Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda ilata azyk paýlarynyň indi aýda diňe bir gezek paýlanjakdygy duýduryldy


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Aşgabatda, 20 güne golaý arakesmeden soň, ilata subsidirilenen azyk önümleriniň käbir görnüşleri gaýtadan paýlandy. Şol bir wagtda, häkimiýetler ozal her 10 günde bir gezek paýlanan subsidirlenen azyk önümleriniň nobatdaky tapgyrynyň öňümizdäki aý satuwa çykaryljakdygyny duýdurdy. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy paýtagtdan maglumat berýär.

Onuň sözlerine görä, 6-njy sentýabrda ilata, maşgalada näçe adamyň bardygyna garamazdan, bir litr ösümlik ýagy, bir kilogram şeker we bir sany doňdurylan towuk paýlandy.

Bu önümler ýurduň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine degişli döwlet dükanlarynyň işgärleri tarapyndan Bagtyýarlyk, Berkararlyk, Köpetdag we Büzmeýin etraplarynyň ýaşaýjylarynyň öýlerine eltilip berildi.

"Azyk harytlary üçin ilat 65 manat töledi. Towugyň içi suwdan doldurylyp doňdurylypdyr. Onuň takmynan 250 gramy buz çykdy" diýip, efirde atlandyrylmasyzlygyny soran aşgabatly ýaşaýjy habarçymyza beren maglumatynda aýtdy.

Habarçymyz bu önümleriň hususyýetçilerdäki umumy bahasynyň 163 manada barabardygyny aýdyp, 7-nji sentýabrda paýtagtyň bazarlarynda ösümlik ýagynyň 65 manat, şekeriň 23 manat we doňdurylan towugyň 75 manat bahalanýandygyny belledi.

Onuň sözlerine görä, döwlet dükanlarynyň işgärleri ýaşaýjylara "sentýabrdan başlap subsidirilen azyk önümleriniň aýda bir gezek paýlanjakdygyny" aýdyp, onuň nobatdaky tapgyryna 6-njy oktýabrdan öň garaşmazlygy hem duýdurdylar.

Ýatlatsak, türkmen häkimiýetleri döwlet eýeçiligindäki azyk dükanlarynyň öňünde emele gelýän uly nobatlary “gizlemek” tagallalarynyň çäginde, maý aýynyň başyndan Aşgabatda subsidirlenen azyk önümlerini hojalyklara eltip bermek işlerini ýola goýdy. Bu tagallalaryň çäginde soňky aýlarda ilata azyk önümleri bir aýda üç gezek - her 10 günde bir sapar - paýlanýardy.

2-nji sentýabrda paýtagtdaky habarçymyz Parahat, şeýle-de 11-nji we 30-njy etrapçalara 30-31-nji awgustda paýlanmaly subsidirilenen azyk önümleriniň heniz-de getirilmeýändigini habar beripdi.

"Häkimiýetler ilata azyk paýlamak çäresiniň sanyny üç gezekden bir gezege azaldýar. Şeýlelik-de, ilata her aýda berilýän azygyň mukdary hem azalýar. Adamlar bir towuk, bir litr ýag we bir kilogram şeker bilen Garaşsyzlyk baýramyny bellemeli" diýip, aşgabatly ýaşaýjy aýtdy.

Türkmen häkimiýetleri subsidirilen azyk önümleriniň ilata paýlanýan mukdarynyň näme sebäpden azaldylýandygy barada hiç hili resmi düşündiriş bermeýärler.

Ýöne habarçymyz bilen söhbetdeş bolan ýagdaýdan habarly bir çeşme "häkimiýetleriň azygyň mukdaryny azaltmak esasynda ilaty bazar bahalaryna öwrenişdirmek isleýändigini" aýdýar.

"Hökümet subsidirlenen azyk önümlerini doly bazar bahasyna geçirmek isleýär. Ilaty bazar bahalaryna taýýarlamak maksady bilen, azyk önümleriniň mukdaryny azaldýarlar" diýip, çeşmämiz aýtdy.

Azatlyk bu aýdylanlar barada Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginden goşmaça maglumat ýa-da kommentariýa alyp bilmedi.

Türkmenistanda dört ýyldan gowrak wagt bäri dowam edýän ykdysady kynçylyklar, giň ýaýran işsizlik, bazarlarda azyk gymmatçylygy köp maşgalalary subsidirlenen önümlere garaşly goýýar.

Türkmen häkimiýetleri ykdysady kynçylyklary, azyk ýeter-ýetmezçiligini boýun alman, daşary döwletlere ynsanperwer kömegini iberýär, şeýle-de ýurtdan eksport edýän azyk önümleriniň möçberini artdyrýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG