Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Gün diýilýän ýyldyz". Aşgabatda Wiktor Tsoýyň hatyrasyna konsert geçirildi


Wiktor Tsoý, 1988-nji ýylyň 31-nji marty
Wiktor Tsoý, 1988-nji ýylyň 31-nji marty

Aşgabatda rok sazandasy 1990-njy ýyllaryň legendasy Wiktor Tsoýyň hatyrasyna konsert geçirildi.

Ýurduň ýarymresmi onlaýn neşirine görä, konsert Aşgabatda uly şowhun bilen kabul edildi. “Enjoy”, “Mixtime” we “Stoliçnaýa” atly aýdym-saz toparlary, “Kino” saz toparynyň we onuň solistiniň eserlerini özüçe tomaşaçylara hödürlediler we täze usulda käbir aýdymlary ýerine ýetirdiler.

Wiktor Tsoýyň "Gün diýilýän ýyldyz" atly meşhur aýdymynyň ady bilen geçirilen konsert 15-nji awgustda Aşgabadyň "Türkmenistan" kino-konsert zalynda geçirildi.

"Orient" onlaýn neşirine görä, konsertiň geçen zalynda Wiktor Tsoýyň Mokswanyň Köne Arbat köçesinde ýerleşýän "diwaryny" görkezýän suratly sergisini guraldy. Rok legendasy Wiktor Tsoýyň Moskwada Arbatdaky "diwary" 1990-njy ýyllarda döredilip, "Kino" saz toparynyň muşdaklary üçin zyýarat mekanyna öwrüldi.

Sowet rok sazandasy we "Kino" rok toparynyň lideri Wiktor Tsoý, aýdymçy, awtor, ýazyjy, suratkeş we kino aktýorydy. 2012-nji ýylda “Rolling Stone Russia” žurnaly Wiktor Tsoýy “uly kinonyň iň gowy sazandasy” sanawyna girizdi. Ol öz gysga karýerasynda sekiz filmde baş roly janlandyrdy. "Sowet ekrany" žurnaly Wiktor Tsoýy "Igla" filmindäki roly üçin 1989-njy ýylda iň gowy aktýor hökmünde ykrar etdi. 1990-njy ýylyň 15-nji awgustynda Wiktor Tsoi awtoulag heläkçiliginde aradan çykdy.

Wiktor Tsoi tarapyndan döredilen "Kino" topary rok aýdym-sazyny ýerine ýetirdi. Sazandanyň 1980-nji ýyllaryň ahyrynda ýazan iň meşhur aýdymlaryndan biri bolan "Özgeriş isleýärin" ("Хочу перемен") aýdymyny käbirler perestroýka döwrüniň gimni, şeýle hem ýörişleriň we protestleriň simwoly hökmünde kabul etdi. Häzirki wagtda bu aýdym Belarusda hökümete garşy protestleriň simwollarynyň biridir.

"Orient" onlaýn neşiriniň habaryna görä, Aşgabatda Wiktor Tsoýyň hatyrasyna geçirilen konsertde tomaşaçylar "Gruppa krowi" we "Posledniý geroý" aýdymyny yzygiderli el çarpyp garşy aldylar, "Kukuşka" aýdymy çalynanda, tomaşaçylaryň sesleri sazandalara goşulyp, hemmesi bile aýdym aýdypdyr. "Kino" toparynyň soňky ýyllarynda birnäçe gezek konsertlerde ýerine ýetirilen "Peçal" atly kompozisiýasynyň ýerine ýetirilmegini tomaşaçylar jübi telefonlarynyň çyralaryny ýakyp garşy alypdyr.

Wiktor Tsoýyň sazy ululary we ýaş nesilleri tolgundyrmagyny dowam etdirýär, şonuň üçin konserte gelen çagalar we olaryň ene-atalary "Wosmiklassnisa", "Kazduýu Noç", "Kogda twoýa dewuşka bolna" atly aýdymlaryndan tanyş setirlerini saza goşup aýtdylar diýip, neşir habar berýär.

Aýdym-saz çäresini guraýjylaryň biri, gitaraçy Igor Şewtsowyň sözlerine görä, Wiktor Tsoýyň hatyrasyna saz agşamy Aşgabatda ilkinji gezek geçirilipdir.

"Käbir konsert programmalarynda saýlanan aýdymlar ýerine ýetirilipdi, ýöne tutuş agşamyň sazandanyň eserlerine doly bagyşlanmagy ýadyma düşenok" -diýip "Orient " neşiri guramaçyny sitirleýär.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG