Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Häkimiýetler iýulda gowaça ekdirýär, agronomlar geň galýar


Tomus günlerinde Lebapda gowaça ekişi dowam edýär. Illýustrasiýa suraty
Tomus günlerinde Lebapda gowaça ekişi dowam edýär. Illýustrasiýa suraty

Şu ýyl Türkmenistanyň Balkan, Ahal, Mary we Lebap welaýatlarynda 24-nji martda, Daşoguz welaýatynda 31-nji martda resmi taýdan gowaça ekişine girişildi. Aradan üç aýdan gowrak wagt geçdi, ýöne Azatlyk Radiosynyň habarçysy Lebap welaýatynyň Farap, Dänew, Çärjew, Saýat we Darganata etraplarynda gowaça ekişiniň heniz hem dowam edýändigini habar berýär.

Habarçynyň maglumatlaryna görä, bu etraplarda ýerli häkimiýetler hasyl ýygnalan bugdaý meýdanlaryna gowaça ekdirýär.

Ýerli oba hojalyk hünärmenleri häkimiýetleriň biwagt talaplary bilen ylalaşmaýar. Agronomlar iýulyň yssysynda gowaça ekilmegini “döwlete hyýanat” häsiýetlendirýärler. Ýöne hünärmenler iýulda gowaça ekilmeginiň öňüne geçip bilmeýärler.

“Iýulyň birinji ongünlügi geçip barýar. [Giç ekilýän gowaça] eger-de oktýabr, noýabr aýlarynyň sowugyndan aman galsa, dekabrda ýetişer. Elbetde, ýerli etrap ýolbaşçylary ir bahar gowaça ekdirmeli” diýip, bir lebaply oba hojalyk hünärmeni Azatlygyň habarçysy bilen söhbetdeşlikde aýtdy.

Hünärmeniň sözlerine görä, sebitde ýerli häkimiýetler onlarça müň gektar ekerançylyk meýdanyny bir ýyl möhlet bilen garpyz, pomidor ýaly gök-bakja ekinleriniň ekilmegi üçin hususy taraplara rugsat beripdirler. Munuň üçin olar hususy taraplardan para alypdyrlar.

“Indi bugdaýdan boşan ýerlere gowaça ekip, para öwezine satan ýerleriniň üstüni ýapmagy planlaşdyrýarlar” diýip, oba hojalyk hünärmeni gürrüň berdi.

“Bu ýagdaýda döwlete iki gezek zyýan ýetýär. Gowaçanyň iki aýda ýetişýän sorty ýok ahbetin!” diýip, ol sözüne goşdy.

Resmi maglumatlara görä, Türkmenistanyň ekerançylyk meýdanlarynda bu ýyl orta süýümli gowaçanyň “Ýolöten-7”, “Daşoguz-120”, “Daşoguz-114”, “149 F”, “Gubadag-3”, “Ýolöten-39”, “Jeýhun”, “S-2606” ýaly görnüşleri ekildi. Resmi maglumatlarda gowaçanyň şeýle süýümleriniň tiz ýetişýändigi aýdylýar.

Galyberse-de, Ahal we Mary welaýatlarynda inçe süýümli gowaçanyň “Ýolöten-14” görnüşi ekilipdir.

Türkmenistanda gowaça bahar aýlarynda ekilip, tomsuň ahryky günlerinde, güýzüň başlarynda pagta hasyly ýygnalýar. Ýöne köplenç ýygym işleri dekabr aýyna çenli dowam edýär.

Halkara arenada Türkmenistan pagta önümçiliginde mejbury zähmetden bikanun peýdalanmakda yzygiderli tankyt edilýär.

Azatlyk Radiosy gowaçanyň hatda otag we çürtüm işlerinde mejbury zähmetden peýdalanylmagy, pagta ýygym möwsüminde mejbury zähmetiň depgininiň güýçlenmegi barada ýyllarboýy habar berip gelýär.

Resmi maglumatlara görä bu ýyl 620 müň gektar meýdana gowaça ekildi we ýurt boýunça 1 million 250 müň tonna pagta hasylyny ýygnamak göz öňünde tutulýar.

Döwlet metbugaty pagtany “ak altyn” atlandyryp, onuň hasylynyň ýurt içinde çig mal hökmünde ulanylýandygyny, Türkmenistanda öndürilen dokma önümleriniň daşary ýurtlara eksport edilýändigini aýdýar.

Mejbury zähmet bilen bagly aladalaryň arasynda 2018-nji ýylyň maý aýynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Gümrük gullugy Türkmenistanda öndürilen pagtanyň, şeýle-de Türkmenistanyň pagtasyndan taýýarlanan islendik ýurduň önümleriniň ähli görnüşiniň ABŞ-a import edilmegine gadagançylyk girizdi. Bu gadagançylyk heniz hem öz güýjünde galýar.

ABŞ-nyň Hökümet jogapkärçilik edarasynyň (US Government Accountability Office) geçen aý çap eden hasabatyna görä, 2020-nji ýylyň oktýabryndan 2021-nji ýylyň martyna çenli ABŞ-nyň Gümrük gullugy mejbury zähmet aladalary sebäpli 371 ýollamanyň ABŞ-nyň çägine girizilmeginiň öňüni aldy.

Gulluk degişli taraplardan saklanan harytlaryň önümçiliginde mejbury zähmetden peýdalanylmandygy barada subutnama talap edýär.

Hasabata görä, saklanan harytlaryň aglabasy Hytaýda öndürilen önümler, ýöne ABŞ-nyň hökümet edarasy Gümrük gullugynyň ýene-de dokuz ýurtda, şol sanda Türkmenistanda öndürilen belli-belli harytlaryň ýurda girizilmeginiň öňüni alyp biljekdigini aýdýar. Hasabat munuň sebäbini mejbury zähmet aladalary bilen düşündirýär.

Ýöne türkmen häkimiýetleri mejbury zähmet boýunça halkara çagyryşlara gulak gabartmaýar; gowaça türkmen resmilerine görä “ak altyn” we onuň ösdürilip ýetişdirilmegi üçin yzygiderli alada edilýär.

Döwlet mediasy Lebapda gowaçanyň iýulda ekilmegi barada habar bermeýär, ýöne bu ekine ideg etmekde ähli agrotehniki kadalaryň berjaý edilýändigini aýdýar.

Azatlygyň habarçysyna görä, Lebapda gowaçanyň giç ekilmegine garşy çykýan, ýa-da bu ýagdaýa soragly çemeleşýän kärendeçiler jezalandyrylýar. Ýerli häkimiýetlere şeýle sorag bermek adamlaryň kärende ýerleriniň ellerinden alynmagy bilen netijelenýär.

Bir kärendeçi bu mesele bilen bagly häkimiýetlere sorag bereni üçin özüniň duçar bolan ýagdaýy barada Azatlygyň habarçysyna gürrüň berdi. Azatlyk Radiosy onuň adyny howpsuzlyk aladalary sebäpli Döwran diýip tutýar.

“Bu işlere düşünýän hem bolsaňyz, näme sebäpden iýulda gowaça ekýärsiňiz?” diýip, kärendeçi Döwran ýerli häkimiýetlerden sorapdyr.

Ýerli häkimiýetler Döwrandan bugdaýdan boşan 10 gektar ýerine gowaça ekmegi talap edipdir.

Azatlygyň habarçysyna görä, bu soragyň yzýany häkimiýetler Döwranyň elinden onuň kärende ýerini alypdyrlar.

Ýöne Döwran döwlete gynanýar.

“Kärendeçi öz ýeriniň elinden alynmagyna gynanmaýar, ýöne döwlete ýetirilýän zyýan üçin gynanýar” diýip, habarçy aýdýar.

Oba hojalyk hünärmeniniň sözlerine görä, şu günler ekilen gowaçanyň oktýabrda gül açmagy gümana.

Bu ýyl Lebap welaýatynyň gowaça meýdanlaryndan 320 müň tonna pagta hasylyny ýygnamak göz öňünde tutulýar.

Azatlyk Radiosy Lebap sebitinde gowaçanyň giç ekilmegi barada sorag berýän kärendeçileriň ýerleriniň ellerinden alynmagy barada welaýat häkimliginden kommentariýa alyp bilmedi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG