Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gündogar Owganystandaky partlama talyplaryň ulagyny nyşana aldy


Talyp söweşijisi ýaragyny ýanynda goýup, namaz okaýar.

Owganystanyň gündogaryndaky Nangarhar welaýatynda 25-nji sentýabrda “Talybanyň” ulag kerwenini nyşana alan partlamada azyndan bir adam ölüp, ýedi adam ýaralandy diýip, ýerli resmiler aýdýar.

Partlama Nangarhar welaýatynyň paýtagty Jelalabatda boldy diýip, talyplaryň sebit sözçüsi dpa habar agentligine aýtdy.

Nangarhar sebit hassahanasyndaky çeşme ölen talyp söweşijisiniň we ýedi ýaralynyň, şol sanda dört parahat ýaşaýjynyň keselhana ýerleşdirilendigini aýtdy.

Ýerli metbugat şaýatlaryň sözlerine salgylanyp, ýol ýakasynda goýlan bombanyň “Talyban” söweşijileri ulagly geçip barýan wagtynda ýarylandygyny habar berdi.

Partlamanyň jogapkärçiligini häzirlikçe hiç kim öz üstüne almady, emma adatça "Yslam döwleti" ekstremist toparynyň ýerli bölümi, "Yslam döwleti-Horasan" Jelalabatda ozal şuňa meňzeş hüjümleriň jogapkärçiligini öz üstüne alýardy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG