Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Serdar Berdimuhamedow 10 kärhananyň satyljagyny aýtdy, işini ýitirjekleri agzamady


Wise-premýer Serdar Berdimuhamedow prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň satyljak kärhanalar barada aýdýan zatlaryny ýazyp alýar. Türkmen TW-sinden alnan surat. 3-nji sentýabr, 2021.
Wise-premýer Serdar Berdimuhamedow prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň satyljak kärhanalar barada aýdýan zatlaryny ýazyp alýar. Türkmen TW-sinden alnan surat. 3-nji sentýabr, 2021.

Türkmenistan döwlet eýeçiligindäki kärhanalary we desgalary hususylaşdyrmak işlerini dowam etdirýär.

Wise-premýer Serdar Berdimuhamedowyň hökümet mejlisinde beren hasabatynda aýdylmagyna görä, döwlet eýeçiliginden aýrylmaly kärhanalaryň sanawyna ýurduň esasy ykdysady diregi bolan nebit-gaz pudagynyň desgalary hem girizildi.

Geçirilen seljermeler azyndan 10 sany döwlet kärhanasynyň, “Türkmengaz” döwlet konsernine degişli 5 desganyň, “Türkmenawtoulaglary” agentligine degişli 3 desganyň, “Türkmenhimiýa” döwlet konsernine degişli 1 desganyň, Lebap welaýat häkimligine degişli hem 1 desganyň döwlet eýeçiliginden aýrylmalydygyny görkezipdir. Sanawa girizilen kärhanalary we desgalary bäsleşikli söwda arkaly hususylaşdyrmak, ýagny satmak teklip edilýär.

Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, hususylaşdyrmagyň ykdysady we durmuş taýdan ähmiýetine aýratyn üns berilýändigini belledi.

Türkmen mediasy wagtal-wagtal ýurtda hususylaşdyrylýan kärhanalar we desgalar barada habar berýär, ýöne bu ýagdaýyň iş orunlaryna ýetirýän täsirleri, galyberse, döwlet eýeçiliginde gowy netije görkezmedik kärhananyň soň, hususy eýeçilikde görkezýän netijeleri barada açyk maglumat bermeýär.

Ýerli synçylaryň tassyklamagyna görä, hususylaşdyrmak kararlary kähalatda ozaly ýüzlerçe adamyň iş orunlaryny ýitirmegine getirýär.

Hususylaşdyrma netijesinde işini ýitiren we täze hünär öwrenip, başga işe ýerleşip bilmedik adamlaryň köpüsi işsizleriň hataryna goşulýar ýa-da daşary ýurtlara zähmet migrasiýasyna gitmäge mejbur bolýar diýip, Azatlyk bilen gürleşen zähmet migranty aýtdy.

Satyljak kärhanalaryň täze sanawy prezidentiň 1-nji sentýabrda ýaşlara umumy sapak berip, watan, ýurt hakyndaky nakyllary ýatladan wagtynyň yz ýanynda aýan edildi.

XS
SM
MD
LG