Türkmen döwlet TW-si 24-nji sentýabrda Türkmenistanyň Halk maslahatynyň mejlisine gatnaşjak wekilleriň Aşgabada gelendigini habar berdi.
Türkmenistanyň Halk maslahaty, döwlet mediasynyň nygtamgyna görä, ýurduň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda “iňňän möhüm orny eýeleýär” we jemgyýetiň dürli gatlaklarynyň wekilleriniň “öz pikirlerini aýtmagyna”, döwletde “demokratiýanyň dabaralanmagyna ýol açýar”.
Emma synçylar we hökümet tankytçylary Halk maslahatynyň Türkmenistanda awtoritar dolandyryşy pugtalandyrmak we hakyky demokratik özgertmeleriň öňüni almak üçin ulanylandygyny öňe sürýärler.
Ýurt garaşsyzlygynyň başky ýyllarynda prezident Saparmyrat Nyýazowyň şahsyýet kultunyň güýçlendirilmeginde ulanylan Halk maslahaty ilki Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan ýatyryldy we soň, ýurtdaky ykdysady kynçylyklaryň güýçlenmegi bilen, gaýtadan dikeldildi.
Şondan soň bu maslahat 2018-nji ýylda Garaşsyzlyk gününi üýtgedip, 27-nji oktýabrdan 27-nji sentýabra geçirmek baradaky teklibi tassyklady; Türkmenistanyň raýatlarynyň garaşsyzlygyň başky ýyllaryndan bäri alýan durmuş ýeňilliklerini, mugt berilýän tebigy gaz, elektrik we suw paýlaryny ýatyrmak baradaky karara biragyzdan ses berdi.
AÝ/AR-nyň Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça analitigi Brýus Panniýeriň ýazmagyna görä, bu ýylky Garaşsyzlyk gününde hem türkmen syýasy teatrynyň ähli oýunlarynyň goýulmagyna garaşylýar.