Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Talybanyň" goranmak ministri, Amnistiýa garamazdan, öç almalary tassyk etdi


“Talyban” ýolbaşçylygyndaky hökümetiň iş başyndaky goranmak ministri Molla Mohammad Ýakub
“Talyban” ýolbaşçylygyndaky hökümetiň iş başyndaky goranmak ministri Molla Mohammad Ýakub

Owganystanyň “Talyban” ýolbaşçylygyndaky hökümetiň goranmak ministri Molla Mohammad Ýakub, görnüşinden, öz eden sesli beýanatynda toparyň garşydaşlary üçin eden amnistiýasyna garamazdan, talyp söweşijileriniň adamlary ar almak üçin öldürendigini boýun aldy.

"Ýakynda ýurduň käbir künjeklerinde käbir adamlar [biziň söweşijilerimiz] tarapyndan bilkastdan öldürildi" diýip, Ýakubyň talyban kursantlaryna we serkerdelerine ýüzlenip eden gürrüňinde aýdylýar.

Şeýle wakalaryň şahsy duşmançylyk we ar almak islegi sebäpli ýüze çykandygyny boýun alýan ses soňra saklanmagy, sabyr-kanagatly bolmagy we talyban söweşijileriniň adalaty amala aşyrmagy öz ellerine almazlygyny maslahat berýär.

"Umumy amnistiýa yglan edenimizden soň, söweşijilerimiziň hiç biriniň bu amnistiýany bozmaga ýa-da şahsy haklaşyk, ar almak arkaly, oňa şek ýetirmäge hukugy ýok. Eger kimdir biriniň başga birlerine şahsy kinesi bar bolsa, kazyýete baryp, öz meselesini şol ýerde çözüp biler. Kimdir birini öldürmek ýa-da haýbat atmak Yslam Emirliginiň syýasaty däl we Yslam Şerigatynyň kanunlaryna ters gelýär” diýip, ýazgy edilen ses aýdýar.

Möhümligini nygtap, Karimi tarapyndan gaýtadan twit edilen habar “Talybanyň” birnäçe jemgyýetçilik resmisi, şol sanda režimiň metbugat sekretary we maglumat ministriniň orunbasary Zabihullah Mujahid tarapyndan paýlaşyldy.

XS
SM
MD
LG