Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lebapda karantin çäklendirmeleri müňlerçe adamy gazançsyz goýýar, çagaly dilegçiler köpelýär


Lebapda karantin çäklendirmeleri müňlerçe adamy gazançsyz goýýar, çagaly dilegçiler köpelýär
please wait

No media source currently available

0:00 0:04:36 0:00

Lebap welaýatynda karantin çäklendirmeleri - ykdysady kynçylyklar sebäpli ýaşaýyş-durmuş şertleri ozal hem ýaramaz bolan - ilatyň gün-güzeranyny has-da kynlaşdyrýar. Türkmenabat şäherinde karantin çäklendirmeleri zerarly müňlerçe adam gazançsyz galýar. Gara bazarda dollaryň bahasy aşaklasa-da, hususyýetçilerde ýokary bahalar saklanýan mahaly, ilata paýlanýan subsidirlenen azyk önümleriniň käbiriniň möçberi azaldyldy. Bu habarlaryň arasynda, şäherde dilegçilik edýän adamlar, hususan-da kiçi çagaly aýallar köpelýär. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy sebitden maglumat berýär.

XS
SM
MD
LG