Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Baýden Hytaýy nazarlap, dörtlügiň ilkinji duşuşygyny geçirýär


Prezident Jo Baýden

Prezident Jo Baýden, Hytaý babatyndaky umumy aladalaryň arasynda, dörtlük diýip bilinýän täze ýaranlygy pugtalandyrmak üçin, Awstraliýanyň, Hindistanyň we Ýaponiýanyň liderlerini Ak tamda kabul etdi.

Dünýäniň esasy dört demokratiýasynyň 24-nji sentýabrda geçirilen sammitinde erkin, durnukly we açyk Hindi-Ýuwaş umman sebitiniň zerurdygy nygtaldy. Dört lideriň köpçüligiň öňünde eden çykyşynda Hytaý agzalmasa-da, Waşingtonyň Hindi-Ýuwaş umman sebitine berýän strategiki ünsüne gaýtadan seretmegi bilen, Pekiniň gün tertibindäki esasy mesele bolmagyna garaşylýar.

Baýden dörtlüge ýüzlenip, olaryň global synaglaryň öň hatarynda durandygyny aýtdy. "Biz uzak wagt bäri hyzmatdaşlyk edýän esasy dört demokratik ýurt. Biz nädip netije gazanmalydygyny bilýäris we synaglara döz gelmäge taýýar" diýip, ol aýtdy.

Awstraliýanyň premýer-ministri Skott Morrison hem bu sözleri goldady. "Biz, liberal demokratiýalar, azatlygy ileri tutýan dünýä düzgün-tertibine ynanýarys, şeýle-de biz azat we açyk Hindi-Ýuwaş ummanyna ynanýarys, sebäbi munuň güýçli, durnukly we gülläp ösýän sebiti üpjün edýändigini bilýäris" diýip, Morrison aýtdy.

“Azat we açyk Hindi-Ýuwaş ummany” sözleri Hytaýyň sebitdäki ykdysady we harby täsiriniň artmagy bilen baglanyşykly aladalary yşarat edýär. Gepleşiklerden soň edilen bilelikdäki beýannamada dört lider "mejbur edilmekden çekinmeýän" azat we açyk Hindi-Ýuwaş umman sebitini döretmegi wada berdi. .

Sammitde COVID-19 sanjymlary, infrastruktura, howanyň üýtgemegi we tehnologiki hyzmatdaşlyk babatynda hem ilerlemelere garaşylýar. Hindistanyň premýer-ministri Narendra Modi dört taraplaýyn sammitiň öňüsyrasynda Baýden bilen ilkinji şahsy duşuşygyny geçirdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG