Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Abanýan ynsanperwer krizisiň arasynda donorlar Owganystana $1 milliard wada berýär


BMG-niň baş sekretary Antoniu Guterriş Ženewada Owganystan boýunça geçirilen halkara konferensiýada çykyş edýär. 13-nji sentýabr, 2021.
BMG-niň baş sekretary Antoniu Guterriş Ženewada Owganystan boýunça geçirilen halkara konferensiýada çykyş edýär. 13-nji sentýabr, 2021.

BMG-niň baş sekretary Antioniu Guterriş Owganystan boýunça geçirilen halkara maslahatda bu ýurt üçin 1 milliard dollardan gowrak ýardam yglan etdi. Has ozal, Guterriş uruşdan we gurakçylykdan ejir çeken Owganystana ýardam iberilmegi boýunça çagyryş edipdi.

“Onlarça ýyllyk uruşlardan, hor-homsylykdan, howp-hatardan ejir çeken [owganlar] belki-de iň howply döwür bilen ýüzbe-ýüz bolýar” diýip, Guterriş 13-nji sentýabrda Ženewada duşuşan 40 töweregi ýurduň ýokary derejeli wekillerine aýtdy.

Birleşen Milletler Guramasy Owganystana abanýan gumanitar krizisiň öňüni almak üçin şu ýylyň ahyryna çenli $600 milliondan gowrak serişdäniň zerur boljakdygyny çaklapdy.

Köp sanly ýurt özleriniň Owganystana gumanitar ýardam ibermäge taýýardyklaryny beýan etdi.

Ýöne şol bir wagtda, baýry jeňçileriň agalyk edýän diňe erkeklerden ybarat ministrler kabinetini yglan edip, halkara jemgyýetçiliginiň inklýuziw hökümet umytlaryny puja çykaran “Talybana” ýüzlerçe million dollar ýardam ibermekde çekinilýär.

Ýardam wadalarynyň gapdaly bilen “Talybandan” ynsan hukuklaryna hormat goýmak üçin çäre görmek talap edilýär.

Waşington 64 million dollar möçberindäki ynsanperwer ýardam üçin jeňçi topardan ýazmaça kepilnama talap etdi.

“Talybanyň” 1996-2001-nji ýyllar aralygynda durmuşa geçiren berk yslam dolandyryşyna dolanmagy bilen bagly aladalara garamazdan, Guterriş de-fakto häkimiýetler bilen gatnaşmazdan ynsanperwer ýardam ibermegiň mümkin däldigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG