Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda mineral dökünleriniň bahalary alty-sekiz esse töweregi gymmatlady


 Türkmenistanda bir ekin meýdany. Illýustrasiýa suraty.
Türkmenistanda bir ekin meýdany. Illýustrasiýa suraty.

Türkmenistanda pagtaçy kärendeçilere azot, karbamid we fosfor ýaly mineral dökünleri öňki bahasyndan alty-sekiz esse töweregi has gymmat berler. Kärendeçiler we daýhan hojalyklar mineral dökünler üçin tutulýan pullaryň pagtanyň döwlet satyn alyş nyrhyna gabat gelmeýändigini, pagta öndürmekligiň öz-özüni ödemeýändigini aýdýarlar.

Türkmenistanda döwlet kärendeçi daýhany azot we fosfor ýaly mineral dökünler bilen üpjün etmegi öz üstüne alýar.

Azatlyk Radiosynyň habarçysyna görä, gowaça ösdürip ýetişdirýän daýhanlar ýa-da fermer hojalyklar ammiak selitrasy, fosfor, karbamid we ammofos ýaly mineral dökünler üçin mundan beýläk döwletiň kesgitlän öňki bahasyndan alty-sekiz esse has köp çykdajy etmeli bolarlar.

Habarçynyň maglumatlaryna görä, 1 tonna ammiak selitrasy 400 manatdan 3250 manada, fosfor 255 manatdan 2000 manada, karbamid 450 manatdan 3300 manada, ammofos 1000 manatdan 8000 manada gymmatlady. Habarçy bu bahalaryň döwlet tarapyndan kesgitlenen täze nyrhlardygyny aýtdy.

Türkmenistanda pagtaçy kärendeçiler döwlet tabşyrygy boýunça gowaça ösdürip ýetişdirýär we ýygnalan hasyly döwlete satýar. Öz gezeginde, döwlet kärendeçi daýhanlary mineral dökünler bilen hem-de tehnika bilen ýeňillikli bahadan üpjün etmegi öz üstüne alýar. Ýöne kärendeçiler mineral dökünleriň täze bahalarynyň pagtanyň döwlet satyn alyş nyrhyna gabat gelmeýändigini we pagta önümçiliginiň öz-özüni ödemeýändigini aýdýarlar.

Türkmenistanda 2018-nji ýylyň oktýabrynda pagtanyň we bugdaýyň döwlet satyn alyş nyrhy ýokarlandy.

1 tonna nah pagtanyň döwlet satyn alyş nyrhy, ýygym möwsümine görä, 1355 – 1500 manat aralygynda üýtgeýär.

Şol bir wagtyň özünde, 1 tonna ýüpek pagtanyň hem-de tohumlyk pagtanyň saýlama sortunyň satyn alyş bahasy, ýygym möwsümine görä 1820 – 2000 manat aralygynda üýtgeýär.

Şeýle-de, 1 tonna bugdaýyň döwlet satyn alyş bahasy üç ýyl töweregi mundan ozal 400 manatdan 800 manada göterildi.

Döwlet el bilen ýyglan pagtanyň 1 kilogramyna 60 teňňe, ýüpek pagtanyň 1 kilogramyna 80 teňňe möçberinde hakujy töleýär.

Gowaça ösdürip ýetişdirýän kärendeçiler ýyllyk girdejilerini döwlete hasyl tabşyrandan soňra kabul edýärler. Daýhanyň ýyllyk girdejilerinden döwletiň tohum, dökün we tehnika üçin eden çykdajylary tutulýar.

Mineral dökünleriň gymmatlamagy bilen kärendeçi daýhanlar täze bahalara nägilelik beýan edýärler.

Darganata etrabynyň Sakararyk we Halkabat ýaly daýhan birleşiklerinde habarçy bilen gürrüňdeş bolan kärendeçiler mineral dökünler üçin tutulýan pullaryň pagtanyň döwlet satyn alyş nyrhyna dogry gelmeýändigini aýtdylar.

50 gektar meýdanda gowaça ösdürip ýetişdirýän Çarynyň (ady üýtgedildi) sözlerine görä, mineral dökünleriň bergisini üzmek pagtaçy kärendeçiler üçin uly kynçylyk döreder.

“50 gektar meýdanda gowaça derek temmäki ekseň-de, bu bahadan satyn alnan mineral döküniň bergisini ýapyp bolmaz” diýip, Çary aýtdy.

“Pagta eken adamyň göni bergidar çykjakdygy we baryny-ýoguny bergisi üçin bermeli boljakdygy anyk” diýip, ol sözüne goşdy.

Bu aralykda, ýurt boýunça mineral dökünleriň bahasy gymmatlaýan mahaly, habarçynyň maglumatlaryna görä, Darganatada kärende ýerlerini yzyna gaýtarýan daýhanlar köpelýär.

Türkmen resmileri media çykyşlarynda ýurduň içerki bazarlarynyň ýerli mineral dökünleri bilen üpjün edilýändigini aýdýarlar.

“Türkmenhimiýa” döwlet konserni ammiak selitrasy, karbamid, ammoniý superfosfaty, hlorly kaliý ýaly mineral dökünleriň ýurt içinde öndürilýändigini aýdýar.

Türkmenistanda mineral dökünleriň öňküsinden alty-sekiz esse gymmatlamagy manadyň dollar garşysynda gara bazarda dokuz-on esse hümmetini ýitirýän wagtlaryna gabat gelýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG