Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbegistanda şahsyýetlere daşary ýurt walýutasynda amal etmek rugsady berildi


Bezeg suraty
Bezeg suraty

Özbegistanda şahsyýetlere öz aralarynda daşary ýurt walýutasynda karz bermäge we töleg etmäge rugsat berildi. Bu baradaky karara respublikanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew 14-nji sentýabrda gol çekdi diýip, UzA agentligi habar berýär.

Prezident Şawkat Mirziýoýewiň 2017-nji ýylyň 2-nji sentýabrynda "Pul syýasatyny liberallaşdyrmagyň ileri tutulýan çäreleri barada" gol çeken kararyna laýyklykda, şol ýylyň 5-nji sentýabryndan başlap Özbegistanda ýuridiki şahslara we şahsyýetlere täjirçilik banklaryndan çäklendirilmedik mukdarda daşary ýurt walýutasyny satyn almaga rugsat berildi.

Bu karar esasynda şahsyýetler we edara görnüşli taraplar daşary ýurt walýutasyny erkin satyn almak we satmak mümkinçiligini aldy.

Emma Özbegistanda şu güne çenli şahsyýetlere daşary ýurt walýutasynda karz bermek we yzyna almak hukuklaryny berýän kanun ýokdy.

XS
SM
MD
LG