Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Maryda prezidente garaşýarlar: 'Kel' gowaçalar sürüldi, it-pişikler, serhoşlar we öýsüzler 'awlanýar'


Farap etrabynda gowaça ekilen meýdanlaryň biri. Bezeg suraty

Mary häkimliginiň ýolbaşçylary sebitiň gowaça meýdanlaryndaky hakyky ýagdaýy döwlet baştutanyndan ýaşyrmak üçin 'gowy' çözgüt tapdylar: uçar menziliniň golaýynda, prezident sapara gelende ýokardan görünjek potrat ýerlerine traktor salyp, ol ýerleriň selçeň biten gowaçasyny tekiz sürüp aýyrdylar; eýesiz it-pişikleriň, serhoşlaryň we öýsüz adamlaryň garşysyna 'göreş' alnyp barylýar, prezident gelende şäheriň protokol köçeleriniň admalary öýlerinden çykman, köçe tarapdaky penjirelerini açman oturmaly. Olara şol günler "Tiz kömegiň" hem gelmejekdigi duýduryldy.

Syzdyrylan maglumata görä, häkimligiň işgärleri prezidentiň ýokardan, uçaryň üstünden 'kel bolup oturan potrat ýerlerini', gowaça ekilen ýerleriň köpüsiniň boş, garalyp ýatandygyny görüp, birini işden aýryp, türmä basdyrmagyndan howatyr edipdirler.

Şu sebäpden, anonimlik şertinde berlen maglumata görä, gowaça gögermedik potrat ýerlerine traktor salyp, ol ýerleri gijesi bilen sürüp, tekizläp, gowaçanyň ýerine şugundyr ekmeli, eger-de prezident sorasa, 'bu meýdanlara şeker şugundyry ekildi diýmeli' diýip, häkimligiň işgärleri "bir çukura tüýküripdirler".

Aýdylmagyna görä, prezidente Maryda gelýän hepdäniň birinji güni garaşýarlar we şu sebäpden şäher gijesi bilen ýuwlup-ardylýar, arassalanýar, gerek ýerlerinde abatlaýyş işleri geçirilýär; şäheriň protokol köçelerinde ýaşaýan adamlaryň üstüne aýlanyp, "öňümizdäki hepdäniň 1-nji we 2-nji günleri daşaryk çykmak gadagan, köçe tarapdaky penjireleriňiz ýapyk durmaly, açmak gadagan, iýjek-içjek zatlaryňyzy, hatda gerek bolan dermanlaryňyzy hem şu wagt, häzirden alyp goýuň, 1-nji gün çagyrsaňyz, "Tiz kömek" hem gelmez" diýip, öňünden berk duýduryş berdiler.

Şeýle-de, ýaşaýjylaryň öýlerine aýlanan işgärler "hatda ýörite bellenen lukmanlaryň hem, prezident Mary welaýatyndaky saparyny dynýança, näsaglaryň öýlerine barmagynyň gadagan edilendigini" aýtdylar.

"Bu lukmanlar diňe prezident bilen gelen delegasiýanyň agzalaryna seretmeli edildi. Bular üç arkasy berk barlanan, terjimehallary MHM işgärleri tarapyndan berk gözden geçirilen saglyk işgärleri" diýip, Azatlygyň çeşmesi gürrüň berdi.

Bu maglumaty Mary şäheriniň Kemine, Aşgabat, Magtymguly ýaly köçeleriniň golaýyndaky köpgatly jaýlaryň ýaşaýjylary hem tassyk etdi.

Tejribeden belli bolşy ýaly, türkmen prezidentiniň iş saparlary diňe onuň baran ýerindäki ýönekeý adamlary däl, eýeli ýa eýesiz haýwanlary hem kyn ýagdaýa salýar.

Şäheriň içinde häzir eýesiz it-pişikleri awlamak, öldürmek işleri doly güýjünde, gije sagat 12:00- dan soň tä daňdan sagat 4:00-a çenli alnyp barylýar; aýlanyp ýören adamlar şäheriň içinde boş gezip ýören it görseler, göni tüpeňleýärler, pişikleri bolsa, hapa dökülýän çelekleriň golaýyna awuly kolbasa bölejiklerini zyňyp, her gün zäherleýärler diýip, ýaşaýjylar aýdýar.

Jemagat hojalygynyň bir işgäri it-pişikleri öldürmek buýrugynyň sebäbini prezidentiň sapary bilen düşündirdi.

"Özüňiz bilýärsiňiz, prezident gelýär, eger-de it-pişikler onuň geçjek köçesinden ylgap, ýoluny kesseler, ýa prezidentiň awtoulagy şol it-pişikleriň birini kaksa, bizi işden kakarlar" diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran arassaçylyk işgäri aýtdy.

Onuň sözlerine görä, prezident gelende diňe arassaçylyk işgärleri däl, MHM işgärleri hem uly alada galýar; 'eger öňünden pişik geçse, prezident ýoly pişik kesdi, indi meniň işim ugruna bolmaz' diýip, bizi ýok güne salar diýýärler.

Milli howpsuzlyk işgärleri bu barada jemagat hojalygynyň işgärleriniň ýanynda gülüp gürrüň edýärler diýip, Azatlygyň söhbetdeşi aýtdy.

Döwlet baştutanynyň etjek sapary arak-şeraba erkini aldyran ýa öý-öwzarsyz adamlaryň hem ýagdaýyny kynlaşdyrdy, polisiýa işgärleri sähel içgili öýsüz hasaplan adamlaryny tutup, Peşanaly ýolunyň ugryndaky wagtlaýyn tussaghana äkidýärler we olar diňe prezident gelip-gideninden soň azat ediler diýip, hukuk goraýjy işgär aýtdy.

Şu aralykda Mary şäherine etrap ýerlerinde işleýän hukuk goraýjy işgärleri hem getirdiler we olar maska düzgünlerine berk gözegçilik edýärler; çärelere gatnaşýan adamlaryň ählisini COVID-19 synagyndan geçirýärler, olar munuň üçin 100 manat töleýär. Bu çäre üçin öz hasabyna türkmen milli eşiklerini satyn alýan, ýol we beýleki teleglerini edýän adamlar üçin goşmaça çykdajy boldy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG