Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Çeşme: Ýol hadysasynda ölen esgerleriň hossarlaryna kompensasiýa tölenýär


Illýustrasiýa suraty.

Geçen aý Azatlyk Radiosy Aşgabadyň Bekrewe şaýolunda bolan ýol heläkçiliginde onlarça harby gullukçynyň wepat bolandygyny habar berdi. Azatlygyň çeşmesi şol aradan çykan esgerleriň käbirleriniň hossarlaryna şu günler kompensasiýa tölegleriniň gowşurylýandygyny habar berýär.

Azatlygyň çeşmeleriniň maglumatlaryna görä, 18-nji iýulda 10-dan gowrak KamAZ kysymly ulagdan ybarat harby kerwen Aşgabadyň Bekrewe şaýolunyň ugrunda ýol hadysasyna uçrady. Çeşmeler ýol heläkçiliginde ilki 18 töweregi harbynyň, şol sanda çagyryş boýunça harby gullukçylaryň we harby serkerdeleriň wepat bolandygyny habar berdiler. Soňra Azatlyk Radiosynyň Türkmenistanyň Goranmak ministrligine ýakyn bir çeşmesi wepat bolan harbylaryň sanynyň 30-dan aşandygyny, 20 töweregi adamyň ýaralanandygyny habar berdi.

Maglumata görä, harby ulag kerweni Aşgabadyň “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumynda bir çärä gatnaşyp, Bekrewe garnizonyna gaýdyp barýan ekeni.

“Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumy II Jahan urşunda, 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesinde we Gökdepe söweşinde wepat bolanlaryň hatyrasyna bina edildi.

Goranmak ministrligine ýakyn çeşmämiziň maglumatlaryna görä, ulag kerweniniň hataryndaky sekizinji ulagyň tormozynda dörän näsazlyk heläkçilige sebäp boldy. Çeşme heläk bolanlaryň aglabasynyň şol ulagda bolandygyny habar berdi.

Azatlygyň bir çeşmesi 23-nji awgustda iberen soňky maglumatynda ýol hadysasynda ölen birnäçe lebaply esgeriň hossarlaryna kompensasiýa tölegleriniň tölenýändigini habar berdi. Ol ýol hadysasynda wepat bolan esgerleriň sanynyň 18 adamdygyny aýtdy. Çeşme ýene bir harby serkerdäniň bu maglumaty tassyklandygyny mälim etdi.

Onuň maglumatlaryna görä, aradan çykan esgerleriň arasynda Seýdi şäherinden, Farap etrabynyň Hojakenepsi obasyndan we Çärjew etrabynyň Kölaryk obasyndan bolan esgerleriň hossarlaryna şu wagta çenli 10 müň manat möçberinde kömek berildi.

Ýöne çeşmämiz Çärjew etrabyndan bolan beýleki esgerleriň hossarlaryna ýerli harby wekilhananyň işgärleriniň 6 müň manat berip, olara özleriniň 10 müň manat kabul edendikleri barada resminama gol çekdirendiklerini aýdýar.

Çeşmämiz Saýat etrabyndan hem-de Halaç etrabyndan (2017-nji ýyla çenli Garabekewül etraby) iki harby serkerdäniň – bir maýoryň hem-de bir uly leýtenantyň ulag heläkçiliginde wepat bolandyklaryny habar beripdi. Harby serkerdeleriň maşgalalaryna döwlet tarapyndan pul kömeginiň berlip-berilmändigi, berilen bolsa onuň möçberi mälim däl.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýol heläkçiliginden iki hepde töweregi soň geçiren Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde Goranmak ministriniň orunbasaryna “berk käýinç” yglan etdi. Şeýle-de, prezident goranmak ministri Begenç Gündogdyýewiň guramaçylygyndan nägile boldy.

Döwlet mediasy bu mejlisiň dowamynda heläkçilikli ýol hadysasynyň gozgalyp-gozgalmandygy barada habar bermedi.

Azatlygyň Goranmak ministrligine ýakyn çeşmesi 21-nji iýula çenli Berdimuhamedowa ulag hadysasynda 12 harby gullukçynyň ölendigi barada habar berlendigini aýdypdy.

Mejlisiň dowamynda goranmak ministri hasabat bilen çykyş etdi. Ýöne ol türkmen goşunyndaky agyr ýagdaýlar, şol sanda onlarça harby gullukçynyň ölümine getiren ýol-ulag hadysasy barada habar bermedi.

Türkmenistanda ýol-ulag hadysalarynda wepat bolýan harby gullukçylar barada habar berilmeýär. Geçen ýylyň martynda pisse ýygmaga ugradylandygy aýdylan azyndan bäş esger Maryda bolan ýol heläkçiliginde öldi. Garaşsyz çeşmeler bu ýol hadysasynda 11 esgeriň aradan çykandygyny habar berdiler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG