Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Güýçlendirilen howpsuzlygyň arasynda Berdimuhamedow Mary welaýatyna sapar edýär


Mary. Arhiw suraty.

“Käbir maglumatlara görä, prezident düýn (22-nji awgustda) gije sagat 10-da Mary şäherine gelipdir. Ähli ýollar ýapyldy” diýip, Azatlygyň çeşmesi duşenbe güni habar berdi.

Güýçlendirilen howpsuzlyk şertleriniň arasynda, prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Mary welaýatyna sapar etmegine garaşylýardy.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary saparyň öň ýany şäherde gözegçiligiň güýçlendirilendigini, çärelere gatnaşmaly adamlaryň milli howpsuzlyk gullugynyň barlagyndan geçirilendigini habar berdi.

Sebitiň milli howpsuzlyk gullugyndaky bir çeşme Azatlyk Radiosyna prezidentiň goragçylarynyň 20-nji awgustda Aşgabatdan Mary welaýatyna barandygyny we öýleden soň köçelerdäki hereket çäklendirmeleriniň güýçlendirilendigini aýtdy.

Hepdäniň ahyrynda dynç alyş günleri şäherde hereket düýpli çäklendirildi.

23-nji awgustda sebitdäki habarçymyz birnäçe gün bäri şäher ýaşaýjylaryna öýden çykmaga, hatda penjireleri açmaga-da rugsat berilmeýändigini habar berdi.

Onuň maglumatyna görä, diňe gün ýaşandan soňra her hojalykdan bir adama dükanlara gidip gelmäge rugsat berildi. Galan adamlara öýden çykmak gadagan edildi.

Köçede adam ýok, hamala, tutuş şäher karantinde oturan ýaly, köçeler birnäçe sagatlap ýapyk durýar, her 10-15 ädimden organ işgärlerini görmek bolýar diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy şäherde güýçlendirilen howpsuzlyk şertleri barada habar berdi.

Onuň sözlerine görä, howpsuzlyk işgärleriniň ýygy nobaty Mary şäheriniň howa menzilinden başlanýar.

Biziň habarçymyz Mary şäherine girmegiň gadagan edilendigi, ýollaryň ugrunda, howlularyň öňünde park edilen awtoulaglaryň aýrylandygy barada habar berdi.

Şeýle-de, ol şäher içinde Tiz kömek gullugynyň tas işlemeýändigini aýtdy.

Habarçymyz näsaglan adamlara diňe telefon üsti bilen lukman maslahatynyň berilýändigini habar berdi. Galyberse-de, köp lukman Berdimuhamedowyň welaýata edýän saparyna bagyşlanýan çärelere gatnaşmaly edilipdir.

Çärelere gatnaşdyrylýan adamlar birnäçe gün bäri repetisiýalara çekildi.

Biziň habarçymyz çärä gatnaşyjylaryň ýekşenbe güni çärelere ýatymlyk alnyp gidilendigini habar berdi.

“Ýokardaky oturan adamlar sada halky adam ýerine goýmaýarlar” diýip, bir maryly ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde şäherdäki çäklendirmelerden şikaýat etdi.

Onuň sözlerine görä, şäherde işe gatnaýan adamlardan daňdan sagat 3-de işe giden adamlar boldy.

Bir MHM işgäri anna güni Azatlyk Radiosynyň habarçysyna prezidentiň Mary şäherine ýekşenbe güni sapar etmegine garaşylýandygyny habar beripdi.

“...Prezident şu bazar güni gelmeli. Soň ol Ak öýe baryp sadaka bermeli, konsert bolmaly, soň Ýolöten etrabyna baryp, kükürt ýatagyny açmaly” diýip, MHM işgäri Azatlygyň habarçysyna aýtdy.

Resmi metbugat prezidentiň welaýatlara edýän saparlarynyň dowamynda girizilýän hereket çäklendirmeleriniň, hem-de adamlaryň mejbury çärelere çekilmeginiň halkyň gündelik durmuşyna ýetirýän ýaramaz täsiri barada habar bermeýär. Bu meseleler boýunça ýerli resmiler hem beýanat bilen çykyş etmeýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG