Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Mary berk gözegçilige alyndy; çärä gatnaşýanlar MHM barlagyndan geçirilýär


Mary. Arhiw suraty
Mary. Arhiw suraty

Mary şäheriniň içine girmek mümkin däl, çärelere gatnaşmaly edilen adamlar eýýäm düýnden bäri repetisiýada, iň esasy zat bolsa, olaryň ählisi MHM barlagyndan geçirilýär; Mary şäheriniň ýokarsynda we töwereklerinde reaktiw uçarlar aýlanyp, aňtaw-gözegçilik işlerini geçirýärler, ähli zat berk gözegçilik astynda diýip, Azatlygyň habarçysy habar berýär.

Mary şäherinde prezidentiň saparyna görülýän taýýarlyk eýýäm bäşinji günden köçeleriň ýapylyp başlanmagyna getirdi.

Sebitiň milli howpsuzlyk gullugyndaky çeşmäniň Azatlyk radiosyna aýtmagyna görä, 5-nji gün welaýata Aşgabatdan prezidentiň goragçylary geldi we öýleden soň köçelerdäki hereket çäklendirmeleri güýçlendi.

Marynyň MHM işgärleri esasy köçelerde, howa menzilinde nobatçylyga goýuldy, şu gün repetisiýa edip, ýollary beklemäge başladylar; repetisiýalary prezidentiň Aşgabatdan gelen goragçylary geçirýär diýip, habarçy aýtdy.

“Prezident gelende aljyramaz ýaly, haýsy ýollary nähili ýapmalydygyny öwrenýäris” diýip, MHM işgäri öz aralarynda Ýol gözegçilik gullugynyň ofiserleriniň eşigine girenleriň hem bardygyny gürrüň berdi.

Şeýle-de, şäher köçelerini öňünden ýapyp, adamlara ýollaryň petikli boljakdygyny öňünden duýduryp goýýarys, soň iş köp bolmaz ýaly, şäher içindäki awtoulaglary azaldýarys.

Şu gün ýollaryň ýapylmagy eýýäm ertirden awtoulaglaryň bu günküsinden has azalmagyna getirýär, sebäbi adamlar biri-birinden eşidýär we gaty zerur işi bolmasa, bu töwerege gelmejek bolýar diýip, anonimlik şertinde gürleşen çeşme ýollaryň öňünden ýapylmagynyň “ähmiýetini” düşündirdi.

Onuň sözlerine görä, bu gün ýollaryň ýapylandygyny eşiden adamlar ertir uly ýol, şäher içine çykmak aladalaryny soňky bir güne geçirerler.

“Şu gün öýlän şäheriň protokol köçelerini 2 sagatdan gowrak bekledik, prezident şu bazar güni gelmeli. Soň ol Ak öýe baryp sadaka bermeli, konsert bolmaly, soň Ýolöten etrabyna baryp, kükürt ýatagyny açmaly” diýip, MHM işgäri Azatlygyň habarçysyna aýtdy.

Azatlygyň habarçysy mundan öň uçar meýdanynyň golaýynda, prezident gelende ýokardan görünjek ýerlerde selçeň biten gowaçalaryň sürlendigini we ol ýerde şeker şugundyry eki,ldi diýmek barada “bir çukura tüýkürilendigini” habar beripdi.

Bäşinji bolsa, ellerine orak berlen onlarça adam howa menziliniň golaýyndaky potrat ýerleriniň göze iläýjek ýerlerindäki gamyşlary ormaly boldy.

Mundan başga, prezidentiň saparyna görülýän taýýarlygyň çäginde, şäherdäki köp gatly jaýlaryň girelgelerinde barlag geçirilýär; köçelerde her 10-20 ädimden hukuk goraýjylar nobatçylyk çekýär; şäher ýaşaýjylaryna bolsa eýýäm, zerur bolmasa, öýlerinden çykmak gadagan edilýär diýip, habarçy aýtdy.

Şu aralykda bankomatlaryň öňünde bolýan nobatlar doly aýryldy, birnäçe aý bäri pul nagtlaşdyrmak üçin nobata duran adamlaryň köpüsiniň nobaty köýdi, prezident gelip-gidýänçä protokol köçelerden ýöremäge hem rugsat berilmeýär.

Şähere giriş we çykyş ýollarynyň şenbe güni birnäçe sagat ýapyk boljakdygy bäşinji günden belli boldy. Bu dürli etraplardan bolan we işe barýan adamlaryň daňdan ýola çykyp, şähere has ir gelmeli boljakdygyny, prezident gelen wagtynda ýogalan adam bolsa, şol gün merhumy jaýlamaga hem rugsat berilmejekdigini aňladýar.

Bazarlar şu gün, bäşinji günden ýapyldy we arassaçylyk işleri 24 sagada uzaýar diýip, habarçy aýtdy.

Prezidentiň iş saparlary ýa gatnaşýan dabaraly çäreleri bilen baglylykda girizilýän hereket çäklendirmeleri Türkmenistanda adaty zada öwrüldi we bu ýagdaýyň ýurduň ykdysadyýetine, adamlaryň durmuşyna ýetirýän ýaramaz täsirleri hakynda resmi düşündiriş alyp bolmaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG