Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystanyň demirgazygynda "Talyban" çagalara bilim berip başlady, gyzlara mekdebe barmagy gadagan etdi


19-njy awgustda "Talyban" wekilleri Balh welaýatynyň Şordepe etrabynyň Däli obasyndaky ýerli liseýde çagalara sapak berip başladylar.

"Talyban" wekilleri owgan türkmenleriniň ýaşaýan ýerlerinde çagalara bilim berip başlady. Owganystanyň demirgazygyndaky Balh welaýatyndan gelen habarlara görä, 10 ýaşdan 11 ýaş aralygyndaky çagalara din öwredilýär. Gyzlara mekdebe barmaga rugsat berilmeýär. Şol bir wagtyň özünde, "Talyban" parahatçylygy gorap saklamagy, şerigatyň esasynda hökümet gurup, aýallaryň hukuklaryna hormat goýmagy we özlerine garşy söweşenlere amnistiýa bermegi wada beren hem bolsa, ilatyň ýurtdan gitmeginiň öňüni almaga synanyşýar.

Düýnki söweşijiler tarapyndan okadylýan mekdepleriň biri Balh welaýatynyň Şordepe sebitiniň Däli obasynda ýerleşýär.

Azatlygyň çeşmelerine görä, "Talyban" tarapyndan ýerli liseýde berilýän tälim 19-njy awgustda başlandy. Mugallymlar dünýewi bilimi bolmadyk söweşijiler bolup, olaryň arasynda ahunlar bar.

Açyk meýdanda sapak berýän mekdepde 10 ýaşdan 11 ýaş aralygyndaky çagalara, şol sanda etniki türkmenlere dini öwredýärler. Okuwçylaryň arasynda gyz ýok. Olara mekdebe gitmäge rugsat berilmeýär. Işe ýaraýan has uly ýaşly oglanlar mekdebe gatnamaýarlar.

Çeşmeler, "Talyban" tarapyndan okadylýan mekdeplerde çagalara ýarag ulanmak täliminiň berilmeginiň geljekde planlaşdyrylýandygyny öňe sürýärler.

Şordepe sebiti Türkmenistan bilen serhet ýakasynda ýerleşýär, Däli Islam Çunker we Yslam Ulýa obalary Amyderýanyň kenarynda, owganystan-türkmen serhedinde ýerleşýär.

Owganystanyň demirgazyk-günbatarynda Türkmenistan bilen serhetleşýän Balh welaýaty, türkmenleriň köpçülik bolup ýaşaýan sebitidir.

Welaýatyň merkezi Mazar-i-Şerif şäheri 14-nji awgustda "Talyban" güýçleriniň eline geçipdi. "Talybanyň" Owganystanyň demirgazygyndaky iň uly şäheri ele salmagy köp sanly adamyň Owganystandan, şol sanda goňşy Türkmenistana, Özbegistana we Täjigistana gaçmaga synanyşmagyna sebäp boldy.

Türkmenistan serhedine gaçyp baran owgan goşunlarynyň we ýerli etnik türkmenleriň öz çägine geçip, zorluklardan gaçmagyna ýol bermedi.

Uzak wagtlap dymyşlykdan soň, 18-nji awgustda türkmen häkimiýetleri birbada birnäçe resmi beýannama ýaýradyp, türkmen hökümetiniň Owganystandaky ýagdaýa ýakyndan gözegçilik edýändigini aýtdy. Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi ýurtdaky türkmen wekilhanalarynyň adaty işlerini dowam etdirýändiklerini we türkmen-owgan gümrük postlarynyň kadaly işleýändigini habar berdi.

Şol gün Türkmenistanyň Hyratdaky we Mazar-i-Şerifdäki baş konsuly, Hyratdaky we Balhdaky "Talyban" wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy. Taraplar Owganystanyň günbatar sebitlerindäki Türkmenistanyň Baş konsullygynyň işi bilen baglanyşykly guramaçylyk we beýleki meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

"Duşuşygyň dostlukly ýagdaýda geçirilendigini" habar beren Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bosgunlar meselesiniň ara alnyp maslahatlaşylandygyny ýa-da ýokdugyny aýtmady.

"Talyban" liderleri parahatçylyk isleýändiklerini we şerigat kanunlaryna laýyklykda hökümet gurjakdygyny aýdýarlar we garşydaşlaryndan ar almajakdyklaryna söz berýärler. Şeýle-de bolsa, Kabuldan gowuşýan habarlara görä, 19-njy awgustda "Talyban" söweşijileri paýtagtyň howa menziliniň töweregindäki barlag nokatlaryny eýeläpdir we uçuş resminamalary bolan owganlara-da geçmäge rugsat bermändir.

"Talyban" howa menzilinde we töwereginde jemi 12 adamyň ölendigini aýtdy.

Kabulyň aeroportunda ewakuasiýa uçuşlary dowam edýär, ABŞ-nyň harby güýçleri we onuň ýaranlary howa duralgasynyň howpsuzlygyny üpjün edýär. General-maýor Hank Teýlor 19-njy awgustda metbugata beren interwýusynda ABŞ-nyň goşunynyň 14-nji awgustdan bäri 7000 töweregi adamy Owganystandan çykarandygyny aýtdy.

"Talyban" raýatlaryň ýurtdan çykmagyna päsgel bermekde aýyplanýar. Hereketiň ýolbaşçylary ýurtdan çykmagyň ýeke-täk ýoly bolan Kabulyň howa menziline barýan ýollary petiklemekden başga-da, ymamlary adamlary Owganystandan çykmazlyga yrmaga çagyrýarlar.

Penşenbe güni paýtagtyň köçeleri umuman asuda boldy, ýaragly söweşijiler pyýada ýöräp we awtoulaglarda aýlanyp, köçelere gözegçilik etdiler, dükanlar we kärhanalar işe başladylar. Banklar we döwlet edaralary ýapyklygyna galýar.

19-njy awgustda Owganystanyň Garaşsyzlyk güni birnäçe şäherde "Talybanyň" dolandyryşyna garşy yzygiderli protestler dowam etdi. "Talybanyň" parahatçylygy saklamak wadalarynyň tersine söweşijiler demonstrantlara garşy güýç ulandy, binäçe adam pidasy we zorluk barada habar berildi.

20-nji awgustda "Talybanyň" ABŞ we NATO-a kömek beren owgan ýaşaýjylaryny gözlemek işini güýçlendirendigi habar berildi. Bu barada BMG üçin taýýarlanan dokumentde aýdylýandygyny "Nýu-York Taýms" we BBC habar berdi.

Neşirleriniň ýazyşy ýaly, "Talybanyň" elinde amerikanlar bilen hyzmatdaşlyk eden adamlaryň sanawy bar we olar şol adamlar "sorag etmek we jezalandyrmak" isleýärler. Eger gözlenýän adam tapylmasa, onuň maşgala agzalaryny öldürmek ýa-da tussag etmek bilen haýbat atýarlar. Aýratyn-da, harby, polisiýa we häkimiýetiň derňew edaralarynda işlän adamlar howp astyndadyr. Hususan-da, häzirki wagtda ewakuasiýa umydy bilen Kabulyň howa menzilinde bolanlaryň köpüsi şol sanawa girýän adamlar.

"Talyban" žurnalistleri hem gözleýär. Günbatar Owganystanda “Deuche Welle” mediasynyň habarçysynyň bir garyndaşy öldürildi we başga bir garyndaşy agyr ýaralandy. Muny Germaniýanyň metbugat kompaniýasynyň ýolbaşçylygy mälim etdi.

15-nji awgustda "Talyban" paýtagty ele geçirilenden soň müňlerçe adam Owganystandan gaçmaga synanyşdy.

Goňşy Özbegistan Owganystandan adamlary ewakuasiýa etmek üçin ýardam berýär. Özbegistanyň Howaýollarynyň uçary penşenbe güni Owganystandan Daşkentiň üsti bilen Frankfurt am Maýna göçürilen 200-den gowrak adamy alyp bardy. Germaniýanyň Goranmak ministrliginiň habaryna görä, penşenbe güni öýlän Kabuldan 211 adamy harby uçarda alyp gitmek başardypdyr. Daşkendiň üsti bilen göçürilenleriň umumy sany 900-den gowrak adama ýetipdir.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG