Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hyratda "giň ýaýran" hukuk bozulmalary aýallaryň arasynda gorky döredýär


Owgan aýallary

Adam hukuklaryny goraýjylar "Talybanyň" Owganystanyň günbataryndaky Hyrat şäherinde aýal-gyzlara garşy "giň ýaýran we çynlakaý" hukuk bozmalary amala aşyrmagynyň çynlakaý alada döredýändigini aýdýarlar. Şunuň bilen baglylykda, olar bu toparyň Kabuldaky ýolbaşçylarynyň öz agzalarynyň bütin ýurt boýunça edýän hereketlerine gözegçilik etmek ukybyny ýa-da islegini hem sorag astyna alýarlar.

12-nji awgustda Hyraty ele geçireli bäri ýokary derejeli aýallary gözlemek, aýal-gyzlaryň öz öýleriniň çäginden daşarda hereket etmek hukuklaryny ret etmek, hökmany eşik düzgünlerini girizmek, işe we okuwa bolan elýeterliligi gazaply çäklendirmek, parahatçylykly ýygnanyşmagy çäklendirmek bilen, berk talaply yslamçy toparyň agzalary aýal-gyzlaryň arasynda gorky döretdi” diýip, adam hukuklaryny goraýan Human Rights Watch (HRW) guramasynyň we San Jose döwlet uniwersitetiniň (SJSU) Adam hukuklary institutynyň çap eden beýanatynda aýdylýar.

Bu iki gurama Hyratdaky ýedi aýal, şol sanda aktiwistler, mugallymlar we uniwersitet talyplary bilen “Talybanyň” şäheri ele geçireli bäri başdan geçirenleri barada söhbetdeşlik geçirendiklerini aýdýarlar. Aýal-gyzlar öz howpsuzlygyny alada edip, atlarynyň aýdylmazlygy şerti bilen gürleşipdirler.

Aýal-gyzlar HRW we SJSU Adam hukuklary Institutyna “Talyban” Hyraty ele geçiren gününden başlap, dört diwaryň içine gabalandyklaryny görüp, durmuşlarynyň "agdar-düňder bolandygyny" aýtdylar. Olar indi ýanlarynda "erkek maşgala agzasy bolmazdan ýa-da geýim çäklendirmeleri sebäpli öýlerinden çykmakdan gorkýarlar", bilime we işe girmek mümkinçilikleri düýpli üýtgedi ýa-da ýok boldy.

Şeýle-de olar işlemek mümkinçiliklerini ýitirip, girdejiden kesilip, ykdysady kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolandyklaryny, bu ýagdaýyň döreden ruhy ejirlerini çekmeli bolýandyklaryny gürrüň berdiler.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG