Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatdaky iňlis ilçihanasy BMG bilen Türkmenistanda adam hukuklary düşünjesini ösdürer


Ylalaşyga Iňlis ilçihanasyndan missiýanyň başlygynyň orunbasary wezipesini ýerine ýetirýän Piter Dalbi we BMG-niň Türkmenistandaky ilat gaznasynyň başlygy Aýna Seýitliýewa gol çekdi.
Ylalaşyga Iňlis ilçihanasyndan missiýanyň başlygynyň orunbasary wezipesini ýerine ýetirýän Piter Dalbi we BMG-niň Türkmenistandaky ilat gaznasynyň başlygy Aýna Seýitliýewa gol çekdi.

Angliýanyň Aşgabatdaky ilçihanasy Türkmenistanda adam hukuklary meselelerini öňe sürmek üçin BMG-niň Ilat Gaznasy (UNFPA) bilen täze hyzmatdaşlygy ýola goýdy diýip, Birleşen Patyşalygyň hökümet neşiri habar berýär.

Aşgabatdaky iňlis ilçihanasy we BMG-niň Ilat gaznasy ýurtdaky adam hukuklarynyň, ynsan mertebesiniň we dürli-dürlüliginiň ähmiýetini ýokarlandyrmak maksadyny nazara alyp, ýerli polisiýa işgärleri we ýaşlar bilen täze hyzmatdaşlyga başlady.

13-nji sentýabrdaky hyzmatdaşlyk ylalaşygyna Iňlis ilçihanasyndan missiýanyň başlygynyň orunbasary wezipesini ýerine ýetirýän Piter Dalbi we BMG-niň Türkmenistandaky ilat gaznasynyň başlygy Aýna Seýitliýewa gol çekdi.

Angliýa tarapyndan goldanýan taslama UNFPA-nyň gender-transformatiw programmalarynyň üstüni ýetirýär we ýerli polisiýa inspektorlarynyň we tälim alyjylaryň arasynda jyns deňligi, adam hukuklary we öz içine alyjylyk meselelerine düşünmegi gowulandyrmaga gönükdirilen.

Bu polisiýanyň aýallara, gyzlara we beýleki dürli jemgyýetlere, ilatyň ejiz toparlaryna bolan çemeleşmelerini üýtgetmek prosesini başlar diýip, habarda bellenýär.

XS
SM
MD
LG