Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Prezidentiň saparyna taýýarlyk: Ot gögermedik meýdançalara ýaşyl reňkde boýag sepilýär


Arhiwden alnan illýustrasiýa suraty
Arhiwden alnan illýustrasiýa suraty

Mary şäherinde prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň welaýata etmegine garaşylýan sapary bilen baglanyşykly taýýarlyk çäreleri güýçli depginde dowam edýär. Bu taýýarlyklaryň çäginde döwlet baştutanynyň geçmegine garaşylýan köçeler arassalanýar we abatlanýar. Şeýle-de, häkimiýetler ot gögermedik meýdançalara ýaşyl reňkde boýag sepip, bulara prezident welaýata gelip gidýänçä suw degirmezligi tabşyrýarlar.

Azatlyk Radiosynyň bu barada habar berýän habarçysynyň maglumatlaryna görä, taýýarlyklaryň çäginde Mary şäherindäki abat köçeleriň asfaltlary bölekleýin sökülip, olara täzeden asfalt düşelýär. Bu işler şäheriň Mollanepes, Aşgabat we Magtymguly köçelerinde geçirilýär.

"Bu ýollaryň asfalty abat bolsa-da, olaryň käbir böleklerini sökýärler we täzeden asfalt guýýarlar. Bular şäheriň protokol köçeleri hasaplanýar" diýip, efirde adynyň tutulmazlygyny soran ýerli ýaşaýjy şaýat bolýan ýagdaýlaryny habarçymyza gürrüň berdi.

Şol bir wagtda, habarçymyz adatça bolşy ýaly bu çäreleriň diňe prezidentiň geçmegine garaşylýan köçelerde alnyp barylýandygyny aýdyp, şäherde sowet döwründen bäri täze asfalt düşemek beýle-de dursun, hatda abatlaýyş işleri-de geçirilmedik köçeleriň bardygyny belleýär.

Häzirki wagtda esasy üns Atabaýew köçesiniň ugrunda gurlan täze ýaşaýyş jaýynyň töweregine gönükdirilýär. Habarçymyz bilen söhbetdeş bolan ýaşaýjylaryň sözlerine görä, bu ýer "sözüň hakyky manysynda teatr sahnasynda goýulýan spektakly ýatladýar".

Häzirki wagt häkimiýetler täze ýaşaýyş jaýynyň töwereginde, ýagny Atabaýew köçesiniň Magtymguly we Aşgabat köçeleri bilen çatrygynda ot gögermedik ýa-da guran meýdançalara ýaşyl reňkde boýag sepýärler.

"Bu ýere gelen ýolbaşçylar boýag sepilen meýdançalara prezident gelip gidýänçä hiç hili suw degirmezligi berk tabşyrdylar. Hatda bu barada golaýdaky ýaşaýyş jaýlaryň ýaşaýjylaryna hem ýekän-ýekän aýdyp çykdylar" diýip, býujet işgärleriniň biri anonimlik şertinde habarçymyza gürrüň berdi.

Ol prezidentiň bu ýerdäki täze ýaşaýyş jaýynyň açylyş dabarasyna gatnaşmagyna garaşylýandygyny hem sözüniň üstüne goşdy.

Maryda şu aýyň başyndan bäri köpçülikleýin ýowar geçirilip, güýçli depginde arassaçylyk we abadanlaşdyryş işleri dowam edýär. Bu işlere jemagat hojalygy edaralarynyň işgärleri bilen bir hatarda, býujetçiler mejbury çekilýär. Edara ýolbaşçylary bu ýowaryň prezidentiň awgust aýynyň 17-20-si aralygynda welaýata etmegine garaşylýan sapary bilen baglanyşyklydygyny aýdýarlar.

Şol bir wagtda, döwlet baştutanynyň welaýata etmegine garaşylýan sapary we onuň anyk senesi barada Marynyň häkimliginden goşmaça maglumat alyp bolmaýar. Bu barada döwlet metbugatynda hem häzirlikçe hiç hili maglumat berilmeýär.

Bu aralykda, Marydaky habarçymyz Mollanepes, Aşgabat we Magtymguly köçelerindäki jaýlary reňklemek işleriniň hem güýçli depginde dowam edýändigini aýdýar.

"Jemagat hojalygy edaralarynyň işgärleri bu köçelerde bir demir görseler, derrew ýuwup, reňkleýärler. Olar şol köçeleri günüň dowamynda birnäçe gezek süpürip, ýuwýarlar" diýip, ýerli ýaşaýjy şaýat bolýan ýagdaýlaryny gürrüň berdi.

Şeýle-de, Magtymguly köçesiniň ugrunda ýerleşýän jaýlaryň ýaşaýjylaryna penjirelere tuty tutmak we olary açmazlyk hem berk tabşyryldy.

"Öýlerimize aýlanan adamlar özlerini tanyşdyrmadylar. Ýöne olar penjireleriňizde perde bolmasa, olara ak tuty tutuň diýdiler. Şeýle-de, olar "penjireleriňizden jyklasaňyz ýa-da olary açsaňyz, jenaýata çekilersiňiz" hem diýdiler" diýip, efirde adynyň üýtgedilip Şemşat diýlip tutulmagyny soran bu sebitiň ýaşaýjysy habarçymyza gürrüň berdi.

Türkmenistanda adatça prezidentiň ýurduň sebitlerine edýän saparynyň öňüsyrasynda welaýat merkezlerinde adatdan daşary arassaçylyk we abatlaýyş işleri geçirilip, döwlet baştutanynyň saparyna berk taýýarlyk görülýär. Bu işlere jemagat hojalygy edaralarynyň işgärleri bilen bir hatarda, býujet işgärleri mejbury çekilýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG