Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Maas: Özbegistan owganlary Germaniýa ewakuasiýa etmekde kömege taýýar


Germaniýanyň daşary işler ministri Heiko Maas, Antalýa, 29-njy awgust, 2021

Germaniýanyň Daşary işler ministri Heiko Maas Özbegistanyň Owganystanda "Talybanyň" häkimiýetinden gaçyp, uruş sebäpli heläkçilige uçran ýurtdan ewakuasiýa edilmegine mätäç we Germaniýa tarapyndan düzülen sanawa girýän adamlary üçin öz serhetlerini açmaga taýýardygyny aýtdy.

Maas Merkezi Aziýa, Päkistana we Ýakyn Gündogara eden dört günlük saparynyň dowamyndaky çykyşynda 30-njy awgustda Germaniýanyň raýatlaryny, ýerli owgan işgärlerini we adam hukuklaryny goraýjy aktiwistleri hem-de žurnalistler ýaly töwekgelçilikli topara girýänleri mundan beýläk ewakuasiýa etmek bilen baglanyşykly ýagdaýyň bardygyny aýtdy. Saparyň gün tertibindäki esasy mesele Owganystan boldy.

Germaniýa, "Talybanyň" iki hepde gowrak mundan ozal Kabuly ele geçireninden soň Owganystandan 40 000 adamy kabul etmegi meýilleşdirýändigini aýtdy. Ol ewakuasiýanyň ABŞ-nyň 31-nji awgustda goşunlaryny çykarandan soň Kabulyň aeroportunyň açyk galan ýagdaýynda uçarly ýa-da gury ýer ýollary bilen goňşy ýurtlara ediljekdigini mälim etdi.

Maas Özbegistanyň paýtagtynda eden çykyşynda "Özbegistan bu adamlar bilen bize kömek etmäge taýýardyr" -diýdi.

Germaniýanyň daşary işler ministri 30-njy awgustda Özbegistandan Täjigistana baryp, Duşanbede gepleşik geçirer. Ondna soňky gün Pakistanyň paýtagty Yslamabada barar.

29-njy awgustda Maas Türkiýede eden çykyşynda Owganystan bilen serhetdeş ýurtlara ykdysady we ynsanperwerlik kömegini wada berdi.

Germaniýanyň ministri Katara hem baryp görer we şol ýerde ABŞ-nyň güýçleri ýurtdan doly çykandan soň Kabuldan ewakuasiýa uçuşlaryny dowam etdirmek barada "Talyban" resmileri bilen gürleşer diýlip garaşylýar.

Katar ABŞ-nyň ýolbaşçylygynda on müňlerçe adamy Owganystandan ewakuasiýa etmek tagallalarynda möhüm rol oýnady.

Halkara howa gatnawy 117 000-den gowrak daşary ýurtly we owganystanly raýaty Kabulyň aeroportundan alyp gaýtdy. Katar, Pars aýlagynyň bu kiçijik döwletiniň üsti bilen 43 000-den gowrak adamyň geçendigini aýtdy.

Maas Russiýanyň we Hytaýyň Owganystanyň geljegi baradaky gepleşiklere, şol sanda owganlary ewakuasiýa etmek planaryna gatnaşmalydygyny aýtdy. Ol BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň 30-njy awgustda gyssagly ýygnagynyň Moskwa bilen Pekiniň hyzmatdaşlyga taýýardygyny ýa-da däldigini görkezjekdigini aýtdy.

Maasyň pikiriçe, "ähli möhüm halkara hyzmatdaşlary bir ýere jemlemek üçin Russiýanyň we Hytaýyň hem şol ýerde bolmagy möhüm".

Howpsuzlyk Geňeşiniň beýleki üç hemişelik agzasyndan, ýagny Britaniýadan, Fransiýadan we ABŞ-dan tapawutlylykda Russiýa we Hytaý Kabuldaky ilçihanalaryny açyklygyna galdyrdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG