Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ŞHG ýolbaşçylary owgan kömegini köpeltmäge, doňdurylan emläkleri boşatmaga çagyrýar


ŞGH sammiti.

Russiýanyň we Hytaýyň ýolbaşçylygyndaky Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) liderleri dünýäni uruşdan tozan Owganystanyň doňdurylan emläklerini boşatmaga we “Talybanyň” häkimiýet başyna gaýdyp gelmegi bilen krizisiň gyrasynda duran ýurda berilýän kömegi güýçlendirmäge çagyrdy.

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin we onuň hytaýly kärdeşi Si Szinpin 17-nji sentýabrda Kollektiw Howpsuzlyk Şertnamasy Guramasynyň Täjigistanyň paýtagty Duşenbede geçirilen ugurdaş sammitinde Owganystana zerur bolan goldawyň berilmezliginiň ýurdy doly ynsanperwer heläkçiligine iterip, terrorçylygyň we neşe gaçakçylygynyň gülläp ösmegine ýol açyp biljekdigini aýtdy.

"Talyban" söweşijileri 15-nji awgustda Kabula girenden soň, Owganystanyň merkezi bankynyň takmynan 9 milliard dollarlyk daşary ýurt ätiýaçlyklary doňduryldy. Ol serişdeleriň köpüsi ABŞ-da we Halkara Walýuta Gaznasynda (HPG), Bütindünýä Bankynda saklanylýar. Daşary ýurt hökümetleri we beýleki donorlar hem Owganystan bilen bagly tölegleri togtatdy.

Wideo baglanyşyk arkaly ŞHG sammitine ýüzlenen Putin bu guramanyň Owganystandan uç alyp biljek "terrorçylyk, neşe gaçakçylygy we dini ekstremizm" howplarynyň öňüni almak üçin elinden gelenini etmelidigini aýtdy.

Bu ýurtdaky durmuşy kadalaşdyrmak we Owganystanda howpsuzlygy üpjün etmek barada beren wadalaryny ýerine ýetirmeklerini nazara alyp, ol howpsuzlyk bileleşiginiň "täze owgan häkimiýetlerini höweslendirmek" üçin “öz mümkinçiliklerini ulanmalydygyny” aýtdy.

XS
SM
MD
LG