Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

COVID-19 çäklendirmeleri: Maryda etraplaryň arasyndaky awtobus gatnawlary ýatyryldy


Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanda COVID-19 aladalarynyň arasynda, türkmen häkimiýetleri ýurtdaky hereket çäklendirmelerini has-da güýçlendirýärler. Mary welaýatynda etraplaryň arasyndaky awtobus gatnawlarynyň tas ählisi togtadyldy. Bu waka ýurtda koronawirusyň esasy ojaklarynyň birine öwrülen welaýatda wirusa ýolugýanlaryň we ondan ölýänleriň görnetin köpelýän mahalyna gabat gelýär.

Azatlyk Radiosynyň Marydaky habarçysynyň maglumatlaryna görä, awtobus gatnawlary 29-njy awgustda çäklendirilip başlandy. 31-nji awgustda bu çäklendirmeler güýçlendirilip, 3-nji awgustda welaýatyň etraplarynyň arasyndaky awtobus gatnawlarynyň tas ählisi ýatyryldy.

Häzirki wagt Mary şäherindäki awtomenzilden Baýramaly, Murgap we beýleki etraplara, şeýle-de Şatlyk şäherçesine ýolagçy gatnadýan ähli awtobuslar gatnawlaryny bes etdi. Şeýle-de etraplaryň awtomenzillerinden beýleki sebitlere, şäherlere we şäherçelere gatnaýan awtobuslaryň gatnawy hem togtadyldy.

"Şu gün (3-nji sentýabrda) etraplarda we şäherlerde ýolagçy awtobuslary düýbünden göze ilmeýär. Diňe maskasyz adamlary çöplemek üçin aýlanýan içi polisiýaly awtobuslary görse bolýar" diýip, maryly bir ýaşaýjy anonimlik şertinde 3-nji sentýabrda habarçymyza gürrüň berdi.

Awtomenziliň resmileri ilata dilden beren maglumatlarynda awtobus gatnawlarynyň ýatyrylmagynyň sebäplerini "koronawirus hadysalarynyň köpelmegi bilen bagly güýçlendirilen karantin çäklendirmeleri" diýip düşündirýärler.

Ýöne olar beýleki etraplara ýa-da şäherçelere gatnap işleýän raýatlaryň "öz iş ýerlerimize nädip aşmaly?" diýen soraglaryna hiç hili jogap bermeýärler.

"Elimiz, aýagymyz kesilen ýaly boldy. Ähli zady ýapdylar. Köp adam pagta bazda, kerpiç zawodda we beýleki etraplardaky kärhanalarda işleýär. Wirus sebäpli awtobus gatnawlaryny ýatyrsalar-da, bize öýüňizde oturyň diýmeýärler. Biz iş ýerlerimize nädip gatnamaly? Muňa hiç kim jogap bermeýär" diýip, Baýramaly şäheriniň awtomenzilinden Garagum etrabyna gatnap işleýän ýaşaýjylaryň biri 3-nji sentýabrda habarçymyz gürrüň berdi.

Habarçymyzyň sözlerine görä, awtobus gatnawlarynyň ýatyrylmagy ilat arasynda hususy eýeçilikdäki taksilere bolan talabyň ýokarlanmagyna, netijede olaryň bahasynyň gymmatlamagyna getirdi.

"Häzir etrapara kireý nyrhlarynyň bir ugry 10 manada, şäher içi 3-4 manada barabar. Ortaça aýlyk haky 1200 manada deň bolanda, muny her gün tölejek bolsaň, aýlygyň tas ýarysy ýol kireýe gitjek" diýip, maryly ýaşaýjy aýtdy.

Azatlyk bu aýdylanlar barada sebitiň degişli häkimiýetlerinden, şol sanda Marynyň awtomenzilinden goşmaça maglumat ýa kommentariýa alyp bilmedi.

Maryda awtobus gatnawlarynyň ýatyrylmagy ýurtda koronawirusyň esasy ojaklarynyň birine öwrülen welaýatda wirusa ýolugýanlaryň we ondan ölýänleriň görnetin köpelýän mahalyna gabat gelýär. Soňky bir aýdan gowrak wagtyň dowamynda welaýatda ençeme hassahana we oba karantine ýapyldy.

Mundan ozal, Maryda awtobus gatnawlary geçen ýylyň tomsunda, ýagny wirusyň birinji tolkunynda ýatyrylypdy.

Türkmen häkimiýetleri wirusyň ýaýramagyna garşy çäklendirmeleri yzygiderli güýçlendirýärler. Ýurduň ýokary okuw jaýlarynda okuwlar bölekleýin onlaýn tertibe geçirildi, orta mekdeplerde ýokary synp okuwçylaryň dynç alyşlarynyň möhleti ýene bir aý uzaldyldy.

Bu günsaýyn güýçlendirilýän ätiýaçlyk çärelerine garamazdan, türkmen häkimiýetleri ýurtda COVID-19-yň hasaba alynmandygyny tekrarlap gelýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG