Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Özbegistan ýüzlerçe owgan uçarmanyny we olaryň maşgalalaryny deport etmek işlerini tamamlady


Owgan harby uçarlary

Özbegistan ýurduň çägine howpsuzlyk üçin bikanun uçup gelen ähli owgan harby uçarmanlaryny we olaryň maşgala agzalaryny deport etdi.

Özbegistanyň daşary işler ministri Ýusup Kobuljonow 13-nji sentýabrda owgan raýatlaryny – onlarça owgan harby uçarynyň bortunda Özbegistana gelen ýüzlerçe adamy – deport etmek işleriniň soňky iki günüň dowamynda amala aşyrylandygyny aýtdy.

“The New York Times” neşiri has ozal bir ABŞ kongresmenine salgylanyp, pilotlaryň we olaryň maşgala agzalarynyň Birleşen Arap Emirliklerindäki bir ABŞ harby bazasyna geçirilýändigini habar berdi.

“Talyban” pilotlaryň we owgan harby uçarlarynyň yza gaýtarylmagy boýunça basyş etse-de, olar ABŞ we Özbegistan arasynda gazanylan ylalaşyk esasynda Birleşen Arap Emirliklerine geçirildi.

11-nji sentýabrda “Wall Street Journal” administrasiýanyň bu ylalaşygy geçen hepde gazanandygyny habar berdi.

Neşire görä, uçarmanlar we olaryň maşgala agzalarynyň jemi sany 585 adam.

Pilotlar geçen aý Birleşen Ştatlary Owganystandan goşun çekýän mahaly gysga wagtyň içinde hökümet güýçlerine gözegçiligi ele geçiren “Talybandan” gaçyp, maşgalalaryny owgan harby uçarlarynyň we dikuçarlarynyň bortunda Özbegistana getirdi.

Birleşen Ştatlary pilotlar eger öz ýurduna gaýtarylsa olaryň öldürilmeginden alada edýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG