Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanyň halk artisti Roza Turaýewa aradan çykdy


Roza Turaýewa
Roza Turaýewa

3-nji sentýabrda Aşgabatda opera aýdymçysy, Türkmenistanyň halk artisti Roza Turaýewa 84 ýaşynyň içinde aradan çykdy. Bu barada ashgabat.in internet neşiri habar berýär. Maglumatda ölümiň sebäbi aýdyňlaşdyrylmaýar.

Roza Saparowna Turaýewa 1938-nji ýylda Maryda doguldy. Ol 1960-njy ýylda Magtymguly adyndaky opera we balet teatrynyň ýanyndaky ýöriteleşdirilen saz mekdebini tamamlady.

Okuwyndan soň we 1989-njy ýyla çenli Magtymguly adyndaky opera we balet teatrynda 30 ýyl töweregi zähmet çekdi. Ol Werdiniň “Trawiate” we “Rigoletto”, Rossininiň “Sewilýaly dellekçi”, Offenbahyň “Ajaýyp Ýelena” we Bizeniň “Karmen” eserlerinde dagy esasy partiýalary ýerine ýetirdi.

XS
SM
MD
LG