Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyzystanda benziniň bahasy gymmatlap, Orsýetdäkiden hem ýokary geçýär


Bezeg suraty
Bezeg suraty

Gyrgyzystanda benziniň bahasy ýokarlanýar. Sentýabryň aýagyna çenli Ai-92 we Ai-95 markaly benzinleriň bahasy eýýäm Russiýadakydan 2-3 som ýokary satylýar. Adatça, ýangyç we çalgy ýaglarynyň hemmesiniň diýen ýaly Russiýadan gelýändigine garamazdan, Gyrgyzystanda benzin arzan bolýardy.

Monopoliýa garşy döwlet gullugy ýangyç we çalgy ýaglarynyň bahasyny Ýewraziýa Ykdysady bileleşigi ýurtlaryndaky bahalara deňleşdirdi. Ýangyç bahalarynyň iň arzan ýeri häzir Gazagystan, iň ýokary ýeri Ermenistan hasaplanýar.

Gyrgyzystanyň Nebit söwdagärleri bileleşigi biraz öň, Russiýanyň sentýabrda iberýän ýangyçlaryna we çalgy ýaglaryna eksport paçlaryny hem goşup başlamagy bilen baglylykda, ýangyç bahasynyň ýene-de gymmatlajakdygyny duýdurdy.

Ýöne gurama Russiýa tarapyndan paçsyz berilýän ýangyjyň mukdarynyň üýtgemändigini, emma soňky 5 ýylda Gyrgyzystanda energiýa serişdelerine bolan talabyň yzygiderli artýandygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG