Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda ilatdan mugt waksinanyň kepilnamasy üçin "bikanun töleg" geçirmek talap edilýär


Türkmenistanyň "Altyn Asyr" telekanalyndan alnan surat. Illýustrasiýa suraty
Türkmenistanyň "Altyn Asyr" telekanalyndan alnan surat. Illýustrasiýa suraty

Aşgabatlylar Türkmenistanda tas ähli pudaga giň ýaýran korrupsiýanyň adamzadyň saglygyna uly wehim salýan global pandemiýa döwründe-de, ýagny munuň bilen bagly geçirilýän waksina sanjymyny etmek işlerinde-de ýiti duýulýandygyny aýdýarlar. Olaryň sözlerine görä, şu günler waksina işlerini geçirýän saglyk işgärleri sanjym edilendigi baradaky kepilnama üçin her bir raýatdan 10 manat talap edýärler. Olar munuň üçin kwitansiýa bermeýärler. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy paýtagtdan maglumat berýär.

Häzirki wagt ýurtda COVID-19 bilen keselleýänler we ondan ölýänler ozal görlüp-eşidilmedik derejede ýokarlanan mahaly, paýtagtda ilata wirusa garşy waksina sanjymyny etmek işleri güýçli depginde alnyp barylýar.

Munuň bilen bagly, raýatlar öz ýaşaýan ýerine degişli Saglyk öýünde ýa-da hassahanada döwlet tarapyndan mugt üpjün edilýän waksina sanjymyny alýarlar.

Ýöne habarçymyz bilen söhbetdeş bolan paýtagtlylaryň ençemesi saglyk emeldarlarynyň, şol sanda lukmanlaryň we şepagat uýalarynyň bu işlerden hem "öz bähbidine peýdalanýandygyny" aýdýarlar.

"Resmi taýdan ilata koronawirusa garşy sanjym mugt edilmeli bolsa-da, saglyk işgärleri bu ýagdaýdan peýdalanyp, öz jübülerini doldurmaga çalyşýar. Sanjym edilenden soň, sanjym edilendigi baradaky kepilnamany almak isleseň, şepagat uýasy 10 manat talap edýär. Bu puly bermeseň, sanjym edilen bolsa-da kepilnamany bermeýärler. 10 manat üçin kwitansiýa hem ýazmaýarlar" diýip, efirde atlandyrylmasyzlygyny soran aşgabatly ýaşaýjy 14-nji sentýabrda habarçymyza gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, raýatlardan "bikanun" alynýan töleg munuň bilen hem çäklenmeýär. Kepilnamany alan raýatlardan oňa hassahananyň müdiriniň möhrüni basdyrmak hem talap edilýär. Bu ýerde-de, raýatlaryň her birinden 1 manat soralýar.

"Müdiriň kabulhanasynda oturyp, resminamalary müdire gol çekdirmek üçin eltip berýän kätip 1 manadyň nämä alynýandygyny düşündirmeýär. Ol puluň alnandygy barada kwitansiýa hem bermeýär" diýip, aşgabatly ýaşaýjy belledi.

Azatlygyň bu aýdylanlar barada ýurduň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginden, şeýle-de Aşgabat şäheriniň Saglyk müdirliginden maglumat ýa kommentariýa almak synanyşyklary netije bermedi.

Habarçymyzyň maglumatyna görä, häzirki wagt ýurtda COVID-19-a garşy waksina sanjymynyň edilendigi barada kepilnamasy bolmadyk raýatlar köpçülik ýerlerine, şol sanda işleýän ýerlerine, uçarlara goýberilmeýär. Şu sebäpli raýatlar waksina sanjymyny almaga synanyşýar.

Galyberse-de, şu ýylyň 7-nji iýulynda Türkmenistan COVID-19-a garşy waksinany 18 ýaşdan uly ähli raýatlar üçin hökmany diýip yglan etdi, şeýlelik bilen dünýäde öz ilatyny COVID-19 sanjymyny urdurmaga mejbur edýän az sanly ýurtlaryň birine öwrüldi.

Türkmenistanda COVID-19-yň ýeke ýagdaýynyň hem resmi taýdan hasaba alynmandygyny öňe sürýän türkmen hökümetiniň bu karary, ýurtda wirusa ýolugýanlaryň we ondan heläk bolýanlaryň gaýtadan köpelip başlan mahalyna gabat gelipdi.

Ýurtda waksinasiýa rus sanjymy bilen başlandy, emma tiz wagtdan ilatyň aglaba bölegine hytaý waksinalary edilýändigi mälim boldy.

Häzirki wagt habarçymyz ilata Hytaýyň "Sinopharm" kompaniýasy tarapyndan öndürilen "Bio Vero Cell" waksina sanjymynyň döwlet tarapyndan mugt edilýändigini aýdýar.

Şol bir wagtda, ol lukmana 200 manat para beren raýatlaryň Russiýada öndürilen "Sputnik" sanjymyny hem etdirip bilýändigini belledi.

Türkmenistanda korrupsiýanyň çaga dogulýan bäbekhanadan başlap, ýurduň dürli pudagyna, şol sanda orta mekdeplere, ýokary okuw jaýlaryna, edara-kärhanalara kök urandygyny Azatlyk bilen söhbetdeş bolan türkmenistanlylar onlarça ýyl bäri habar berip gelýärler.

Türkmenistan halkara guramalarynyň korrupsiýa hasabatlarynda ýylyň-ýylyna yzdaky orunlary eýeleýär.

“Transparency International” guramasynyň dünýäde korrupsiýanyň ýagdaýy boýunça 2020-nji ýyl üçin çap eden soňky hasabatynda Türkmenistan 180 ýurduň arasynda 165-nji orny eýeledi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG