlet konsernine Özbegistanyň “Uzsanoateskport” kompaniýasyndan 30 müň tonna superfos dökünini satyn almaga ygtyýar berildi.

Galyberse-de, şol ýylyň martynda Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligi özbek kompaniýasyndan oba hojalyk tehnikalaryny we gurallaryny satyn almak bilen ygtyýarlandyryldy.

Ýöne türkmen daýhanlary şu günler traktorlara we beýleki oba hojalyk tehnikalaryna ätiýaç şaýlarynyň ýetmezçilik edýändigini aýdýarlar.

Habarçymyzyň maglumatlaryna görä, Lebabyň oba hojalyk kärhanalaryna degişli traktorlaryň 80 göterim töwereginiň teker we ätiýaç şaý ýetmezçiligi bilen bagly meseleleri çözülmeýär.

“Teker we ätiýaç şaý meselesi çözülmeýär. Traktorlar garažlarda dur. Häzir döwletiň daşary ýurtlardan hatda bir gaýka, nurbat getirmäge-de mümkinçiligi ýok. Hatda kombaýnlar döwülip hatardan çyksa, olary bejermek traktorçylaryň boýnuna ýüklenýär. Bazarda MTZ80 traktorynyň tekeri 20 müň manat. Dört tekeriň bahasyna traktorçylaryň 10 ýyl aýlygy hem ýetmeýär” diýip, bir ýerli tehnikalara hyzmata ediş kärhanasynyň inženeri Çary (ady üýtgedildi) Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.

Türkmenistan 2009-2017-nji ýyllar aralygynda Belarusyň Minsk Traktor Zawodyndan 6000 sany MTZ traktoryny satyn aldy.

Türkmen inženerleri häzirki wagtda daşary ýurtlardan traktor üçin şaý getirmegiň kyndygyny aýdýarlar.

Resmi metbugata görä, ýurduň dürli sebitlerinde maýyň ortalarynda gowaçalaryň düýplerini ýekelemek, iýulyň başlarynda hatarara bejergisi we awgustyň başlarynda gowaçanyň ujuny çyrpmak işleri geçirildi. Azatlyk Radiosynyň habarçylary gowaçanyň ujuny çyrpmak işlerinde häkimiýetleriň mejbury zähmetden peýdalanýandyklaryny habar berýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG