Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Esgerler pagta ýygmaga ugradylýar


Illýustrasiýa suraty. Türkmenistanyň esgerleri.

Şu günler Lebap welaýatynyň administratiw merkezinde ýerleşýän Gorag polkunyň esgerleri Kerki etrabynyň gowaça meýdanlaryna pagta ýygmaga ugradylýar. Şol bir wagtyň özünde, Farap etrabynyň hem-de Türkmenabat şäheriniň býujet işgärleri pagta ýygmak üçin sebitiň günorta etraplaryna özlerine derek hakyna tutma işçi ugratmaga mejbur edilýärler. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy Lebapdan habar berýär.

Pagta ýygmaga ugradylýan esgerler her gün harmana 50 kilogram pagta tabşyrmak bilen borçlandyrylýar. Olar öz ýanlary bilen harby çadyrlaryny alyp gidýärler.

Öz gezeginde sebitiň býujet işgärleri Lebap welaýatynyň Hojambaz, Kerki we Köýtendag etraplarynyň obalaryna pagta ýygmak üçin öz orunlaryna hakyna tutma işçi ugratmaly bolýarlar.

Hakyna tutma ýygymçylar gowaça meýdanlaryna ýatymlyk ugradylýar. Işçileriň tölegi bir gün üçin 30-40 manat aralygynda üýtgeýär.

Bir kilogram pagta üçin ýygymçylara 40 teňňe pul tölenýär. Olar her gün azyndan 40 kilogram pagta ýygmak bilen borçlandyrylýarlar.

Hakyna tutulan ýygymçynyň gündelik tölegi dollaryň gara bazar nyrhy boýunça takmynan 0,8 – 1,10 dollar aralygynda üýtgeýär. Bu resmi kurs boýunça 8,5 – 11,5 dollara barabar bolýar.

Gündelik gazanç edýän hakyna tutma pagtaçylar ýygym döwründe özleriniň wagtlaýyn ýaşajak ýerleri üçin hem-de iýmit üpjünçiligi üçin özleri çykdajy etmeli.

Býujet işgärleriniň sözlerine görä, bu şertler esasynda ylalaşyp, hakyna tutma işçi tapmak aňsat däl.

Azatlyk Radiosynyň habarçysynyň maglumatlaryna görä, pagtaçylar esasan Halaç etrabynyň Güneşlik, Akýap, Surh daýhan birleşiklerinde, şeýle-de Kerki etrabynyň Çekir, Gabşal we Hatap daýhan birleşiklerinde ýerleşýän gowaça meýdanlaryna ýygyma ugradylýarlar.

Türkmenistan ýyllarboýy esgerleri we harby gullukçylary oba hojalyk işlerine, şol sanda pagta ýygmak işlerine çekýär.

Galyberse-de, Türkmenistanyň hökümeti ýurduň pagta önümçiliginde mejbury zähmetden peýdalanmakda halkara ynsan hukuklaryny goraýjy guramalar tarapyndan berk tankyt edilýär.

Resmi maglumatlara görä, bu ýyl ýurt boýunça 620 müň gektar meýdana gowaça ekildi we 1 million 250 müň tonna pagta hasylyny ýygnamak göz öňünde tutulýar.

Türkmen metbugaty pagta möwsüminde esasan kombaýnlardan peýdalanylýandygyny we ýygyma gatnaşýan pagtaçylaryň uly ruhubelentlik bilen zähmet çekýändigini öňe sürýär.

Synçylara görä, garaşsyz Türkmenistana Sowet Soýuzyndan miras galan pagtaçylyk, şol bir wagtyň özünde, sebite abanýan suw üpjünçilik problemasynyň sebäpleriniň arasynda agzalýar.

Türkmenistan Sowet Soýuzyndan diňe bir pagta önümçiligini däl, eýsem, onuň propagandasyny hem miras aldy.

Sowet döwürlerindäki “gyzyl kerwen” dabaralary soňky ýyllarda “ak kerwen” dabaralaryna öwrüldi. Dabaranyň adyndaky reňk çalyşdy.

Azatlyk Radiosy kärendeçi daýhanlaryň suw, dökün we tehnika ýetmezçiligi barada yzygiderli habar berip gelýär.

Bu ýyl türkmen hökümeti pagta ýygym möwsümine ozalky ýyllar bilen deňeşdirilende biraz ir girişene meňzeýär.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow awgustyň başynda welaýat häkimlerine we oba hojalyk resmilerine 27-nji sentýabr – Garaşsyzlyk gününe çenli ýurduň pagta plan borçnamasyny dolmagy tabşyrdy. Ol özüniň bu tabşyrygyny ýurduň garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk baýramy bilen esaslandyrdy.

Munuň yz ýany, Azatlygyň habarçylary 18-nji awgustda Mary sebitinde pagta ýygym möwsümine mejbury zähmet bilen girişilendigini habar berdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG