Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Göwün joşýar"- Aşgabatda çäklendirmeleriň öňýany konsert geçdi


Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň kamera konserti, 31-nji iýul, Aşgabat
Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň kamera konserti, 31-nji iýul, Aşgabat

Koronawirus çäklendirmeleri türkmen paýtagtynyň medeni durmuşyna-da täsir etdi. Planlaşdyrylan konsertler ýatyryldy. Häzirki berk çäklendirmelerden öňki täsirli medeni wakalaryň biri, Birinji seýilgähiň Medeniýet merkezinde geçirilen "Göwün joşýar" atly konserti boldy. Azatlyk Radiosynyň bu aýdym-saz çäresine tomaşaçy bolan habarçysy Aşgabatdan habar berýär.

Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň solistleri Rasul Gylyjowyň ýolbaşçylygynda şu tomus Birinji seýilgähiň Medeniýet merkezinde iki gezek kamera konsertlerini geçirdiler.

Öňki filarmoniýa jemgyýetiniň kiçi zaly, oturgyçlaryň “sanitariýa” tertibi esasynda goýulmagynda ýüzden gowrak adamy ýerleşdirdi. Bu ýere klassiki sazyň hakyky muşdaklary geldi. Konserti alyp baryjy "biziň diňleýjilerimiz aýdym-saz intellektuallary", diýip konserte gelenleri hormat bilen garşy aldy.

21-nji awgustda "Göwün joşýar" atly konserti XVIII asyryň ikinji ýarymynyň italýan kompozitory Domeniko Cimarosa we nemes kompozitory Kristofer Glukyň “Orfeý we Ewridika” operasyndan “Konçerto” eseri bilen başlandy.

Tomaşaçylaryň uly şatlygyna Bartokyň “rumyn halk tanslary”, Dwožagyň “Slawýan tanslary 2 we 8”, Loýzeleriň “Ýewreý halk sazlary”, Pýatsolanyň “Kiçijik gül satyjysy” we “Haýyş edýärin” atly tango sazlary ýaňlandy. Gallianonyň "Doktor Žiwago" filmi üçin sazy, häzirki döwür italýan kompozitory Wezzoliniň iki eseri we XIX asyryň ikinji ýarymynyň nemes kompozitory Karl Lulwigiň eseri ýerine ýetirildi.

Rimskiý-Korsakowyň "Gögeýiniň uçuşy" (“Polýet şmelýa”) eseri tomaşaçylaryň gaýta-gaýta islegi boýunça ýerine ýetirildi. Tomaşaçylar sazandalara uzak we çyn ýürekden el çarpmak bilen minnetdarlyk bildirdi.

21-nji awgustda "Göwün joşýar" atly wakasy ikinji konsert boldy. Birinjisi 31-nji iýulda "Sazly agşam" ady bilen geçirilipdi.

Iki konserte Selbi Öwezowa (fleýta) we Ýusup Öwezow (klarnet) gatnaşdylar. Bu sazanda jübüdi tomaşaçylaryň arasynda giňden tanalýar. 31-nji iýulda olara Mähri Orazowa (fortepýano) we Didar Ýomudow (goboý) gatnaşypdy, 21-nji awgustda olar bilen bilelikde Aýbölek Mukiýewa (gyjak), Elman Nasirow (alt) we Ýusupgeldi Gandymow (wiolonçel) çykyş etdiler.

Iki konsertiň programmasy "aýdym-saz tolkunlaryna görä" düzüldi: XVIII-XIX asyr günbatar klassikleriniň ussatlarynyň eserleri we soňky döwür kompozitorlarynyň, şol sanda häzirki zaman sazandalarynyň meşhur eserlerine öwrülen sazlar bar.

Birinji konsertiň düzümine XIX asyr klassikleriniň eserleri goşuldy; nemes kompozitory Robert Şuman, Awstro-wengriýaly Franz Doppleriň "Wengriýa fantaziýasy" atly fleýta we fortepýano üçin eseri, italiýaly Werdiniň we Bassiniň " Üç romans Op. 94 ", atly klarnet we fortepýano üçin eseri tomaşaçylara hödürlendi.

Konsert fransuz kompozitory we goboist Çarlz Koliniň goboý we fortepýano üçin “Uly konsert fantaziýasy” bilen dowam etdirildi. Soňra 20-nji asyryň ikinji ýarymynyň meşhur argentinaly kompozitory Astor Piazzolanyň fleýta we fortepýano üçin “Fugato” we klarnet we fortepýano üçin “La muerte del angel” atly iki eseri bilen tamamlandy.

Sowet kompozitory Ýewgeniý Brusilowskiniň "Boz aigyr" toplumyndan "Şerzo" eseri we , "tango nuewo" akymynyň döredijisi Astor Piazzolanyň "Libertango" sazy ýerine ýetirildi.

Döwlet simfoniki orkestriniň awgust aýynda planlaşdyrylan ýene bir konserti "Latyn Amerikasynyň sazlary" atly medeni wakasy ýatyryldy. Pul adamlara gaýtarylýar. Munuň üçin şahsy taýdan ýüz tutmaly.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG