Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

COVID-19: Maryda ölüm sanlary ýokarlanýar, waksinasiýa batlanýar. Türkmenabatda ýagdaý kadalaşýar


Illýustrasiýa suraty.
Illýustrasiýa suraty.

Mary welaýatynda koronawirus näsaglarynyň gürelmegi we ölüm sanlarynyň ýokarlanmagy bilen ilat arasynda waksinasiýa işleri batlanýar. Lebap welaýatynyň Hojambaz ertabynda epidemiologiki ýagdaý ýaramazlaşýar, Türkmenabat şäherinde we Çärjew etrabynda ýagdaý kadalaşýar. Bular barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary we çeşmeleri habar berýärler.

Soňky birnäçe hepde bäri möwjeýän koronawirus ýokuşmalarynyň fonunda, Türkmenistanyň hökümeti heniz hem ýurduň çäginde hiç hili koronawirus hadysasyny hasaba almady.

Azatlygyň Marydaky habarçysy sebit hassahanalarynyň näsagdan dolandygyny habar berdi. “Hassahanalarda ýer ýok” diýip, bir sebit ýaşaýjysy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Şol bir wagtda, habarçymyz dermanhanalara barýan adamlaryň köpdügini habar berdi.

Bu aralykda, sebit ilatynyň arasynda sanjym işleri batlanýar. Azatlygyň habarçysy waksina kabul etmedik adamlaryň edara-kärhanalarda işe goýberilmeýändigini habar berdi.

Türkmenistan 18 ýaşdan ýokary raýatlar üçin koronawirus waksinansyny hökmany diýip yglan eden az sanly ýurtlaryň hatarynda galýar.

“Hassahanalara barýan adamlardan soralýan ilkinji sorag olaryň waksina alanlygy barada bolýar. Hassahanalar adamlaryň hökmany suratda waksina kabul etmelidiklerini aýdýarlar” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy habar berdi. Şeýle-de, ol lukmanlaryň we şepagat uýalarynyň arasynda koronawirusa ýolugan adamlaryň bardygyny habar berdi.

Lebap sebitinde Hojmabaz etraby keselçiligiň gürelýän sebitine öwrülýär.

Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysy Hojambaz etrabynda köpelýän koronawirus näsaglarynyň 15-nji sentýabrdan başlap, Türkmenabadyň hassahanalaryna getirilip başlananadygyny habar berdi.

Şeýle-de, habarçymyz ýerli çeşmelere salgylanyp, Türkmenabat şäherinde we Çärjew etrabynda epidemiologiki ýagdaýyň kadalaşýandygyny, wirusyň ýaýramagynyň gowşaýandygyny habar berýär.

Lebapda ýerli häkimiýetlere ýakyn bir çeşmäniň maglumatlaryna görä, Azatlyk Radiosy derman ýetmezçiligi barada birnäçe gezek habar berenden soňra, Aşgabatdan baran prokuratura işgärleri Lebabyň hassahanalarynda barlag geçiripdirler.

Ýerli çeşme prokuratura barlaglaryndan soňra, Lebap welaýatynyň köpugurly hassahanasynda hem-de Ýokanç keselleri hassahanasynda näsaglara wirusa garşy dermanlaryň berlip başlanandygyny habar berdi.

Bu aralykda, Azatlyk Radiosynyň habarçysy Lebap welaýatynyň administratiw merkezinde karantin çäklendirmeleriniň dowam edýändigini habar berdi.

Onuň maglumatlaryna görä, häzirki wagtda Türkmenabatda ähli bazarlar we dükanlar ýapyk bolmagynda galýar; karantin güýçli depginde dowam edýär.

Habarçymyz bilen gürrüňdeş bolan birnäçe dükan eýesi we satyjylar 1-nji oktýabrdan başlap, öňki tertipde öz işlerine dowam etmäge rugsat beriljekdiginiň özlerine aýdylandygyny gürrüň berdiler.

Ýerli çeşme Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde koronawirus näsaglarynyň bejergisinde maşgala lukmanlarynyň tagallalarynyň ýokary bolandygyny gürrüň berdi.

Onuň maglumatlaryna görä, Türkmenabatda maşgala lukmanlary hassahanada ýatman öýde bejergi alýan köp näsaga Türkmenistanyň Saglyk ministrligi tarapyndan tassyklanan bir bejergi esasynda saglyk ýardamlaryny beripdirler.

“Şol bejergi köp näsaga kömek etdi. Häzirki wagtda Lebapda Welaýat hassahanasy we Ýokanç keseller hassahanasy koronawirus näsaglaryny kabul edýär” diýip, çeşme aýtdy.

Maryda waksinasiýa işleri batlanýan mahaly, Azatlyk Radiosynyň habarçysy ýerli çeşmelere salgylanyp, Türkmenabat boýunça 50 göterim raýata sanjym edilendigini habar berdi.

Türkmenistan sanjym işleriniň depgini boýunça statistiki malgumatlary köpçülige äşgär etmeýär.

Azatlygyň habarçysyna görä, Türkmenabatda koronawirus hassalaryny kabul edýän hassahanalar ýerli näsaglaryň sany azalansoň, Hojambaz we beýleki etraplardan hassa kabul edip başlapdyr.

“Ýene bir ýatlamaly ýagdaý – bu wirusyň güýçli tolkuny geçdi. Häzir bu wirus assa-ýuwaş azalyp başlady. Indi Türkmenabat boýunça näsag azaldy. Hassahanalara Hojambaz we beýleki etraplardan hassa kabul etmek tabşyryldy” diýip, bir ýerli lukman anonim şertlerde Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG