Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ, Angliýa we Awstraliýa Hytaýy nazarlap, täze goranyş şertnamasyny baglaşýar


Gündogar Hytaý deňzi. Bezeg suraty
Gündogar Hytaý deňzi. Bezeg suraty

ABŞ, Angliýa we Awstraliýa Hindi-Ýuwaş okeany üçin täze howpsuzlyk hyzmatdaşlygyny yglan etdi, bu çäre Hytaý tarapyndan tankyt edildi.

ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden, iňlis premýer-ministri Boris Jonson we Awstraliýanyň premýer-ministri Skott Morrison 15-nji sentýabrda AUKUS diýlip atlandyrylýan täze şertnamany yglan etdi.

Bu hyzmatdaşlyk goranyş ukyp-başarnyklaryny has giňden paýlaşmaga, şol sanda Awstraliýany ýadro energiýasy bilen işleýän suwasty gämiler bilen üpjün etmäge mümkinçilik berer. Hyzmatdaşlygyň beýleki ugurlary emeli intellekti, kiber we suwasty gorag mümkinçiliklerini öz içine alýar.

Üç ýurt hem Awstraliýanyň ýadro ýaraglary programmasyna däl-de, suwasty gämilerini herekete getirjek ösen ýadro tehnologiýasyna eýe boljakdygyny nygtady.

Bu habary yglan eden ýurtlaryň hiç biri täze howpsuzlyk bileleşigini sebitiň durnuklylygyna abandyrylan "aşa jogapkärçiliksiz" howp diýip atlandyrýan Hytaýa garşy göreşmek meselesini asla agzamady.

Pekin adam hukuklary, söwda we Hoň Koňdaky ýagdaý ýaly köp meselede bu üç ýurt bilen gatnaşyklaryny dartgynlaşdyrdy.

Hytaýyň barha artýan kuwwaty we täsiri, esasanam harby taýdan güýçlenmegi, Taýwana edilýän basyş we Günorta Hytaý deňzindäki hereketleri hem alada döretdi.

Şeýle-de, bu habar Awstraliýanyň ýadro energiýasy bilen işleýän suwasty gämileriniň täze flotuny gurmak üçin Fransiýa bilen baglaşan 40 milliard dollarlyk şertnamasynyň bozuljakdygyny aňladýar.

XS
SM
MD
LG