Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lebapda COVID-19 ýagdaýlary gürelýär, Köpugurly keselhana karantine ýapyldy


Lukman bir raýaty rentgene düşürýär (lllýustrasiýa suraty)
Lukman bir raýaty rentgene düşürýär (lllýustrasiýa suraty)

Lebapda koronawirus alamatly keselçilik bilen keselleýänleriň we ölýänleriň görnetin köpelmegi bilen, näsaglaryň akymyna döz gelip bilmeýän keselhanalar karantine ýapylýar. Azatlygyň habarçysy bilen söhbetdeş bolan türkmenabatly lukmanlar, COVID-19 ýokanjynyň täze tolkunynyň geçen ýylka garanyňda has agyr geçýändigini, şeýle-de ozalky tertipdäki bejergileriň hassalara kän oňaýly täsir etmeýändigini aýdýarlar.

“Wirus uly tizlik bilen ýaýraýar. Ýagdaý koronawirusyň ozalky birinji we ikinji tolkunlaryndaky ýaly däl. Öňki berýän bejergilerimiz hem hassalara kän täsir ýetirenok. Wirusa ýoluganlaryň sagalmagy kyn. COVID-19 bilen kesellän ýaşuly adamlaryň köpüsi heläk bolýar” diýip, howpsuzlyk aladalary sebäpli atlandyrylmasyzlygyny soran türkmenabatly lukman 10-njy awgustda habarçymyza gürrüň berdi.

Maşgala lukmany bolup işleýän saglyk işgäri koronawirusyň ýurtdaky häzirki görnüşiniň ştamy barada özünde anyk maglumatyň ýokdugyny aýtsa-da, ölüm howply ýokanjyň adamdan-adama has aňsatlyk bilen geçýändigi göz öňünde tutulanda, onuň “uly ähtimallyk bilen’ koronawirusyň delta görnüşidigini çaklaýandygyny hem sözüne goşdy.

Ýatlatsak, Azatlyk mundan öň daşary ýurtlardan getirilen raýatlaryň ençemesinde koronawirusyň delta ştamynyň ýüze çykarylandygy, munuň yzy bilen hem wirus bilen keselleýänleriň sanynyň göz-görtele artyp başlandygy barada maglumat beripdi. COVID-19-yň ýurduň çäginde ýokdugyny öňe sürýän türkmen häkimiýetleri, wirusyň ýaýramak geriminiň ýokarlanmagy bilen, ozal gowşadylan käbir gadagançylyklary, şol sanda hereket çäklendirmelerini hem täzeden ýola goýdular.

Bu aralykda, 9-njy awgustda habarçymyz Türkmenabadyň birnäçe saglyk öýüne, şol sanda Köpugurly hassahana, Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezine, Anyklaýyş merkezine, Tiz kömek klinikasyna dagy aýlanyp görüp, olaryň her biriniň öňünde ýüzden hem aşa adamyň saglygyna seretdirmek üçin nobata durandygyny gürrüň berdi.

Bellemeli ýeri, Azatlygyň ozal-da habar berişi ýaly, geçen hepdeden bäri Lebabyň Köpugurly we Ýokanç keseller hassahanalarynyň näsaglardan dolmagy sebäpli, olar diňe gartaşan raýatlary we göwreli aýallary kabul edip başlapdy. Munuň bilen baglylykda, saglyk işgärleri hassahana kabul edilmeýän näsaglara öýlerinden çykman, maşgala lukmanynyň gözegçiliginde bejergi almagy maslahat beripdiler.

Munuň netijesinde, wirus alamatly nähoşlar, hususan-da 20 ýaşlaryndaky raýatlar öýkenini surata düşürip, onuň näderejede ejir çekendigini bilmäge synanyşýarlar.

“Birnäçe günden bäri saglygym ýaramazlaşýar. Ýüz tutan keselhanalarym, onsuz hem näsaglardan doludygyny aýdyp, meni kabul edip bilmediler. Maşgala lukmanymyz ýagdaýymy anyklamak üçin, öýkenimiň rentgene düşürmelidigini aýtdy. In-e, dört sagat geçse-de, entegem nobatym ýetmedi” diýip, Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň öňünde nobata duran, özüni Selbi (ady üýtgedilen – red.) diýip tanyşdyran 30 ýaşlaryndaky türkmenabatly gürrüň berdi.

Bu aralykda, COVID-19 alamatly hassalaryň akymyna döz gelip bilmeýän keselhanalar karantine ýapylyp başladylar.

“Türkmenabatdaky Köpugurly hassahananyň diňe “Ç” blogy koronawirus näsaglaryna garamak üçin niýetlenen bolsa, häzir keselhana tutuşlygyna karantine ýapyldy. Şäheriň beýleki saglyk merkezleri hem näsaglardan doly” diýip, türkmenabatly lukman sözüne goşdy.

Maryda hem habarçylarymyz bilen söhbetdeş bolýan lukmanlar, koronawirus alamatly keselçilik bilen keselleýänleriň görnetin köpelýändigini, eger-de onuň gerimi häzirkisi ýaly dowam etse, onda welaýatyň ýokanç keseller hassahanalarynyň-da karantine ýapylmagynyň gaty ähtimaldygyny duýdurýarlar.

Azatlyk ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada degişli sebitleriň häkimliklerinden, şeýle-de Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugyndan goşmaça maglumat alyp bilmedi.

Geçen hepde Germaniýa koronawirusdan azatdygyny tekrarlaýan Türkmenistany COVID-19 ýokuşmalary bilen bagly ýokary töwekgelçilikli ýurtlaryň sanawyna goşdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG