Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Lebapda lukmanlar hytaý waksinasynyň ikinji tapgyryny kabul etdi


S.Nyýazow adyndaky hassahana, Aşgabat (illýustrasiýa suraty)

Global pandemiýanyň fonunda hiç bir COVID-19 hadysasyny resmi taýdan hasaba almadyk Türkmenistan oňa garşy sanjym etmäge dowam etdirýär. Karantin çäklendirmeleriniň arasynda bölekleýin dikeldilen otly gatnawlary berk gözegçilikde dowam edýän mahaly, ýurduň howa ýollary kompaniýasy daşary ýurt gatnawlarynyň häzirki wagtda dikeldilmeýändigini habar berýär.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy 1-nji aprelde Türkmenabatda Ýokanç keselleri hassahanasynyň, Köpugurly hassahananyň, hem-de Tiz kömek gullugynyň medisina işgärlerine ikinji tapgyr sanjym edilendigini habar berdi. Sanjymlarda hytaý waksinasy ulanylypdyr.

Mundan ozal, bu saglygy goraýyş edaralarynda waksinasiýanyň ilkinji tapgyry 10-11-nji mart günleri geçirildi.

Şeýle-de, ýatladyp geçsek, Lebap welaýatynda waksinasiýa üçin töwekgelçilik toparlarynyň sanawlary ýanwar aýynda düzülipdi we oňa saglyk işgärleri we mugallymlar girizilipdi.

6-njy martda Hytaýyň telewideniýesi koronawirusa garşy hytaý waksinasynyň birinji tapgyrynyň Türkmenistana iberilendigini habar berdi. Türkmen metbugaty bu barada habar bermedi.

Türkmenistanda global pandemiýanyň fonunda şäherara köpçülik transportynyň hereketine girizilen çäklendirmeler martdan başlap bölekleýin dikeldildi. Martyň başynda Aşgabat – Daşoguz aralygynda awtobus gatnawy, Aşgabat – Türkmenabat aralygynda otly gatnawy synag tertibinde bölekleýin dikeldildi.

“Türkmendemirýollary” agentliginiň soňky beýanatyna görä, Mary we Daşoguz ugurlary boýunça gatnaýan otly gatnawlary hem synag tertibinde gaýtadan ýola goýuldy. Galan ugurlar boýunça girizilen çäklendirmeleriň möhleti 15-nji aprele çenli uzaldyldy.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy otly gatnawlary üçin ýolagçylardan COVID-19 test netijeleriniň talap edilýändigini habar berýär. Onuň maglumatlaryna görä, testler çäkli bolmagynda galýar.

Mundan ozal, “Türkmenhowaýollary” kompaniýasy halkara howa gatnawlaryny dikeltmegiň möhletiniň 31-nji marta çenli uzaldylandygyny habar berdi. Kompaniýanyň soňky bildirişine görä, halkara gatnawlary häzirki wagtda dikeldilmeýär.

“Türkmenhowaýollary” halkara howa gatnawlarynyň dikeldilmegi boýunça goşmaça maglumat berjekdigini aýdýar.

Bu aralykda, pandemiýa sebäpli daşary ýurtlarda galan raýatlar ýurda getirilýär. Ýurda dolanan raýatlar karantine alynýar

Habarçynyň maglumatlaryna görä, Lebapda täze gurulan dördünji karantin zolagy öz işine başlady.

Ýatlasak, Azatlygyň habarçylary 24-nji martda Lebap welaýatynda dördünji karantin zonasynyň gurluşygynyň başlanandygyny habar berdiler. Bu desga Çärjew etrabynda ýokanç keseller hassahanasynyň çäginde ýerleşýär.

Mundan ozal, Türkmenabadyň gündogaryndaky karantin zolaklarynda adam köp bolan üçin, häkimiýetler bar bolan zolaklary giňeltmek we täze desgalary gurmak üçin işe girişdiler.

Häkimiýetler karantin merkezlerini giňeltmek we ol ýerlerde şertleri gowulandyrmak kararyny yglan etdiler. 15-nji martda Lebap welaýatynyň häkimi we ýurduň saglyk ministriniň orunbasary Amyderýanyň kenarynda, ozal daşary ýurt gurluşyk kompaniýasy tarapyndan ulanylýan binalarda ýerleşýän 500 adamlyk uly karantin zolagyna baryp, şertler bilen tanyşdy.

Häzirki wagtda baş karantin merkezinde Täjigistandan, Özbegistandan we Türkiýeden ýurda gaýtarylyp getirilen türkmenistanly raýatlar bar. Olaryň 21 günlük karantin möhletiniň ýene bir hepdesi galypdyr. Olaryň 7-nji aprelde tapgyrlaýyn goýberilmegine garaşylýar. Boşan karantin orunlary daşary ýurtlardan gaýtarylyp getirilen raýatlar bilen doldurylýar.

Şeýle-de, habarçynyň maglumatlaryna görä, Hindistanda okuw türgenleşiklerine gatnaşyp ýurda dolanan 15 harby adamlar karantin üçin harby çadyrlara ýerleşdirildi.

Ýatlasak, hindi metbugatyna görä, Türkmenistanyň ýörite güýçleriniň düzümlerinden 16 desantçy fewralda hindi goşunyndan tälim aldy.

Türkmenistan karantin çärelerini bölekleýin ýeňledýän mahaly, habarçynyň maglumatlaryna görä, Türkmenabatda diňe toý çärelerine niýetlenen kafeler öz işini dikeldýär. Şeýle-de, habarçy ähli dabara çäreler üçin COVID-19 test netijeleriniň talap edilýändigini aýtdy.

Maglumat üçin aýdylsa, Türkmenistan şu wagta çenli öz çäginde hiç hili COVID-19 hadysasyny hasaba almady.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG