Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabadyň morgyna günde ýüzlerçe ölen eltilýär. Maryda waksina almadyklara işden kowulmak howpy abanýar


Keselhananyň öňündäki nobat, Türkmenistan (illýustrasiýa suraty)
Keselhananyň öňündäki nobat, Türkmenistan (illýustrasiýa suraty)

Aşgabatda ölüm derejesi görlüp-eşidilmedik derejede ýokarlandy. Her gün ýüzlerçe ölen adam şäheriň morgyna düşýär. Gonamçylyklarda mazarlary taýýarlamak üçin ekskawatorlar ulanylýar, adamlar el bilen gazyp, ýetişmeýärler. Maryda waksina almadyk döwlet işgärlerine işden aýrylmak howpy abanýar. Bu barada Azatlygyň ýurtdaky habarçylary habar berdiler. Türkmenistanyň häkimiýetleri COVID-19 keselçiligini henizem ykrar etmeýärler.

Azatlygyň habarçylarynyň paýtagtyň saglygy saklaýyş edaralaryndaky çeşmelere salgylanyp habar bermegine görä, morga her gün ýüzlerçe merhum düşýär. Çoganlydaky morga her gün 200-300 merhumyň alnyp barylýandygy Azatlyga 10-njy sentýabrda mälim boldy.

Çoganlydaky gonamçylykda ölenleri jaýlamak işleri günde ir 8-den agşam 9-a çenli dowam edýär. Mazarlar indi el bilen taýýarlanmaýar, ekskawatorlar gazýar, sebäbi gonamçylyk işgärleri mazar gazyp ýetişmeýärler.

Habarçylar şeýle hem köpleriň öýde ölýändigini, soň morga äkidilmän, öýden gonamçylyga eltilip, jaýlanandygyny habar berdiler. Köplenç hassahanalarda ölen hassalar plastik paketlerde jaýlanýar, köp halatlarda jaýlanyş çäreleri merhumyň ýakynlary gatnaşmazdan geçirilýär. Ölenleriň köpüsinde koronawirusyň bolandygy testler bilen tassyklanandygyny çeşmeler aýdýar.

Häkimiýetleriň dymmagyna garamazdan, Türkmenistanda koronawirusyň ýaýramagy dowam edýär. Azatlygyň habarçylaryna we çeşmelerine görä, koronawirus synaglary Türkmenistanda COVID-19-yň "Delta" görnüşiniň bardygyny tassyklaýar.

Habarçylarynyň aýtmagyna görä, 13-nji sentýabrda Aşgabatdaky ähli hassahanalarda, şol sanda demir ýol we trawmatologiýa keselhanalarynda boş ýer ýok.

Ölüm derejesiniň ýokarlanmagy bilen bagly ýagdaý sebitlerde-de dowam edýär. Türkmenabatda soňky iki günde ölüm hadysalarynyň sany biraz gowşan ýaly boldy, Daşoguzda bolsa ölüm köpelýär. Bu barada Azatlygyň sebitlerdäki ýerli habarçylary habar berdiler.

Azatlyga mälim bolan käbir anyk hadysalarda bir maşgalada birnäçe agzasy yzly-yzyna koronawirusdan ýogaldy. Olarda COVID-19-yň barlygy testler arkaly keselhanalarda ýüze çykaryldy.

Bu aralykda, ýurtda koronawirusyň bardygyny inkär edýän Türkmenistanyň häkimiýetleri bu keseliň öňüni almak üçin çäreleri güýçlendirýärler. Soňky günlerde ilata waksina etdirmek üçin basyş artdy. Sanjym edilmedik döwlet işgärlerine işden aýrylmak howpy abanýar.

Maryda döwlet edaralarynyň we kärhanalarynyň işgärlerine koronawirusa garşy sanjym edilmese işden aýrylmak barada duýduryş berildi.

Azatlygyň habarçysynyň 13-nji sentýabrda aýdyşy ýaly, waksina etdirmedik işgärler sanjym alýança tölegsiz dynç alyşa ugradylýar.

Sanjym ýurtda hökmany hasaplanýar. Ýurt häkimiýetleriniň koronawirus meselesini açyk gozgamaýan wagtynda, ilatyň arasynda sanjymlara bolan ynamsyzlyk saklanýar.

Döwlet edara-kärhanalaryň işgärleriniň ençemesi işlerini ýitirmezlik üçin sanjym almaga mejbur bolýarlar. Sanjym edilmezden ozal adamlar waksina etdirmek kararyna özleriniň meýletin gelendigi barada dilhat ýazmaga mejbur edilýär.

Habarçylaryň sözlerine görä, ilat köpçüligine hytaý waksinasy edilýär. Ýurtda "Sputnik V" rus waksinasy hem resmi hasaba alnan.

Türkmenistan ilata edilýän sanjymlara degişli statistikany çap etmeýär. Azatlygyň çeşmelerine görä, sanjymy iýun aýyndan öň alanlaryň arasynda ölümli ýagdaýlar köp bolmandyr.

Ilata COVID-19-a garşy köpçülikleýin waksina etmek işi şu ýylyň fewral aýynda başlandy we sanjym iýul aýynda hökmany edildi. Ýurtda hökmany waksinasiýanyň yglan edilenden soň sanjymlaryň ýetmezçiligi döredi.

Ýurduň häkimiýetleri henizem koronawirusyň ýaýramagyny resmi taýdan ykrar etmeýärler. Emma çäklendiriji çäreleri güýçlendirip, koronawirus howpunyň bardygyny gytaklaýyn tassyklaýarlar.

Häzirki wagtda Türkmenistanda berk çäklendirmeler dowam edýär. Söwda, hyzmatlar we güýmenje obýektleri ýapyk durýar. Ýas çärelerini geçirmek üçin üýşmeleňler gadagan edilýär.

Maryda koronawirusa garşy çäreleri bozýanlary tutmak üçin reýdler güýçlendi. Şenbe we ýekşenbe günleri, Mary welaýatynyň ýaşaýyş ýerlerinde, şol sanda obalarynda polisiýa işgärlerini alyp barýan awtobuslary görmek mümkin olar maskasyz adamlary tutýarlar.

Şol bir wagtyň özünde habarçylaryň sözlerine görä, maskasyzlardan başga-da, polisiýa serhoş adamlary tutmak, dilegçilik edýänleri we zibil gaplaryndan galyndylary gözleýänleri saklamak üçin reýd geçirýär. Mundan başga-da, aliment tölemeýänleri we düzgün bozandygy üçin garyndaşlary we goňşulary tarapyndan habar berlen adamlar polisiýa çagyrylýar. Köplenç tussaglar pagta ýygmaga iberilýär. Olara berilýän gündelik plana görä, adam başyna 70 kilogram pagta düşýär.

Maryda pagta ýygym resmi taýdan 8-nji sentýabrda başlandy.

"Tutulan adam pagta ýygmagy bilmeýän bolsa we günüň ahyrynda, mysal üçin 10-15 kilogramy ýygsa, onda ol zerur mukdarda pagta ýygýança gaýtadan meýdana iberilýär" -diýip, çeşme aýtdy.

Bellemeli zat, reýd geçirýän polisiýa işgärleri ýaşaýan ýerlerinden başga sebitlerde işlemeli edildi. Mysal üçin, Garagum etrabyndan bolan polisiýa işgärleri Baýramalyda reýd geçirmäge iberilýär. Çeşmelere görä, bu polisiýa işgärleriniň öz dostlary we garyndaşlary üçin eglişik etmezligi üçin edilýär.

Polisiýa reýdleri duşenbe güni hem dowam etdirdi. Maryda we Baýramalyda, irden 8-den başlap, zibil gaplarynyň golaýynda adamlary saklaýan, şeýle hem köçelerde maskasyz mekdep okuwçylaryny tutýan polisiýa awtobuslaryny görmek bolýar.

Hemişelik iş ýeri bolan adamlar we mekdep okuwçylary 21 manat jerime töläp öýüne gidip bilýär, işsizler bolsa saklanýar we pagta ýygmaga iberilýär.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG