Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Marynyň hassahanalary paýtagta kislorod iberýär we ölenleriň jesetlerini çykarmaga ýetişmeýär


Aşgabatdaky hassahana
Aşgabatdaky hassahana

Marynyň lukmançylyk edaralarynyň paýtagta kislorod balonlaryny ibermegi guralýar. Şol bir wagtyň özünde ýerli hassahanalaryň özlerinde kislorod ýetmezçilik edýär, dermanlaryň we beýleki lukmançylyk enjamlarynyň ýiti zerurlygy saklanýar. Koronawirusdan ölýänleriň sany köp. Bu aralykda Aşgabatda ýas çäreleri gadagan edilýär. Şu günki ýagdaýar barada Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçylary gürrüň berýär.

Marynyň her bir lukmançylyk edarasyna paýtagta birnäçe kislorod balonyny ibermek tabşyryldy. Azatlygyň ýerli lukmançylyk edaralaryndaky çeşmelerine görä, ortaça 5-15 sany balon ugratmak talap edilýär. Munuň ýerli häkimiýetleriň inisiatiwasy ýa-da merkeziň buýrugydygy belli däl. Azatlyk Marydaky saglyk resmilerinden we Türkmenistanyň Saglygy saklaýyş ministrliginden düşündiriş alyp bilmedi. Resmiler žurnalistleriň ýüzlenmelerine jogap bermeýärler.

Bu aralykda, welaýat hassahanalary üçin dermanlar we lukmançylyk enjamlary iňňän zerur. Maryda koronawirus bilen kesellänleriň sany köpelýär. Hassahanalarda ýer, däri-derman, kislorod hemmä ýeterlik däl. Kislorod esasan agyr näsaglara berilýär.

"Gezek gezeginde agyr hassalara kislorod berýäris. Her balony yzygiderli kislorod bilen dolduryp durmalydyr. Ýagdaýy agyr näsaglara kislorod hemişe gerek, olara her ýarym sagatdan berilýär. Köp adam maskasyz özbaşdak dem alyp bilmeýärler. Emma gezek-gezegine çalyşyp durmasak, hemmä ýetmeýär", - diýip, Marydaky hassahanalaryň biriniň işgäri aýtdy.

Çeşmelere görä, paýtagta kislorod ballonlaryny ibermek talaby diňe lukmançylyk edaralary bilen çäklenmeýär. Ýerli telekeçiler hem Aşgabat şäherine iberiljek kislorodly gurallary satyn almak barada buýruk aldylar. Bir balonyň bahasy 2000 manata ýetýär.

Mundan başga-da, Marydaky dermanhanalardan Aşgabada derman ibermek talap edilýär. Köp dermanlar, şol sanda antibiotikler ýerli dermanhanalarda hem azlyk edýär.

Marynyň ilaty birnäçe hepde bäri görlüp-eşidilmedik derejede COVID-19 keseliniň ýaýramagy bilen ýüzbe-ýüz boldy. Bütin maşgalalar kesel bolýar, ölüm halatlary gaty ýokary derejede saklanýar we käwagt hassalar hassahana barýan ýolda ölýärler.

Ýokanç keseller bölümindäki lukmançylyk edaralarynyň işgärleriniň sözlerine görä, medisina işgärleri merhumyň jesetlerini çykarmaga ýetişmeýärler. COVID-19-dan ölenler dezinfeksiýa çärelerine laýyklykda polietilen gaba gaplanýar. Lukmanlar gije-gündiziň dowamynda işleýärler.

6-njy sentýabrda Azatlygyň habarçysy hassahanalarda ýerleriň ýoklugy sebäpli sebit şypahanalarynyň ýokanç keseller hassahanalaryna öwrülendigini habar berdi. Wagtlaýyn ýokanç keseller bölümleri, şol sanda Şatlyk şäheriniň şypahanalarynda ýerleşýär.

Marydan Aşgabat şäherine lukmançylyk enjamlarynyň iberilmegine degişli meňzeş ýagdaý geçen ýylda ýüze çykyp, ýerli dermanhanalardan paýtagt Aşgabada wirusa garşy dermanlary we antibiotikleri ibermek talap edilipdi. Şonda Azatlygyň habarçysy bilen adynyň aýdylmazlygy şerti bilen gürleşen farmasewtler buýrugyň ýurduň Saglygy saklaýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan berlendigini aýdypdy. Bu ýagdaý 2020-nji ýylyň tomsunda koronawirusyň ilkinji tolkunyna gabat gelipdi.

Maryda koronawirus ýokaşan we ölýän adamlaryň sanynyň köpelmeginiň fonunda häzirki wagtda etraplar bilen şäherçeleriň arasyndaky awtobus gatnawlary togtadyldy.

Aşgabatda-da berk karantin çäreleri girizildi. Söwda, hyzmat we güýmenje obýektleriniň tas ählisi ýapyldy. Ýas çärelerine gadagançylyk girizildi.

"Irden aýnanyň aşagynda ýas üçin çadyr gurup başladylar. Emma entek dikip gutarmanka ony sökdüler we alyp gitdiler" diýip, Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy 6-njy sentýabrda habar berdi.

Keseliň köpelmegi bilen bagly ýagdaý ýurduň gündogarynda hem dowam edýär. Ýerli hassahanalarda hassalar üçin ýer, dermanlar we kislorod ýetmezçiligi bu ýerde-de güýçlenýär. Özlerini pul berip, bejertmek isleýänler köpelýär we bu hyzmat gymmatlaýar. Habarçylaryň sözlerine görä, koronawirusdan bejertmegiň bahasy 6-10 müň manat aralygyna ýetýär.

Azatlygyň Lebap welaýatyndaky habarçylarynyň aýtmagyna görä, 27-nji awgustdan bäri berk karantin çäreleri girizildi. Dükanlar we bazarlar ýapylansoň, nahar bişirip, öýlere eltmek ugrunda işleýän naharhanalar hem işini bes edipdir. Jemi 40 töweregi kafe we restoran işini togtatmaly bolupdyr. Müňlerçe adamyň gazanjy ýerli bazarlara we azyk nokatlaryna garaşly. Olaryň hemmesi bir wagtyň özünde girdeji çeşmesini ýitirip, döwlet olara hiç hili kompensasiýa bermeýär.

Ýerli telekeçiler dermanlaryň we lukmançylyk enjamlarynyň ýetmezçiligini daşary ýurt walýutasyna pul çalyşmakdaky kynçylyklar bilen baglanyşdyrýarlar.

"Döwlet tarapyndan satyn alnan wirusa garşy dermanlar ýeterlik däl. Hususy telekeçilere bolsa, döwlet kursundan pul çalyşmaga rugsat berilmeýär. Bu ýagdaýda hususy dermanhanalar derman serişdelerini satyn aljak bolsa, olar bazar nyrhy boýunça daşary ýurt walýutasyny satyn almaly bolýar, bu bolsa dermanlaryň bahasyny ep-esli ýokarlandyrýar" diýip, lebaply bir telekeçi aýdýar. Onuň sözlerine görä, üstesine hususy kärhanalaryň daşary ýurtlardan derman satyn almagy üçin Saglygy saklaýyş we derman senagaty ministrliginden rugsat almagyň zerurlygy hem ýagdaýy çylşyrymlaşdyrýar.

Öz çäginde COVID-19-yň bardygyny ykrar etmeýän Türkmenistan, koronawirusyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin daşardan maliýe kömegini almagyny dowam etdirýär. Iň erbet ykdysady krizis bilen ýüzbe-ýüz bolýan ýurt, pandemiýa sebäpli ýüze çykan saglyk we sosial problemalary çözmek üçin Bütindünýä bankyndan 20 million dollar karz aldy. Ýurduň hökümeti alýan pullaryny nämä sarp edýändigini köpçülige mälim etmeýär.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG