Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Çaga iýmitleri gymmatlady, dermanyna pul tapmaýan pensioner köpelýär


"Näsaglyk kän, dermanlar gymmat" diýip, Azatlygyň söhbetdeşleri aýdýar.
"Näsaglyk kän, dermanlar gymmat" diýip, Azatlygyň söhbetdeşleri aýdýar.

Türkmenistanda harytlaryň, hususan-da gündelik azyk önümleriniň bahalarynyň ýokarlanmagy pensionerleri, eli ýuka maşgalalary çykgynsyz hala salýar diýip, Azatlygyň habarçylary we çeşmeleri habar berýärler.

Geçen ýylda gutusy 245 manat bolan çaga iýmiti, NESTOGEN bu ýyl eýýäm 265 manada çenli gymmatlady, käbir dermanlar 40, 50 manat gymmatlady diýip, habarçymyz ýazdy.

Söhbetdeşlerimiz ýurtda pensiýa çykyp, şypahanalarda ýeke gezek bejergi alamdyk adamlaryň kändigini, indi olaryň derman almaga hem pul tapmaýandyklaryny gürrüň berdiler.

Nyrhlaryň ýokarlanmagy 'adaty zada öwrüldi'

Diňe azyk harytlary, dermanlar däl, elektronika enjamlary, ätiýaçlyk şaýlary hem gymmatlaýar, hassahanalaryň tölegleri ýokarlanýar diýip, bu habary aýry-aýrylykda gürleşilen birnäçe adam tassyklady. Azatlyk ozal, sürüjilere salynýan jerimeleriň ýokarlanmagy bilen, ýol kireýleriniň hem ýokarlanandygyny habar beripdi.


Nyrhlaryň ýokarlanmagyna goňşy Eýranda geçen ýylyň aýagynda başlanan halk protestleri bilen baglylykda dörän ýagdaýlar, görnüşinden, Türkmenistana daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň möçberiniň azalmagy hem täsir edip biler.

Emma Azatlyk bu ýagdaý barada hiç bir resmi düşündiriş alyp bilmeýär, türkmen serhetlerinden geçirilýän azyk harytlarynyň möçberi barada elýeterli maglumat ýok.

Şol bir wagtda, Türkmenistanda nyrhlaryň ýokarlanmagy we bu ýagdaýyň ilatyň durmuş, ýaşaýyş şertlerine güýçli täsir etmegi asla täzelik däl.

“Aýlyk, pensiýa, maýyplyk pullarynyň 10% köpelmezligi pensiýa çykan adamlary çykgynsyz ýagdaýa salýar. Aslynda aýlyk haklary, pensiýa, kömek pullary 10% däl-de, 50% köpelende hem az” diýip, bir ýaşaýjy aýtdy.

Onuň pikiriçe, dollaryň şu günki gara bazar nyrhy bilen hasaplanyňda, ýurtda gazanylýan pullar ujypsyzja bir zat bolup, pensiýa ýaşyndaky adamlaryň Türkmenistanyň ilkinji prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň hem halkyň pensiýa, çaga pullaryna “elini urandygyny” ýatlamaklaryna sebäp bolýar.

Adamlar Nyýazowyň pesniýa, çaga puly 'krizisini' ýatlaýarlar

Aýry-aýrylykda gürleşilen adamlar Nyýazowyň ýalňyşlygynyň Berdimuhamedowlar maşgalasy tarapyndan hem gaýtalanýandygyny öňe sürdüler.

Habarçymyz bilen söhbetdeş bolan pensionerleriň birnäçesi, daşary ýurtlarda garawul, bagban, mallara seretmek diýen ýaly, bize boljak iş ýokmuka diýip soradylar.

Bir ýaşuly özüniň ömrüniň aglaba bölegini işläp, zähmet çekip geçirendigini, emma ýaşynyň soňunda iýjek çöreginiň hem gaýgy bolandygyny, beýle bolar diýip pikir etmändigini aýtdy.

Şu aralykda, çeşmeleriň aýtmaklaryna görä, ýurtda Aşgabatda ýerleşýän hukuk, adalat resmilerine, arz, şikaýat diňlenmeli edaralara barýanlaryň sany ‘gaty köpelýär’.

Azatlygyň habarçysy 9-njy ýanwarda, bir günde bir döwlet edarasyna 250-den gowrak adamyň aýlyklaryny, pensiýalaryny köpeltmeklerini sorap barandygy barada maglumat alandygyny aýtdy, ýöne bu maglumaty resmi ýagdaýda tassyklatmak mümkin bolmady.

Birnäçe çeşmäniň tassyklamagyna görä, diňe Aşgabatda däl, eýsem welaýatlaryň häkimliklerine ýüz tutýan adamlar hem gaty köpelipdir.


“Häkimiýetlere ýüz tutan adamlaryň aglabasy pensiýanyň, aýlyklaryň galdyrylmagyny soraýarlar. Şu günki günde raýatlary sessiz kabul etmek buýruldy. Şikaýat etmäge gelenleriň ählisine ‘işiňize serediler’ diýip, anyklaşdyrman jogap berýärler. Bu arza-şikaýatlaryň niräk baryp ýetjegi belli däl” diýip, bir ýaşaýjy aýtdy.

Dermanlar, çaga iýmiti köp adamy oýlandyrýar

Aýlyk, pensiýa we kömek pullarynyň möçberiniň ýokarlandyrylmazlygynyň arasynda, dermanlaryň we çaga iýmitleriniň bahalarynyň ýokarlanmagy jemgyýetiň iň goragsyz hasaplanylýan gatlaklaryny geçen ýyldakysyndan hem kyn ýagdaýa saldy diýip, çeşmeler aýdýar.

Aýdylmagyna görä, daşary ýurtlardan import edilýän çaga iýmitleriniň, derman serişdeleriniň bahalarynyň ýokarlanmagy telekeçilere salynýan salgytlaryň we beýleki paçlaryň ýokarlandyrylmagy bilen bagly.

“Hökümet boşan gaznasyny doldurmak üçin goşmaça girdeji gözläp, ilata salynýan salgytlary galdyrýar, agramyň ýönekeý adamlaryň gerdenine düşjegi olaryň azaryna däl” diýip, bir ýaşaýjy aýtdy.

Onuň sözlerine görä, bu salgytlary hasaplap bolmaýar, sebäbi olar resmi we resmi däl ýagdaýda alynýar.

“Telekeçiler haryt getirenlerinde çykarýan çykdajylaryny, resmi ýa resmi däl ýagdaýda töleýän paçlaryny soň alyjylaryň hasabyna ödemeli, olaryň başga çykalgasy ýok” diýip, söhbetdeşimiz aýtdy.

Türkmen häkimiýetleri raýatlaryň sosial media, garaşsyz neşirler arkaly bildirýän nägileliklerine açyk, resmi ýagdaýda reaksiýa bildirmeýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG