Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow Türkmenbaşa baranynda dükanlarda we bankomatlarda nobatlar gadagan edildi


Illýustrasiýa suraty. Aşgabatda bir döwlet dükanynyň öňünde emele gelen azyk nobaty.
Illýustrasiýa suraty. Aşgabatda bir döwlet dükanynyň öňünde emele gelen azyk nobaty.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow günbatar Türkmenbaşy şäherinde saparda bolan günleri ýerli ilata azyk dükanlarynyň hem-de bankomatlaryň öňünde nobata durmak gadagan edildi. Azatlyk Radiosynyň habarçysy 14-nji awgust, şenbe güni Berdimuhamedowyň heniz hem Türkmenbaşy şäheriniň çägindedigini habar berdi.

Habarçymyzyň maglumatlaryna görä, Türkmenbaşynyň şäher merkezinde döwlet eýeçiligindäki azyk dükanlary geçen aýdan bäri ilata subsidirlenen azyk harytlaryny satmaýar. Her gün özleriniň azyk paýlaryny sorap, döwlet dükanlaryna barýan ýerli ýaşaýjylar polisiýa uniformaly adamlar we raýat eşikli howpsuzlyk işgärleri tarapyndan dargadylýar.

“Häzir prezident şäheriň çäginde. Adamlaryň dükanlaryň öňünde beýle ýagdaýda ýygnanyşmagy gowy däl. Prezident gitsin, onsoň paýok bereris” diýip, häkimiýet wekilleri azyk nobatlaryny dargadýar.

Ýöne bir ýerli ýaşaýjynyň sözlerine görä, adamlar öz öýlerinde hiç hili azyk galmandygy sebäpli her gün dükanlara barýandyklaryny aýdýarlar. Häkimiýetleriň wadalary ýerli ilaty gyzyklandyrmaýar.

Türkmenistanda dowam edýän ykdysady krizis ýurduň ähli sebitlerinde azyk üpjünçiliginiň ýagdaýyny ep-esli ýaramazlaşdyrdy. Maliýe kynçylyklarynyň arasynda ilatyň köp bölegi döwlet dükanlary arkaly ilata paýlanýan subsidirlenen azyk harytlaryna garaşly galdy.

Türkmenbaşyda döwlet dükanlarynyň öňünde azyk nobatlary dargadylýan mahaly, häkimiýetler prezidentiň sapary bilen baglylykda şäher bankomatlarynyň öňünde emele gelýän nobatlary hem nyşana alýarlar.

Azatlygyň habarçysynyň maglumatlaryna görä, şu günler Türkmenbaşyda adamlaryň bankomatlaryň öňünde üýşmegine rugsat berilmeýär. Habarçymyz bu gadagançylygyň şäher häkiminiň tabşyrygy bilen ýerine ýetirilýändigini habar berýär. Bankomatlarda nobatlaryň gadagan edilýän mahaly, ýerli ýaşaýjylar ilatyň aýlyk haklarynyň gijikdirilýändigini aýdýarlar.

Döwlet metbugatyna görä, 11-nji awgustda prezidenti Berdimuhamedow Balkan welaýatynyň çäginde Harby-Deňiz güýçleriniň täze harby bölüminiň hem-de Döwlet serhet gullugynyň täze binalar toplumynyň açylyşyna gatnaşdy.

Has ozal, Azatlyk Radiosynyň habarçylary awgustyň başlarynda prezidentiň maşgala agzalarynyň Awazada dynç almagy bilen baglylykda, galyberse-de, Merkezi Aziýa liderleriniň Awazada geçirýän duşuşygynyň fonunda Türkmenbaşyda ýygy-ýygydan hereket çäklendirmeleriniň güýje girizilendigini habar berdiler.

Hazaryň kenaryndaky Awaza kurort şäherçesi Türkmenbaşy şäheriniň çäginde ýerleşýär.

Habarçymyz awgustyň başlarynda iberen habarynda Berdimuhamedowyň ýakyn töweregi bilen bir hatarda ýokary derejeli resmileriň maşgala agzalarynyň hem Awazada dynç alýandyklaryny habar berdi.

11-nji awgustda döwlet telewideniýesi ýurduň ýolbaşçy düzüminiň şu günler Awazada dynç alýandygyny habar berdi.

Ýöne ýolbaşçylar dynç alýan mahaly, dükanlarda we bankomatlarda nobatlaryň gadagan edilmegi ýerli ilatyň nägileligine sebäp bolýar.

“[Bular] dynç almaly, adamlar öýlerinde garaşmaly!” diýip, bir ýerli ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde nobatlara girizilen gadagançylykdan şikaýat etdi.

Bu aralykda, şäheriň döwlet dükanlarynda nobatlar gadagan edilýän mahaly, hususy söwda nokatlaryna azyk harytlarynyň bahalarynyň ýokarlanmagy dowam edýär.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy şäheriň bazarlarynda şu günler bir kilogram unuň 25 manatdan satylýandygyny habar berdi, bir kilogram et 80-110 manat aralygynda bahalanýar.

Türkmenistanda bir kilogram unuň döwlet bahasy bir manat töwereklerindedir.

“Aýda 600 manat girdeji gazanýan raýatyň et iýmäge mümkinçiligi ýok” diýip, bir ýerli ýaşaýjy gymmatçylykdan şikaýat etdi.

“Bir kilogram ýag 65-95 manat aralygynda” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG