Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Türkmen türmelerindäki 'aýylganç dünýä'


Türkmen döwlet TW-sinde özüni näletleýän adamlary görkezmek usulyna ýurtda giň ýaýran jenaýatçylyga garşy göreşiň bir bölegi hökmünde seredilýär. Şol bir wagtda kanunda raýatlaryň özlerine, garyndaşlaryna garşy beren görkezmeleriniň hukuk güýjüniň ýokdugy aýdylýar.

Adam hukuklaryny goraýan "Memorial" merkeziniň we Türkmen Helsinki toparynyň hukuk goraýjylary 15-nji fewralda Türkmenistandaky syýasy tussaglaryň yzyndan baryp görmäge, olar bilen hat alyşmaga rugsat berilmeýändigini habar berdiler.

Ýaşlykdaky tussaghananyň köne, üç gatly binasynda bendi aýallary, bedenleriniň ähli ýerine el urup, erkekler barlaýar, türme goragçylarynyň arasynda ýekeje-de aýal görmedim diýip, 2015-nji ýylda türkmen türmesinde bolan öňki tussag , Aşgabadyň Köpetdag etrabynyň ozalky işgäri Orsýetde adam hukuklaryny goraýan "Memorial" merkezi bilen söhbetdeş bolanda tussaghana şertleri, türkmen türmelerindäki korrupsiýa hakynda jikme-jik maglumat berdi.

Bu maglumatyň birinji bölegini 6-njy fewralda, "Öňki tussag Türkmenistandaky 'başdan geçirmelerini" gürrüň berýär" diýen at bilen çap etdik.

Öňki tussag "Memorial" merkezi bilen söhbetdeşliginiň dowamynda aşakdaky maglumatlary berýär.

Barlagdan soň ony "stakan" diýilýän bir adamlyk, içinde diňe dik durup ýa hor bolsaň çommalyp oturan bolýan kamera salýarlar. Beton diwarlar tikenekli edilip suwalan we ýaplansaň – çümýär.

"Men o wagt semizdim, zordan ýerleşdim, ýöne öwrülip bilemok, sebäbi diwarlar "dişleýär". Ne suw, ne nahar berýärler. Hajat edesiň gelse diýip, ýokarysy kesilen baklaşka goýýarlar, bolany. Şol ýerde dört ýa bäş sagat sakladylar" diýip, tussag ýatlaýar.

"Hemmämizi, sekiz aýalyň ählisini barlanlaryndan soň, ikinji gata çykaryp, karantinde ýerleşdirdiler... Kameralar örän uludy. Ýöne ol ýerde hem, Žitnikowda bolşy ýaly, narlar (ýatylýan ýerler) demirdendi, olarda ýatmak kyndy, ne düşek, ne-de ýassyk bardy. Karantinde 12 gün sakladylar" diýip, öňki tussag aýdýar.

Ilkinji iki günde bizden habar tutmadylar, suwam bermediler. Suw sorasak, nobatçy şobada telefonyny berýär-de: jaň et, goý, saňa pul geçirsinler, soň näme gerek bolsa sora diýýär. Karantinde wagtyň, hemme zat adatdakysyndan on esse gymmat. Karantinden soň kola 20 manat, krantdan alnan çägeli suw 10 manat, a şeýle örän gymmat (manadyň resmi kursy şol wagt ABŞ-nyň 3,5 dollarydy, gara bazardaky kurs bolsa 17.5 manatdy – red. Belligi).

Iki gün soň nobatçy geldi, buzly legen getirdi. Ol adamlary depip, aýagyny buzly legene saldyrýar we ol ýere suw guýýar. Şeýle ýagdaýda otyrsyň. "Eger beýdip oturmajak bolsaň, goý, telefona 100 dollar geçirsinler, şondan soň aýagyňyzy buzly suwdan çykarmaga rugsat ederin" diýýär.

Ol marihuana çekeni üçin sekiz ýyl berlen gyzlaryň birine birki şarpyk urdy. Ol şobada: "Urmaň, ejeme jaň edeýin, häzir pul geçirer" diýdi. Men oňa "Sen samsykmy, sekiz ýyllap şeýdip pul berip oturjakmy?" diýdim. Men pul tölemekden boýun gaçyrdym, men Hitrowkadan, söweşiji, aýagymy legene salyp oturdym, şu sebäpden meniň çep böwregim şindem agyrýar diýip, öňki tussag gürrüň berýär.

Onuň sözlerine görä, onlarça adamyň saklanylýan kamerasynda suw hem ýok we türmedäkiler suw krantlarynyň ozalky baş prokuror, 2006-njy ýylyň aprelinden bäri Daşoguzda türmede oturan Gurbanbibi Atajanowanyň buýrugy esasynda aýrylandygyny aýdýarlar.

Gezelenje hepdede bir gezek çykarýarlar, çar tarapyň beton diwar, ýokaryň demir gözenek, beýleki tarapda erkekler gezdirilýär, kamera getirýärkäler, ýüzlerini diwara öwrüp, ellerini kelleleriniň ýokarsyna goýup, çalt aşak oturmaklary üçin, yzlaryna gelýän erkekleriň aýaklaryna dubinka bilen uruşlaryny gördüm diýip, tussag ýatlaýar.

Her gün irden sagat 6-da turuzýarlar, soň adama bir baklažka bulanyk, gomly suw berýärler, bäş litrlik, bir güne ýetmeli, isle ýuwun, isle iç. Üstesine hajathana hem bar, ýuwmaly, porsaýar, yssy, sentýabr aýy...

Düzgün boýunça aýallary duşa hepdede bir gezek äkitmeli, emma bir ýarym aýda "hammamda" diňe iki gezek boldum.... "Hamam" birinji gatda, türme başlygynyň kabinetiniň garşysynda. Işiginde eşik çykarylýan otag bar, girýärsiň, döwük-ýenjik kafeller aýagyňy gyýym-gyýym edýär. Bary-ýogy 12 duş bar, emma diňe ikisi işleýär, ýene birinde bolsa diňe sowuk suw bar. Suw güýçli däl, çala akýar....

Kamerada nahar iýemizde dar, hajathana hem şol ýerde, ysyndan oturar ýaly däl. Bir gezek prostynlary ýyrtyp, ýüp germäp, hajathananyň daşyndan tuty asdyk. Düşekleri ýere düşedik, betonda oturmaz ýaly. Nobatçy gelip, iýip oturan zatlarymyzy agdar-düňder etdi, asan tutularymyzy gopardy we bu eden işimiz üçin barymyzy urdy, nämemiş, bolanokmyş.

"Goý, biriňiz meýdan etsin, beýlekiňiz nahar iýsin, siz bu ýerde şeýle ýaşarsyňyz" diýýär. "Neme üçin?" diýdim. "Tramadol satmaly däl ekeniňiz" diýýär. Men düýpden başga madda boýunça otyrdym, emma olara garşylyk görkezseň, urmaga başlaýarlar diýip, öňki tussag gürrüň berýär.

Bir gezek bolsa nobatçy gelip, "Kimde 100 dollar bar?" diýip soraýar. "Eger hiç kimde bolmasa, özüňiz kimiň reýse gitmelidigini kesgitläň" diýýär. Men gyzlardan "reýs" näme diýip soradym. Olar maňa "bileňokmy?" diýýärler.

Gürrüň berdiler, gije wideo kameralary öçürip, aşakda, öňki ministrleriň oturýan aýratyn kamerasyna aýal eltýän ekenler.

"Eger ol ýere gitmek islemeseň, 100 dollar tölemeli" diýdiler. "Men 100 dollar ýok, emma men hiç ýere gitmerin. Goý, meni äkidip görsünler, soň näme bolýanyny göreris" diýdim. Soň deslapky tussaghana haýsydyr bir barlag geldi diýdiler, menden öňde ýene iki gyzyň nobaty bardy, hudaýa şükür, nobatym gelmedi diýip, tussag ýatlaýar.

Ejem duşuşyga geldi. Ol ýerde ähli zat üçin pesinden 100 dollar tölemeli. Meniň oglum kiçijikdi, entek bir ýaşy hem dolmandy. Ejem tölemelini töledi, ony maňa beton diwardaky penjiräniň arkasynda biraz elimde tutmaga rugsat berdiler. Soňra duşuşyk otagyna geçdik. Ol ýerde telefon, aralykda aňrysy erbet görünýän aýna, ini bir metre hem ýetmeýän koridor, goragçy eýläk-beýläk geçip dur...

Azyk geçirilmegine rugsat berýärdiler, ýöne, mysal üçin, kolbasany pyçak bilen kesip görýärler. Türkmenistanda sentýabrda hem yssy we ol sowadyjysyz ýerde iki günden zaýalanyp başlaýar. Emma haýyş et, haýyş etme, barybir kesýärler, barlamaly, birden içinde bir zat bar bolsa näme diýýärler we 100 manat berseň, kesmän bereli diýýärler. Artykmaç geçirilen azyk üçin her kilogramyna 50 manat bermeli. Biziň kameramyzda oturanlaryň aglabasy neşe maddalary üçin ýyl kesilen aýallar, olara ne duşuşyk, ne azyk geçirmek bolýar.

Howa sowap başlanda penjiräni aýna derek paketler we tagta bilen ýapdylar, sowukdan doňara gelýärsiň, etjek alajyň ýok, bu seniň öýüň däl. Erkeklerden galan porsy odeýala berýärler, arassasy gerek bolsa, 20 manat bermeli. Şol ýyl prezident çilimi gadagan etdi, onuňam bahasyny ýokarlandyrdylar. Men ejeme jaň edip ýetişdim, şu nomere we şu nomere pul geçir diýdim. Bu zatlaryň hemmesi barada rahat gürrüň bermek mümkin däl diýip, öňki bendi aýdýar.

Şu aralykda tussaglaryň yzyndan azyk geçirmek meselesindäki täze maglumatlar hem peýda boldy.

Adam hukuklaryny goraýan "Memorial" merkeziniň we Türkmen Helsinki toparynyň hukuk goraýjylary 15-nji fewralda Türkmenistandaky syýasy tussaglaryň yzyndan baryp görmäge, olar bilen hat alyşmaga rugsat berilmeýändigini habar berdiler. Şeýle-de, COVID-19 epidemiýasy sebäpli girizilen karantin çärelerini bahana edip, tussaglaryň yzyndan getirilen azyklary kabul etmekden ýüz öwürýärler diýip, habarda aýdylýar.

Mysal üçin, 6 ýyl azatlykdan mahrum edilen aklawçy Pygambergeldi Allaberdiewiň garyndaşlary 2020-nji ýylyň sentýabr aýyndan bäri ony ne görüp bilýär, ne-de onuň bilen hat alşyp. Hatda onuň özüne çykarylan höküme garşy şikaýat edip bilendigi ýa bilmändigi hem belli däl diýip, hukuk goraýjylar ýazýar.

Aşgabatly zenana dolanyp gelsek, ol "Memoraial" bilen söhbetdeşlikde adamlaryň gynag astynda görkezme bermäge mejbur boluşlary hakynda hem gürrüň berýär.

"Meni birnäçe gezek gije turzup, soraga äkitdiler we dürli görnüşde gynadylar. Operatiw bölümde Hoja diýip bir ýogyn, daýaw adam bardy, üç günden bir gezek nobatçy bolardy. Ol meni gijelerine aýratynlykda kabinetine däl, boş kamera getirdýärdi, ýanynda ýene iki adam bolardy. Çyrany göni ýüzüňe tutýar, kiçiräk agaç gapyrjagy açýar, simi barmaklaryňa berkidýär we uzyn iňňe getirýär. Ol meni gijelerine iki-üç gezek tok bilen gynady. Men huşumy ýitirip ýykyldym, näçe wagt geçenini bilemok. Olar meniň ýüzüme suw sepdiler, özüme gelmegim üçin. Bdenimde ýanyk yzy galdy. Bir gezek oturgyja daňdylar, poldan galdyrmak ýeňil bolar ýaly. Ýöne bular diňe gijesine edildi, sebäbi irden altyda turmalydy, meni barlagdan öň eýýäm yzyma getirýärdiler" diýip, öňki tussag ýatlaýar.

Onuň sözlerine görä, Hoja atly sülçi ondan haýsy gaişnik, ýagny ýol gözegçisi bilen sürüjilik şahadatnamasyny oňarandygyny sorapdyr, işleşen polisiýa ofiseriniň adyny aýtmagy talap edipdir.

"Seni onuň bilen etrap häkimi tanyşdyrdymy? Biz bilýäris, sen onuň bilen häkimligiň işgärleri üçin kwartira meselelerini hem çözdüň. Boýnuňa al, şeýtseň günä geçişe düşersiň. Eger hemmesini ýazmasaň, men seni günüňe goýmaryn. Saňa garşy goşmaça ýene bir jenaýat işini açaryn, öýüňi ýene bir gezek dökeris we ol ýerden neşe maddalaryny taparys, onsoň günä geçişe düşmersiň" diýip, öňki tussag özüniň başga adamlara garşy görkezme bermäge mejbur etjek boluşlary hakynda gürrüň berýär.

"Onuň elinde öňünden taýýarlanan "görkezme" hem bardy, ýöne ol türkmençe bolansoň, anyk näme ýazylgydygyny bilemok, men diňe ol ýazgynyň aşagyndan "meniň gürrüňim boýunça dogry ýazylypdyr" diýip, soňra golumy çekmelidim" diýip, öňki tussag Azatlyk bilen mundan öňki ýyllarda anonimlik şertinde gürleşen birnäçe raýatyň aýdan zatlaryna meňzeş ýagdaýy gürrüň berdi.

Birinji soragda Hoja maňa ogullyga alan ogluňy yzyna alyp, çagalar öýüne ugradaryn diýip haýbat atdy, ikinji soragda bolsa "ogluňy eýýäm ejeň elinden aldylar we bäbekler öýüne tabşyrdylar, seniň indi çagaň ýok" diýdi. Olar meni tas iki hepde gynadylar diýip, tussag ýatlaýar.

Şeýle-de tussag SIZO başlygy bilen bolan gürrüňden soňky urlup-ýenjilmeleri hakynda gürrüň berýär.

Meni bir gezek SIZO naçalnigi, deslapky tussaghananyň başlygy çagyrýar: "Kim sen? Gaişnikleri nirden tanaýarsyň?" diýýär. Men hiç bir polisiýa işgärini tanamok, men kezzaplyk etdim, hemme kişini aldadym" diýdim. Ol maňa "eger ogluňy göresiň gelse, men saňa kagyz bereýin, sen oka-da gol çek, söz berýärin, şeýtseň amnistiýa düşersiň" diýdi. Kagyzyň ýokary başynda türkmençe düşündiriş diýen ýazgy bardy, aşakda näme ýazylgydygyny bilmeýärin.

Men oňa şeýle diýdim: "Gulak as, başlyk. Sen meniň nirede işlänimi bilýärsiň. Häzir oktýabryň başy. Amnistiýa düşenleriň sanawy size sentýabryň aýagynda gelýär. Eger men ol sanawda bolmasam, men gol çekenimden soň, sen nädip prezidentiň ýanyna baryp meniň adymy goşdurjak? Maňa azar berme, barybir hiç zat aýtmaryn. Bu ýerde bolýan zatlar barada hem – bir baklažka sowuk suw we beýleki zatlar üçin seniň nobatçylaryňa näçe töleýänim barada hem hiç kime hiç zat gürrüň bermerin."

Öňki tussag bu gürrüňden soň, ilki şol gije boş kamera salyp, gowy ýenjendiklerini, ýene we ýene adam atlaryny sorandyklaryny aýdýar.

Ýöne bu urup-ýençme ertesi gün hem dowam etdirilýär. "Bu gezek üç adam bolup urdular, her hili erbet zatlary aýtdylar, gaýtalap oturjak däl" diýip, öňki tussag nobatçynyň arkasyna armatur bilen urup, karsere ugradandygyny, ol ýerde gan akmasy açylyp, haly agyrlaşanda gorkandyklaryny we nobatçy ginekology, Maýa Ataýewnany çagyrandyklaryny, onuň kabulhanasynda üç gün kuşetkada ýatandygyny gürrüň berýär.

Öňki tussag näme üçin lukmanyň kabulhanasynda ýatdyňyz diýen soraga "sanitar bölümde näsaglar üçin iki kamera bar, ýöne olaryň ikisinde hem öňki ministrleri saklaýarlar, "men bu baý adamlary hiç ýere iberip bilmeýärin, olaryň hersi öz ýeri üçin pul töleýär" diýip, lukman açyk aýdýar" diýip, tussag ýatlaýar.

Başda men gygyrdym. "Meni başlygyň ýanyna goýberiň" diýdim. Oňa nobatçylaryň adamy nä güne salýandygyny görkezmek isledim. Arza ýazmak üçin kagyz soradym, ganymyň durmaýandygyna şaýatlyk etmeklerini talap etdim. Emma Maýa Ataýewna maňa hiç zat bermedi, gaýta "Balam, men ýaşamak isleýärin, işlemek isleýärin, haýyş - Alla hatyrasyna sus, sen basym günä geçişe düşüp, azatlyga çykarsyň, men sanawy gördüm" diýip ýalbarýar. "Ýogsa ýanyňa bir zat taşlap, işiňi galplaşdyryp, seni öldürerler. Sen bu ýerdäki dünýäniň nähilidigini bilmeýärsiň, bu örän aýylganç dünýä. Ýuwaş otur, hiç zada baş galdyrma" diýýär. Tussag oňa "bolýar" diýmekden başga çykalga görmeýär.

Soň ejem duşuşyga geldi, men oňa ermeniçe yşarat edip, öz tanyşlarymdan kim bilen gürleşmelidigini aýtdym. Ol diýen adamlarymyň ýanyna baryp, tölemelini töledi we meni kildyma goýberdiler diýip, öňki tussag aýdýar.

Kildym – bu VIP-kamera, örän möhüm adamyň saklanýan ýeri ýaly bir zat, içi giň, holodilnik, telewizor, ýumşak krowat, türkmen halysy... bar, resmi taýdan bu uzagrak duşyşyklar üçin niýetlenen kamera. Emma ol ýerde duşuşyk berilmeýär diýip, tussag deslapky trussaghananyň başlygynyň kabinetiniň golaýynda, birinji gatda üç sany kildymyň bolandygyny, olaryň ikisinde erkek adamlaryň, birinde özüniň saklanandygyny gürrüň berýär.

Kildymda bolmak üçin bir adamdan aýda 500 dollar alýardylar. Meniň bilen bir ýerde ýyl kesilen öňki ministriň oýnaşy boldy, ony öňki ministriň iş şärigi hökmünde geçiripdirler. Ministrlikden ýa prokuraturadan barlag gelende, ol ikimizi umumy kamera äkitýärdiler we soň yzymyza getiýärdiler, sebäbi kildym resmi taýdan ýokdy.

Bir gezek ejem duşuşyga gelende, ýany bilen häkimlikden hem adam geldi: "Biz sen hakda hemme zady bilýäris, amnistiýadan soň öýe bararsyň" diýip, ol meni begendirdi. Emma ol wagt muňa ynanyp bilmedim diýip, "Memorial" merkezi bilen söhbetdeş bolan öňki tussag gürrüň berýär.

Şu aralykda Merkezi Aziýa boýunça analitiki merkeziň, adam hukuklarynyň bozulyşy barada habar berýän garaşsyz media-taslamanyň 9-njy fewralda beren habaryna görä, türkmen hökümeti türmeleri giňeltmegi we her türmedäki tussag ornuny 30% köpeltmegi planlaşdyrýar. Bu maglumaty hem, ýurt ýapyk bolansoň, beýleki türme habarlary ýaly, resmi taýdan tassykladyp ýa inkär etdirip bolmady.

Garaşsyz neşiriň ýazmagyna görä, Türkmen IIM-niň jezalaryň ýerine ýetirilmegi baradaky bölümine ýakyn çeşme türmeleri giňeltmek kararynyň baryp 2018-nji ýylda kabul edilendigini, ýöne onuň hiç ýerde "mazamlanmandygyny" aýdýar.

Mysal üçin, Lebabyň Seýdi şäherinde ýerleşýän umumy düzgünli LB-K-12 türmesindäki tussag orunlary eýýäm 1200-den 1600 çenli köpeldildi. Şol bir wagtda, bu türmedäki tussaglaryň sanynyň hemişe 2000-den aşýandygy aýdylýar. Şeýle-de, käbir ýyllarda bu ýerde saklanan tussaglaryň sanynyň 4500 adama çenli ýetendigi aýdylýar.

Hukuk goraýjylar türkmen türmelerindäki şertleri nazara alyp, pandemiýa aladalary bilen baglylykda, türkmen häkimiýetlerine ençeme gezek ýüz tutdular. Emma olaryň çagyryşlary, adatça bolşy ýaly, bu gezegem jogapsyz galana meňzeýär. Türkmenistan diňe türmedäki däl, azatlykda ýaşap ýören adamlaryň arasynda hem aldajy keseliň pidasy bolanlar barada hem habar bermeýär. Şol bir wagtda, koronawirus bilen näsaglanlara başga diagnozlaryň goýulýandygy habar berilýär.

"Türkmenistan Hronikasynyň" habarçylarynyň maglumatyna görä, 5-nji fewralda Seýdi şäherindäki umumy koloniýada 1969-njy ýylda doglan tejenli A. aradan çykdy. Lukmançylyk hasabatynda ölümiň sebäbiniň gepatit D. bolandygy görkezildi. Bu adam jezasynyň bir aý töweregi wagtyny sanitar bölüminde geçiripdir.

"Saglyk ýagdaýynyň ýaramazlaşandygyna garamazdan, ol ýöriteleşdirilen lukmançylyk edarasyna geçirilmedi. Garyndaşlaryna bolsa onuň ýagdaýy diňe ölenden soň aýdyldy" diýip, habarda bellenýär.

Tussagyň garyndaşlary derňew geçirmek we onuň ölümine sebäp bolan ýagdaýlary anyklamak talaby bilen Ahal welaýatynyň prokuraturasyna (hasaba alnan ýerinde) ýüz tutdular. Özara söhbetdeşlikde olara jesediň berlendigine begenmelidigi aýdylýar. Prokuratura işgäriniň sözlerine görä, öňüni alyş çärelerini göz öňünde tutup, tussaglaryň jesetleri garyndaşlaryna köplenç berilmeýär we, adatça, ölen tussagalry ýörite bellenen ýerlerde jaýlaýarlar diýip, TH ýazýar.

Merkezi Aziýa boýunça analitiki merkeziň çeşmesi häzir türkmen türmelerinde 35 müňe ýakyn tussagyň saklanylýandygyny, munuň ýurtda bendiler üçin niýetlenen türmeleriň kabul edip biljeginden üç esse kändigini aýdýar.

Şeýle-de çeşme täze türmeleriň gurluşygynyň plan boýunça 2025-nji ýyla çenli tamamlanmalydygyny, emma pandemiýa bilen ykdysady çökgünligiň hökümetiň planlaryna käbir düzedişleri girizendigini aýdypdyr. Täze türmeler ýetişenden soň, türkmen türmelerinde bir barada 47 müňe çenli tussagyň saklanylyp bilinjekdigi aýdylýar.

Azatlygyň ozal hem habar berşi ýaly, Türkmenistan sebitde ilatynyň jan başyna iň kän tussag düşýän ýurtlaryň biri hasaplanýar we, halkara guramalarynyň çagyryşlaryna garamazdan, türkmen türmeleri halkara gözegçileriniň, garaşsyz synçylaryň baryp we görüp bilmeýän ýerleri bolmagynda galýar.

Şunuň bilen baglylykda, adam hukuklaryny goraýan "Türkmen inisiatiwasy" we "Adam hukuklary boýunça halkara hyzmatdaşlygy" guramalary 12-nji fewralda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Reşit Meredowa ýüz tutdy.

Hukuk goraýjylar ministre Türkmenistanyň adam hukuklary boýunça 2016-2020-nji ýyllara niýetlenen milli planynda BMG-niň adam hukuklary geňeşiniň prosedurasyna laýyklykda, Türkmenistana adam hukuklary babatdaky ýörite hasabatçynyň goýberilmelidigini, emma munuň ýerine ýetirilmändigini ýatlatdylar.

Olar Türkmen DIM-ni BMG-niň ýörite proseduralary boýunça ýurda ýörite hasabatçylaryň goýberilmegi baradaky haýyşlarynyň ählisini berjaý etmäge, şol sanda BMG-niň bilim hukugy; aňrybaş garyplyk we adam hukuklary; kazylaryň we aklawçylaryň garaşsyzlygy boýunça ýörite hasabatçylaryny, zorlukly ýa mejbury ýitirim edilmeler; eden-etdilikli tussag etmeler we beýelekiler boýunça BMG-niň işçi toparlarynyň ýurda goýberilmegi baradaky haýyşlaryny bitirmäge çagyrýarlar.

Türkmen häkimiýetleri diňe öňki, belli tussaglar barada däl, soňky aýlarda türmä basylan tussaglar barada hem maglumat bermeýärler.

Mysal üçin, ÝHHG-nyň metbugat azatlygy boýunça wekili Tereza Ribeýro 11-nji fewralda Wenada Türkmenistanyň ilçisi Sylapberdi Nurberdiýew bilen duşuşdy. Bu barada guramanyň web sahypasynda habar berildi. Ribeýro ÝHHG-nyň metbugat azatlygy pudagyndaky ýagdaýa yzygiderli gözegçilik edýändigini aýdyp, ilçiden 2020-nji ýylyň sentýabr aýynda 4 ýyl iş kesilen blogçy Nurgelda Halykowyň işi barada goşmaça maglumat bermegini sorady.

Türkmen ilçisiniň bu haýyşa näme jogap berendigi aýdylmaýar. "Turkmen.newsiň" maglumatyna görä, 26 ýaşly Halykow dört ýyl azatlykdan mahrum edildi. Neşir onuň resmi taýdan kezzaplykda aýyplanandygyny, emma hakykatda galplaşdyrylan jenaýat işi esasynda jezalandyrylandygyny, ýagny 2020-nji ýylyň iýulynda BSG-nyň Aşgabada gelen wekilleriniň suratyny žurnalistlere iberenden soň tussag edilendigini aýdýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG