Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Owganystandan çykmagyň çäginde Kabuldan howa gatnawyny güýçlendirýär


Ýörite maksatly deňiz-howa-gury ýer toparynyň esgerleri Kabuldaky halkara howa menzilinde ewakuasiýa wagtynda çagalar üçin azyk açyp berýär. 2021-nji ýylyň 21-nji awgusty
Ýörite maksatly deňiz-howa-gury ýer toparynyň esgerleri Kabuldaky halkara howa menzilinde ewakuasiýa wagtynda çagalar üçin azyk açyp berýär. 2021-nji ýylyň 21-nji awgusty

"Talyban" tarapyndan dolandyrylýan Owganystandan gaçmak isleýän on müňlerçe adamyň başagaýlygy 23-nji awgustda-da Kabul howa menzilinde dowam etdi. Bu aralykda Waşington ewakuasiýa işlerinde täjirçilik awiakompaniýalarynyň kömeginden peýdalandy, prezident Jo Baýden ýurtdan çykmak işiniň aýyň aýagyna bellenen möhletden has uzaga çekmeginiň mümkindigini aýtdy.

Germaniýanyň ýaragly güýçleriniň beren beýanatynda 23-nji awgustda irden Kabulyň howa menziliniň demirgazyk derwezesinde dörän ok atyşykda bir owgan goragçysy wepat bolupdyr, üç adam ýaralanypdyr.

Twitter ulgamynda çap bolan maglumatda ok atyşygyň näbelli ýaragly adamlar, ABŞ-nyň we Germaniýanyň güýçleriniň, şeýle-de aeroportuň goragçylarynyň arasynda dörändigi aýdylýar. Wepat bolanyň Owganystanyň howa menzilini goramak üçin ýerleşdirilen "Talyban" söweşijilerinden biri bolup-bolmandygy aýdylmady.

ABŞ, howa menziliniň töwereginde "Talybanyň" duşmany bolan "ISIS-K" ady bilen bilinýän "Yslam döwleti" söweşijileriniň howpy barada alada bildirdi.

Ak tamyň milli howpsuzlyk boýunça geňeşçisi Jeýk Saliwan CNN telekanalyna beren beýanatynda bu howpy “hakyky we ýiti” diýip atlandyrdy.

Britan harbylary 22-nji awgustda Kabulyň howa menziliniň daşyndaky bulam-bujarlygyň ýedi owganlynyň ölümine sebäp bolandygyny aýtdylar.

Bu aralykda "Talybanyň" liderleriniň hökümeti döretmek barada gepleşiklere başlandyklary, hökümet goşunlarynyň hem-de ýörite güýçleriň galyndylarynyň bolsa paýtagtyň demirgazygyndaky Panjşir jülgesine ýygnanyp, ýerli söweşijilere goşulandygy we milli garşylyk frontuny (NRD) döredýändigi habar berildi.

XS
SM
MD
LG