Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Daşary ýurtda köp raýaty bolan Türkmenistanyň prezidenti: 'Müsürde şa bolandan, öz iliňde geda bol!'


Illýustrasiýa suraty. Stambul.
Illýustrasiýa suraty. Stambul.

Programmamyzyň bu sanynda ýüzlerçe müň raýaty daşary ýurtlarda kyn durmuş şertlerine döz gelmäge mejbur galýan ýurduň döwlet baştutanynyň “Müsürde şa bolandan, öz iliňde geda bol” diýen sözlerine syn etmäge synanyşýar.

Gurbanguly Berdimuhamedow 1-nji sentýabr – Bilimler we talyplar gününde Aşgabadyň Maslahat köşgünde studentleriň hem-de hökümet resmileriniň öňünde taryh sapagyny berdi.

Ol ýygnananlaryň öňünde özüniň döwlet baştutany, belent serkerdebaşy, mugallym, professor we akademik hökmünde çykyş edýändigini aýtdy, garaşsyzlyk ýyllarynda gazanylandygy aýdylýan ösüşlerden söz açdy, raýatlary watany söýmäge çagyrdy.

Ýöne synçylara görä, Türkmenistanda birnäçe ýyl bäri dowam edýän ykdysady kynçylyklar, pandemiýanyň getiren oňaýsyzlyklary bilen goşalanyp, ykdysady krizise, sosial we saglyk krizislerine öwrüldi. Ykdysady kynçylyklaryň arasynda ýüzlerçe müň türkmenistanly eklenç gözleginde, ýa-da ýurt içindäki demikdiriji syýasy atmosferadan gaçyp daşary ýurtlara çykdy.

Berdimihuhamedow öz çykyşynda watansöýüjilikden gürrüň gozgady. Halkyň abadan durmuşda ýaşaýandygyny öňe sürdi. Ýöne daşary ýurtlarda ýaşaýan türkmenistanlylaryň aladalary, olaryň aýraçylygy, kyn durmuş şertleri sebäpli olaryň ýurdy terk etmäge mejbur boluşlary barada gürrüň gozgamady.

Gaýtam, “Towşana — dogduk depe”, “Müsürde şa bolandan, öz iliňde geda bol” diýdi, “Ýaryndan aýrylan ýedi ýyl aglar, ýurdundan aýrylan ölinçä aglar” diýdi, ata-babalaryň nakyllaryna salgylandy.

Programmamyzyň bu sanynda ýüzlerçe müň raýaty daşary ýurtlarda kyn durmuş şertlerine döz gelmäge mejbur galýan ýurduň döwlet baştutanynyň “Müsürde şa bolandan, öz iliňde geda bol” diýen sözlerine syn etmäge synanyşýar.

Gepleşigimize Pragadan türkmen ýazyjysy Hudaýberdi Hally gatnaşdy.

Daşary ýurtda köp raýaty bolan Türkmenistanyň prezidenti: 'Müsürde şa bolandan, öz iliňde geda bol!'
please wait

No media source currently available

0:00 0:15:00 0:00

XS
SM
MD
LG